Migrant
Soňky wagtlar dürli saýtlarda, sosial ulgamlarda topar-topar çet illerde işläp ýören käbir ýurtdaşlarymyzyň her hilek jenaýat işlerine goşulyşy ýa-da olaryň başyna düşen gaýgy-gamlar hakyndaky makalalary, habarlary okaýarys. Kämahaly hemmäniň dykgatyny özüne çekýän ýakymsyz hadysa ýüze çyksa, bu işiň merkezinde ýurtdaşymyz bolmasada, milletdeşimiziň duranyna urgy berilse, köňlüňe ýakymsyzlyk aralaşýar.
Umuman, häzirki wagtda daşary döwlete ymtylýanlaryň köpçüligi kimler?!
Hyýalyňa gelýän birinji jogap şu: Öz mümkinçiliklerini daşary ýurtda synap, köp pul gazanmagy ýüregine düwen we bu arkaly arzuwlaryny amala aşyrmak isleýän adam!.
Elbetde, munuň ýalňyş ýeri ýok. Sebäbi häzirki globallaşan dünýäde zähmet bazarynyň çäkleri deňeşdirilse, hemme ýerde meňzeş däl: Käbir ýurtlarda iş ýerleri köp, emma ilat sanynyň kemelmegi we beýleki faktorlar sebäpli işçi güýji ýetmezçilik edýär. Şeýle wagtda beýleki ýurtlardan çekilen işçiler bar bolan zerurlygy kanagatlandyrýarlar. Dünýäniň islendik yklymynda muňa şaýat bolup bileris.
Diňe, bu ýerine ýetiriliş iş ýüzünde – aňly, tertipli, medeni we kanuny taýdan amala aşyrylan halatynda – taşlap gaçmana we garşy çykmaga sebäp tapylmaz. (Gynansakda hemme ýerde beýle däl.)
Şonuň üçin hiç hili meýilnamasyz we kepilliksiz bikanun işlemek üçin daşary ýurda giden adamy ruhy-ahlak, hukuk we jemgyýetçilik meseleleri gurşap alýar.
Daşary ýurtlara gidýänleriň uçar biletleriniň gapdalyna "Gulçulyga razy bolmaň" diýen ýaly duýduryşly kagyzlar berkidilse, meselem, barylýan ýurtdaky ilçihanalarymyzyň ýa-da wekilhanalarymyzyň salgysy bilen bir hatarda olaryň bitirýän hyzmatlaryny, kömeklerini beýan edýän habar býulletenleri ýaly dürli peýdaly gollanmalar berilse maksada laýyk boljak.
Biziň pikirimizçe, daşary ýurda işlemek üçin barýan adam başgalaryň däl-de, ilki bilen, öz wyždanynyň soraglaryna taýýar bolmaly. Akyl we ýüregiň birleşmeginde bolup geçjek bu sowalnama, şu aşakdaky ýaly düzülişi mümkin:
1. Başarnygymy we mümkinçiligimi ilki bilen öz ýurdymda synap görmeli dälmi? Şu wagta çenli şu ugurda haýsy tagallalary etdim?
2. Meniň gidýän ýerimde işçi güýjüne zerurlyk barmy? Umuman, haýsy kesp-hünär elimden gelýär?
3. Meniň barjak döwletimiň zähmet we ýaşaýyş-durmuş kanunlaryny bilýärinmi? Eger olary berjaý etmesem, maňa nähili jeza garaşýar?
4. Daşary ýurtda meniň hak-hukuklarymy kim kepillendirýär we nädip?
5. Öz ýurdumda bir ýyl işlesem näçeräk pul gazanyp bilerin we daşary ýurtda işlesem näçe pul gazanyp bilerin - tapawudy barmy, eger bar bolsa, bu tapawut maşgala agzalarymyň, çagalarymyň, ýurdymdan alysda çekilen jepalaryň we ýakynlaryma berilmedik söýgüniň, mähriň öwezini dolup bilermi?
6. Meniň ýok mahalym, maşgala agzalarym – ene-atam, ýanýoldaşym we çagalarym hakda kim alada eder? Kim olara sereder we ideg eder?
7. Ene-atalar, är-aýallar, ogullar we gyzlar... maşgala zynjyrynyň biri-birine bagly halkalarydyr. Olaryň biri üzülse, hemmesine birmeňzeş täsir edýär. Diýmek, men gitsem, alysda bolup hem maşgaladaky ornumy saklap bilerinmi?
8. Men daşary ýurda baryp, keseki daşky täsirlere duçar bolsam, şahsyýetimi, milli keşbimi (türkmençiligimi) ýitirmerinmi?
9. Daşary ýurtda näçe ýyl işlärin we haçan ýurda dolanaryn? Mende anyk meýilnama barmy?
10. Watanyma gaýdyp gelenimden soň, bu ýerde ýaşalmadyk ýyllaryň boşlugyny, ýitirilen mümkinçilikleriň öwezini maddy we ruhy-ahlak taýdan dolup bilerinmi?

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.