Haýsy ýurtda näçe sanjym edildi?

Dünýä ýurtlarynda “Covid-19”-a garşy sanjym edilmegi güýçli depginde dowam edýär. Häzirki wagtda ilat sanyna görä sanjym etmekde Ýewropa Ýurtlary we ABŞ öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle-de bolsa, Birleşen Arap Emirliklerinde, Ysraýylda we az ilatly ýurtlaryň käbirinde halkyň ählisine diýen ýaly sanjym edildi. Gibraltar, Seýşeller, Butan we Folklend adalary ýaly döwletlerde we administrasiýalarda sanjym almaga degişli ilatyň hemmesi ýa-da köp bölegine sanjym edildi. Hytaý we Hindistan bolsa, sanjymyň sany babatda degişlilikde öňdäki orunlary eýeleýär.

ABŞ-da ilatyň 54 göteriminden gowragyna sanjym edilipdir. Häzirki wagtda ikinji dozany hem hasaba alanyňda dünýä boýunça 5,6 milliarda golaý sanjym edildi. Köp ýurt üçünji doza sanjyma hem taýýarlyk görýär. Eýýäm üçünji doza sanjymyň elýeterli edilen ýurtlar hem bar. Käbir ýurtlar 12 ýaşdan uly ilatyna sanjymy elýeterli eden bolsa, Kuba 2 ýaşdan uly çagalara sanjym edilip başlanandygyny mälim etdi. Ispaniýa, Kanada, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Wengriýa Polşa we Urugwaý ýaly has köp ilatly ýurtlarda halkyň 70 göterimden gowragyna azyndan bir doza sanjym edilipdir.

Sanjym baradaky statistiki maglumatlary yzygiderli berýän “Our World In Data” saýtynyň maglumatyna görä, dünýä ilatynyň üçden bir bölegi azyndan bir doza koronawirusa garşy sanjym alypdyr.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda sanjymlaryň ilkinji tapgyry geçen ýylyň 26-njy dekabryndan başlap ilat sanyna görä paýlanyp başlandy.

Häzirki wagtda Hytaý, Germaniýa, Russiýa, ABŞ-da we Angliýada öndürilýän sanjymlar bütin dünýä ýaýradylýar. Käbir sanjymlar bolsa birden köp ýurtda öndürilýär.
1 лайков 103 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
10 сен 2021, 20:37
Sag bol yetirenin un:)
okuwçy04
10 сен 2021, 22:17
Miss_minnosh,
Barmyň how