*****

UFC prezidenti Dana Uayt Amerikaň Birleşen Ştatlarynda rossiýaly bloger Hasbulla Mogamedow (Hasbik) bilen duşuşdy. Bu hakda “Sports.ru” saýty habar berdi.

Dana Uayt Hasbull'a Las Wegasdan öý, 35 sany güjük we 20 den köpräk aýakgap sowgat etdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Hasbik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz işini kämilleşdirmek üçin UFC bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekdi.

Hasbulla Mogamedow özüniň antropometrik kemçilikleri sebäpli dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazandy. Onyň boýy 93 santimetr, agramy bolsa 18 kilograma deň.


P.S. Hasbulla Mogamedow 2002-nji ýylyň 7-nji iýulynda doglan. Ol şu wagt 20 ýaşynda.
3 лайков 166 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
11 мар 2023, 18:24
Ey bul oglan kici diysene mena 5, 6 yashly oglanjykdulyr diyipbördim ?
RelaX
11 мар 2023, 19:21
Gowy aýdym aýtýa
Retro
Retro
11 мар 2023, 22:42
Ine saňa adalat :)