???
Daşarda owadan ses edip ýagyş ýagyp dur. Men bolsa penjirämde ýüzümi gurşap alan ýylgyryş we kalbymy gaplap alan çylşyrymly duýgular, soraglar bilen irili-maýdaly ýagyş damjalaryny synlap otyryn. Iri damjalar "-", maýda damajalar "+"zarýatlanan, edil "+" zarýatlaryň zarýatly bölejikleri öňüne salyp äkidişi ýaly durmuşumyz hem maýda zatlardan irä tarap hereket edýär. Ilki kiçi görüp üns bermedik ýalňyşlyklarymyz bizi has ulylaryna tarap ädim ätdirýär. Daşara çykyp ellerimi giňden açyp dury we güýçli heň bilen "Ýag ýagyş bütin äleme ses edip,
Ýag ýagyş daş-kesekleri eredip."
diýip aýdym aýdyp, tans edesim gelýär. Ýöne gorkýan edil arassa suwa duz aralaşdyranymyzda üstünden elektrik togyny geçirişi ýaly, arassa ýagyş damjalary tenime aralaşyp bütin bedenimde çylymşyrymly funksiýanyň bolup geçmeginden, laýa taýpyp ýykylyp üstümi hapalamdan we il-güniň gepinden gorkýan. Şol penjirämden daşyndan seredende sessiz, emma içimi gemirip barýan gopgunly duýgularym bilen synlaýan. Ylgap çykarynam gerek bolsa, ýöne ýykylsam näderin? Elbetde, bir ýerlerimi agyrdaryn ýa-da üstümi hapalaryn. Janymy biraz agyrdanda, hapalanda näme? Gaýtam indiki gezeklerde näçe typak ýer bolsada özüme ynamly, batly gadam goýmany, laýsyz ýerden ýöräp ûstüme hapa aralaşdyrmazlygy ha öwrenerdim. Ýok, ýok men muny edip biljek däl meniň bar edip biljegim daşyndan sessiz synlamak. Bilmezlik däl bilmäne synanyşmazlyk bar bilýanim. Soňundan bolsa hemmesini üçin sebäpkär edip ýagyşy aýyplamak edip bilýän zadym.
Edil ultramelewşe şöhläniň täsirinde elektroddan elektronlaryň bölünip çykyşy ýaly ýagyş damjalaryna çalymdaş göz ýaş damjalary bilen ýüregimizdäki gam gussalar hem biraz egsilýär. Ýagny yagyş damjalary agaçlardaky şirejeleri ýuwsa, göz yaşlar biziň kalbymyzy poslardan ýuwýar. Gör näçe ynsan şu ýagyş damjalaryna goşup begenç ýaşlary (kimsi eje-kaka bolup, kimsi watanyna dolanyp, kimsi ýiten garyndaşlaryny tapyp,kimsi maşgala gurup, kimse täze işe başlandygy ýa-da synagdan üstünlikli geçendigi hakyndaky habary alyp,
kimsi ulag, öý edinip), emma gör näçesi gynanç ýaşlaryny dökýändir( yakynlaryndan aýrylyp, öýünden aýrylyp, işinden aýrylyp, synagdan ýykylyp, agyr derde sataşyp). Ýõne göz ýaş edip otyrmagam Enşteýn kakaň teoriýasynda hereket edip aralygy gysgaldyp, wagty haýalladyp boluşy ýaly kynçylyklaryňy ýeňilleşdirenokda, diňeje biraz rahatlyk berýär.
Men ynsanlary anizotrop häsiýetli jisimlere meňzeýärin. özümizi alyp barşymyz içimizdäki, kalbymyzdaky duýgularyň ugurlaryna bagly, gamly wagtymyz başgaça, şatlykly wagtymyz başgaça. Garaz haýsy tarapdan mylaýym şemal öwüsse ýûzümizi şol tarapa öwürýäris duruberýäris. Ýa-da yagyşa ezilmejek bolup,has möhüm duşuşuklardan el çekişimiz ýaly.
Köçedäki adamlaryň käsi çalt-çalt ýöräp, käsi ylgap õzlerini ýagyşa ezmejek bolýarlar, ýöne beter ezilýänlerinden habarlary barmyka? Ýokdyur,bolanda beýdip ylgamazdylar. Nämeler diýýäňä Rigeljan şumat köçä çyksaň sen şu zatlardan habarly bolsaň hem iki aýagyňy eliňe alyp ylgajaklaryň biri sendigiňi men gowy bilýärin. Ine biz nirede ýalňyşýas, bilýän zatlarymyzy amal etmän,hemde howlugyp üstünlige sähel galanda serepsyzlygymyz sebäpli üstünligiň bari ýanyndan gaýdyp,edil laýda çalt ýörejek bolup ýykylyşymyz ýaly, hem-de gorkaklygymyz sebäpli...
Belki, durmuşyň laýly köçelerinden rahat ,asuda,seresaply ýöränimizde beýdip ýykylmazdyk, gorkaklygymyzy ýeňenimizde penjiräniň aňyrsyndaky filmi tomaşa edip otyrman,filmiň baş gahrymany özümiz bolardyk.............
Ýagyş damjalar ýüzümi bütin tenimi ýuwsa, gözýaşlar kalbymy ýuwsa menden arassa adam tapylmasa gerek...............
Rigel

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.