Dünýäniñ in gysyk adamy barada

Ginnesiň rekordlar kitaby boýunça “Dünýäniň iň gysganç adamsy” diýilip Getti Grin ýazylan.
1916 – njy ýylda dünýäniň iň baý we gysganç aýaly hökminde tanalan Getti Grin 1835 - nji ýylda Massaçusets ştatynyň, Nýu – Bedford şäherinde dogulýar. Onyň maşgalasy läheň balyklary awlamak we olary Hytaýa satmak bilen meşgullanypdyr. Iki ýaşyndan Getti atasynyň öýünde terbiýelenip başlanýar. Ol Alty ýaşyndan başlap söwda-satyk we maliýe bilen meşgullanýar. Gettiniň 13 ýaşy dolanda maşgalasynyň buhgalteri bolýar. 15 ýaşynda bolsa Boston şäherinde mekdepde okuwa başlaýar. 1864-nji ýylda Kakasynyň aradan çykmagy bilen Getti 7.5 million ABŞ dollarynyň miras düşeri bolýar bu möçber şu günki ölçeg bilen 107 million bolýar.

33 ýaşynda durmuşa çykýar. Toýdan öň ýoldaşyna aýylynyň baýlygyndan boýun gaçyrýandygy hakyndaky kepil hatyny alýar. Olaryň Ned we Silwiýa atly çagalary dogulýar.
Getti maýa goýum, gozgalýan we gozgalmaýan emläklerleriň satuwy we karzdarlyk işi bilen meşgullanýar. Hatda ýerli häkimýetler hem gytçylyk döwürlerinde bundan karz alýan ýerleri hem bolupdyr. Getti Griniň gysgançlygy barada her - hili wakalar bar . Ol hiç haçan ýyladyjy enjamlary we ýyly suw ulanmandyr. Ol öziniň bir sany gara köýnegini çykarman geýýärdi. Ulag serişdesi hökminde diňe köne awtoulaglary ulanýan ekeni. Iň arzan restoranlarda naharlanyp, 15 sentlik kökelerden iýmitlenipdir. Bir waka görä ol 2 sentlik markany ýarym gije gözländigi barada aýdylýar. Öýiň süpürjisne sabyn tygşytlamak üçin ýuwýan eşikleriniň diňe hapa ýerlerini ýuwmagy tbaşyrýan ekeni. Ol ýerli dükandan özi üçin bahasy arzan bolan döwük kökeleri we Dewi atly gowy görýän güjügi üçin süňk satyn alýan ekeni. Işgärleriniň aýtmagyna görä ol ofisiň peçinde gyzdyrylan süle ýarmasy bilen iýmitlenipdir.

Iň elhenç wakalaryň biri hem, onyň ogly Ned aýagyny döwdirende bolup geçýär. Ol öz oglunyň bejergisi üçin lukmanlara pul tölemejek bolup, garyp – gasarlar üçin niýetlenen mugt klinika ýüz tutypdyr. Netijede keseli ötişip çaganyň aýagyny amputirläp protez geýdirmeli bolupdyrlar.
Getti Grin 1916 – njy ýylda, 81 ýaşynda Nýu - Ýork şäherinde aradan çykýar. Onyň yzynda galdyran mirasy 100-200 million ABŞ dollardan ybarat bolup, şu günki möçberinde 2.1-4.3 milliard ABŞ dollaryna barabar hasaplanýar. Bu möçber ony soňky ýyllaryň iň baý aýallaryň biri edýär.
8 лайков 401 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
13 мар 2023, 20:12
Bitinem iýendir byl aýal
#B.S
13 мар 2023, 20:15
setdars,
???
Dowsypat
13 мар 2023, 20:17
Dewi atly gowy görýän güjügi üçin süňk satyn alýan ekeni.

Maňa görä eli açyk eken.Men süňk satyn almazlyk üçin item saklamok.
Happiness
13 мар 2023, 21:31
Baýlygyny alyp gidaýmeli eken ýany bilen
Soho
13 мар 2023, 22:06
Restoranlarda naharlanamok welin, men mundanam gechiren bolyan ekenim...
Hypatia
13 мар 2023, 22:43
Soho,
Dowsypat., şeýle ummasyz baýlyga eýe bolan adam, öz oglynyň aýagy döwlende garyp-gasarlar üçin niýetlenen klinika ýüz tutýan bolsa, siz ondan ýagşysyňyz.
DonMaxx
14 мар 2023, 00:57
babulya erbet myhamor eken
Гость
14 мар 2023, 14:09
Bitini iýip sirkesini satan- diýilýämi
Гость
14 мар 2023, 14:11
Dowsypat.,
Soho,
))
Venus
14 мар 2023, 15:05
Ol hiç haçan ýyladyjy enjamlary we ýyly suw ulanmandyr.


Gyşda näme etdikä?
kesirkelle
15 мар 2023, 00:20
https://biz.islenen.ru/14941-dunyanin-in-bay-hem-syrnyh-ayaly.html
.
Автор 15 мар 2023, 06:46
kesirkelle,
Men o wagt yok bolamsoñ bilemokdym olar ýaly mowzygyñ bardygyny. Ikinjidenem terjimesi düýpleýin üýtgeşigä.
kesirkelle
15 мар 2023, 08:09
Menzil, bilýan, bir many bolansoñ goýaýdym. Mena islendik yere barsamam ilki konrleri okap çykýan:)