*****
Matematika mugallymy nädip milliarder boldy
80 ýaşlaryndan geçen matematik Jim Simons, häzirki wagtda hedj fond (iňls.Hadge fund) işini iň üstünlikli alyp barýan ýolbaşçylaryň biri hasaplanýar. “Forbes” žurnalynyň sanawyna görä, ABŞ dollarynda 20 milliard ABŞ dollardan geçýän aktiwi bilen ol dünýäniň iň baý 100 adamynyň içine girýär.
Hedj fond (iňls. Hadge fund) – bu maýadarlaryň goýumlaryny dürli maliýe bazarlaryndaky aksiýalara, fýuçerslere, opsionlara we başgada maliýe gurallara maýa goýmak üçin döredilen bir edaradyr (maýa goýum gaznasydyr). Edaranyň (gaznanyň) maksady: maýadan girdeji almak we onuň töwekgelçiligini azaltmak. Edara (gazna): bahalaryň ýokarlanmagyna ýa-da pese düşmegine garamazdan peýda gazanýar.
Orta mekdebini dynandan soň Jim Simons, Massaçusets tehnologiýa institutynda talyp bolýar we matematika boýunça bakalawry alýar, 23 ýaşyna ýetende bolsa Kaliforniýa uniwersitetinden doktorlyk derejelerini alýar. Ol öz karýerasyna, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda matematika boýunça dersleri berip başlaýar.
Simons akademiki gurşawdan kem-kemden daşlaşyp, biznes dünýäsine geçýär. 1978 ýylda ol, “Monemetrics” atly kompaniýany esaslandyrýar, kompaniýa daşary ýurt walýutalarynyň söwdasy üçin niýetlenen matematiki modelleri ulanýar. Soňra kompaniýa mekgejöwen söwdasyndan başlap - çig nebite çenli islendik söwda üçin niýetlenen, statistiki maglumatlaryň üsti bilen dürli matematiki modelleri düzüp we ulanyp başlaýar.
1982-nji ýylda "Monemetrics" kompaniýasy "Renaissance Technologies" atly kompaniýa öwrülýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda, kompaniýanyň dünýä ýüzündäki söwdagärleri öz çaklamalary we söwda amallaryny ýerine ýetirmek üçin "Renaissance Technologies" tarapyndan düzülen awtomatlaşdyrylan matematiki modellerini ulanýarlar. Kompýuter modelleri dünýä biržalarynda bahalaryň üýtgemegini çaklaýarlar. Bu çaklamalaryň netijesinde kompaniýanyň söwdagärleri alyş-satyş geleşiklerini geçirýärler. Häzirki wagtda onuň hususy aktiwiniň möçberi 23 milliard ABŞ dollaryna barabardyr.
Kompaniýada işleýän kadrlaryň köp bölegini maliýe bilimli bolmadyk hünärmenler düzýär. Esasy düzümi matematikler, fizikler, programmistler we maglumatlary gaýtadan işleýän hünärmenlerden ybaratdyr. Jim Simons we aýaly matematika we fundamental ylymlary boýunça gözlegleri goldamak üçin fond döretdiler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.