Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita)

Sümer daş plita ýazgylary (1-njy ýazgy)


TAŇRYLARYŇ ÖZ ARALARYNDAKY SÖWEŞLERI NETIJESINDE NUKLEÝIR WE HIMIKI ÝARAGLARY ULANMAKLARY, HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI

Nibiruda (çaklamalara görä 12-nji planeta) höküm süren Anunyň ilkinji ogly, hormatly Enkiniň sözleri. Içim gysýar, agylarym zar-zar ýanýar; kalbymy ajylyk bilen gaplap alan agylarym bar. Diýara nädip urdy bu zarba; halky erbetlik howasy gurşap aldy, ahyrlaram terk edildi, agyllary boşap galdy. Şäherleri gaty erbet şamar iýdi. Erbet Howa uçran öli bedenler depe üstüne depe. Ekinzarlyklar ýop-ýok boldy. Erbetlik howasynyň düşen ýerindäki ösümlikler gurap galdy. Derýalar gaty erbet bela uçrady; indi içinde hiç zadam ýüzenok, şildireýän dury suwlary zyýana uçrady.
Gara saçly halk bolan Şumer boşap galdy; bütin ýaşaýjylar gitdi; goýun-dowarlar Şumerden aýryldy. poşurdap boşap galan sütün başy sessiz. Ol buýsançly şäherlerde indi diňe şemal uwalýar. Bir salymlyk ys alýaň, olam ölüm. Başy göge beýgelen ybadathana, Tanrylar tarapyndan boşadyldy.
Hökümdarlyk we patyşalyk ýörelgesi deň indi nam-nyşan ýok. Hasa we täç gitdi. Bir döwürler ýap-ýaşyl we ýaşaýyşa höwes döreden iki beýik derýanyň kenarlarynda (ähtimal Ýewfrat we Tigr) ýabany otlar çykdy. Esasy ýollara çykyp gezip ýören ýok, ýyldyzy parlaýan Şumer terk edilen çöle döndi. Diýara, Taňrylaryň we adamlaryň öýlerine gör nähili bela geldi. Ol ülkäniň üstüne adamogluna heniz belli bolmadyk apat indi.
Adamoglunyň öň hiç görmedik, göräýse-de ýok bolup (ölüp) gitjek belasy geldi.
Günbatardan gündogara bütin topraklarda ýumurtga togalaýmaly boldy. Şäherlerdäki Tanrylar edil adamlar ýaly çäresiz galdylar. Uzakdaky bir obada uly tupan, erbet bir nejis howa şemaly peýda boldy. Peýda boldugy saýy apat saldy.
Günbatarda peýda bolan we ölüm çabyrdadan bir şemal ýoluny gündogara öwürdi, ugruny kysmat ölçedi. Tupan ýaly ýuwdujy, suw bilen däl, ýöne şemal bilen çykdy; gelip-gidýän ýaly şemal tolkuny bilen däl-de zäherli howa bilen demleri bogan apy-tupan.
Täleý däl, kysmat tarapyndan peýda boldy. Mejlisdäki beýik Tanrylar Beýik Apada sebäp boldylar. Enlil (Anunyň iki ogly) we Ninharsagyň (Enkiniň ilkinji aýaly, ilkinji ene) çykaran netijeleri şudy. ''Degmäň, beýtmäň'' diýip ýalbaran diňe mendim. Gögüň emrini kabul etmekleri üçin gije-gündiz delil görkezdim, emma bary peýdasyz boldy! Enliliň söweşjeň ogly Ninurta we öz oglum Nergal beýik obadaky ýaraglary ilki zäherläp, soňam ulanmaga başladylar.
Ýagtylygyň soňunda Erbetlik howasynyň öwüsjegini bilmedik diýip soňam ajy ýaşa bogulyp aglasdylar.
Ölüm getiren apy-tupanyň günbatarda dogup ýoluny gündogara öwürjegini kim öňden görüp bilsin diýip Taňrylar iňňilläp aglaşdylar.
Mukaddes şäherlerdäki Taňrylar Erbet howa-şemaly Şumere ugrukdyranlarynda gözlerine ynanmadylar.
Taňrylar yzly-yzyna şäherleri terk edip gaçdylar, ybadathanalaryny erbet howanyň eline berip gaçyp gitdiler. Zäherli bulutlar ýakynlaşanda, şäherim Eriduny halas edip bilemokdym. Halka, açyk sähralyga gaçyň diýip aýtdym; ýan-ýoldaşym (bu ýerde heleýi manysynda) Ninki bilen men şäheri terk etdim. Nippur şäherinde-de Gök-Ýer baglanyşygynyň ýerinde Enlil muny saklap biljek hiç zadam edip bilenokdy. Erbet şemal howasy Nippury basyp aldy. Enlil we aýaly uçýan ulagyna münüp gyssanmaç ol ýerden daşlaşdylar. Urda Şumeriň hökümdarlyk şäherinde Nannar kömek etsin diýip kakasy Enlile ýalbarýardy.
Göge tarap uzanan ýedi sany ybadathananyň ýerinde Nannar kysmatyň düşünjesine gulak asmagy red etdi. Sebäpkär bolan kakam, Ura hökümdarlyk bagş eden beýik Taňry Erbet howa şemalyny yzyna gaýtar diýip ýalbardy Nannar. Kysmatlary emrinde tutan Beýik Taňry Ura we halkyna dözme seni öwmäge dowam etsinler diýip ýalbardy Nannar. Enlil ogly Nannara şeýle diýdi: ''Oglum, asyl seniň ol buýsançly şäheriňe hökümdarlyk bagş edildi.
Soňsuz hökümdarlyk bagş edilmedi! Aýalyň Ningalyň ýolundan tutda gaçyň şäherden! Kysmatlary emr eden özümem bolsam şäheriň Täleýini üýtgedip bilmerin'' diýip jigim Enlil gürledi. Heýhat, heýhat ol täley kysmat däldi. Taňrylaryň we Dünýäli Ýerdäkileriň başyna inen tupandan bäri iň beýik apatdy. Heýhat, bu täleý kysmat däldi ahyryn...

Zecharia Sitçhin

SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY

Terjime eden: Jeksparro
2 лайков 201 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
06 мар 2023, 01:12
Nukleyir dal bratok radioaktiw
#B.S
06 мар 2023, 01:14
Yusup pygamber duyshinde gunin we ayyn hemem 11 sany yyldyzyn bash egenni gorya. Shonam musulman sitchinchiler yagny sitchinin tarapdarlary niburu planetasy bln baglanyshdyreee
Jeksparro
Автор 06 мар 2023, 07:08
Khanture,
Radioaktiw näme türkmençe sözmi?
#B.S
06 мар 2023, 13:15
Jekwarabey,
Ýadro yaragy :) ?
Jeksparro
Автор 06 мар 2023, 13:53
Khanture
Jekwarabey,
Ýadro yaragy :) ?


Bolanda näme? Gyzyklymy maňa, men diňe terjime edýän galan zada goşulamok...
Jeksparro
Автор 06 мар 2023, 13:54
Khanture
Jekwarabey,
Ýadro yaragy :) ?


Bolanda näme? Gyzyklymy maňa, men diňe terjime edýän galan zada goşulamok...??
Jeksparro
Автор 06 мар 2023, 13:55
Khanture,
Ýadro näme bolyar? ?