Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-3 dowamy/
ANU BELLI BIR KARARA GELÝÄR: ELHENÇ ÝARAGLAR ULANMAGA RUGSAT BERILÝÄR
Asman mesgenindäki Anu ýygnakdakylaryň aýdanlaryny üns berip diňleýärdi. Kysmat-kadyry belli edýän Anu Gök asmandan seslendi: Rugsat beriň Elhenç ýaraglar şu saparlyk ulanylsyn, asman gämileriniň gonuş ýeri ýok edilsin, adamlara zyýan gelmesin''. Enlil şeýle diýdi: ''Ninurta ýakyp-gowrujy Nergal bolsa ýok ediji bolsun. Olara Taňrylaryň syryny äşgär etjek, olara zarba urup ýok ediji ýaraglaryň saklanýan ýerini görkezjek''.
Biri meňki, beýlekisi oň iki ogly Enliliň içki otagyna çagyryldy. Nergal ýanymdan geçeninde görmedi. Dat-bidat diýip sessiz haýkyrdym; gardaş gardaşy öldürmeli bolarmyka! Öňki döwürlerde bolup geçenleriň gaýtalanyp gelmegi täleýde barmyka? Enlil olara öňki döwürlere degişli syry äşgär etdi.
Elhenç, tekizläp ýok edýän ýaraglary olara tabşyrdy. Elhenç gaply bir parlaklygy uçurdylar; degen ýerini tozana öwürýän ýaragdy ol. Dünýäde gardaş gardaşa garşy durmaly däl, hiç etraba zyýan gelmeli däl diýip agyzlaryny dolduryp ýalandan ant içipdirler. Ähtnama bozuldy şeýdip.
Keýpi-çagyna batly gadamlary bilen Enliliň otagyndan çykyp giden iki ogul, ýaraglar üçin ýola rowana boldular. Beýleki Taňrylaryň şäherlerine dolanyp bardylar, hiç biriniň öz-özlerine zulum edýändiklerini bilenokdylar.
TAŇRYLARYŇ PLANETASY: NIBIRU
Indi bolsa bu öňki döwürleriň we Sarsdyryjy ýaraglaryň peýda boluşy hakyndaky hekaýadyr. Öňki döwürlerdenem öňki başlangyç; öňki döwürlerden soň gadymy döwürler bardy. Gadymy zamanlarda Taňrylar Ýere geldiler we Ýerdäki adamzady peýda etdiler. Öňki döwürlerde Taňrylaryň hiç biri Ýerde däldiler, Dünýädäkiler (Ýerdäkiler) heniz şinelenmändiler. Öňki döwürlerde Taňrylaryň öýi öz planetalaryndady; ady Nibirudyr. Gaty uly planeta, parlak, reňki gyrmyzy reňke çalymdaş bolan Nibiru, Günüň daşyndan uzak aralykda aýlanýar. Belli bir wagtda Nibiru planeta sowuklyk aralaşýar, beýleki ýarysyna Gün gyzdyrýar. Nibiruny galyň wulkanik partlamalar bilen yzygiderli örtüp duran atmosferasy bar. Bu atmosfera her tarapdan ýaşaýyş durmuş üçin amatly. Şol bolmasa ölüm bolardy. Sowuk wagtlary Nibirunyň içki gyzgynlygy dowamly saklanyp durýar. Gyzgynlyk döwründe bolsa Günüň gowrup gelýän gyzgynlygy dan galkan ýaly goraýar. Ýagyşlary merkezde saklar we ýagdyrýar. Atmosferamyz ýap-ýaşyl derman ösümliklerini ulalyp ýetişdirýär we goraýar. Suwlarynda we topraklarynda her dürli janly ýaşaýyş şinelenýär.
Zekeriya Sitjin
Sümer ýazgylary
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.