Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /dowamy - 2/
RADIOAKTIW WE HIMIKI ÝARAG ASLYNDA MARDUKA GARŞY ULANYLÝAR, MEJLISE ŞOŇA GÖRÄ ÜÝŞÜLDI
Beýik Tupan çäksiz ýalydy, emma öldürip barýan bulut bilen gelen Beýik Apat gutarar ýaly däldi. Munuň sebäbem bozulan bir äht we ýygnakda belli karara gelinen; Zarbalandyryjy ýaraglaryň ulanylmagydy. Kysmat sebäpkär däl-de zäherli ýaraglaryň ulanylmagydy, bilgeşleýin edildi bu zatlar. Şol iki ogluň ýykan-ýumrançylygy, ilkinji oglum Marduka garşy alnyp baryldy; içleri kitüwlidi. Hökümdarlyga geçmek Mardukyň haky däl diýip gygyrdy Enliniň birinji ogly; ýaraglary oňa garşy ulanmak diýdi Ninurta.
Adamlardan goşun düzdi, Wawilony dünýäniň ortasy diýip yglan etdi - diýip gygyrdy Mardugyň dogany Nergal. Beýik Taňrylaryň mejlisinde her hili paýyş sözler agyzdan-agyza geçdi.
Gije-gündiz muňa garşy çykan sesimi kesmedim, imi-salalyk isledim, aljyraýana tarapdar bolmadym. Adamlar ikinji gezek onuň gökdäki mertebesini beýgeltdiler. Şeýtmek nämä gerek diýip ýalbardym. Bütin dolandyrma kontrola alyndymy? Göklerde Mardugyň eýýamy gelmedimi - diýip ýene soradym.
Öz oglum Ningişzidda asmanyň yşaratlaryny başga tüýsli görkezdi. Mardugyň oňa görkezen tersliklerini ýüregine salandygyny bilýärdim. Enliniň Ýerde dogulan ogly Nannaram sylap goýmady. Demirgazyk şäherindäki ybadathanamy Marduk özüne mesgen edindi - diýdi. Enliniň iň körpe ogly Işkur jezalandyrmagy orta atdy; -Topraklarymdaky halky öz ýany bilen äkitmek üçin zorluk-sütem ulandy- diýdi. Nannaryň ogly Utunyň gahary geldi Mardugyň ogly Naba... Asman ulaglarynyň ýerini eýelemäge synanyşdy.
Utunyň ekiz-taýy Inannanyň gahar-gazaby hemmesiniňkiden çäksizdi; söýgülisi Dumuzyny (Temmuz/tr/+Tomus /tm/) öldürendigi üçin integem Mardugyň jezalandyrylmagyny talap edýärdi.
Taňrylaryň we ynsanlaryň enesi Ninharsag ýüz öwürdi: ''Marduk näme üçin bu ýerde däl'' diýdi. Öz oglum Gibil garaňkylykda aýtdy: Marduk hemmeleriň haýyşyna garamazdan gökleriň yşaratlaryna görä hemmelerden üstünligini aýtdy. Diňe elhenç ýaraglar bilen garşysyna çykmaly diýip gygyrdy Enliliň birinji ogly Ninurta. Asman ulaglarynyň ýeriniň goralmagyna Utu meşhuldy. Mardukyň eline geçmeli däl diýdi. Aşakdaky etrabyň hojaýyny Nergal bolsa: ''Rugsat beriň ýok etmek üçin öňki Elhenç ýaraglary ulanalyň.
Haýranlar içinde öz ogluna bakdym. Gardaşyň gardaşa garşy elhenç ýaraglary ulanmazlygyna ýalan ýere ant içdimikä? Razylyk berilmege derek sessizlik gurşap aldy. Dymyşlygy Enlil bozdy: ''Jezalandyrylmaly, Erbetlik edenler ganatsyz guşlara öwrülsin.
Marduk we Nabu bizi mirasymyzy ýok etmek isleýär. Rugsat beriň olara Asman ulaglaryndan mahrum bolsunlar!''
''Ol ýeri ýakyp ýok edeliň'' diýip bogaz ýyrtyp gygyrdy Ninurta. ''Ýakyp gowran men bolaýyn'' diýip hezil eden Nergal ýerinden turup seslendi.
Erbetleriň şäherleri weýran edilmeli. Günäkär şäherleri rugsat beriň men ýok edebini; goý şu günden şeýläk adym ''Ýok Ediji'' bolsun.
Biziň ýaradan Ýerlilerimize (adamlara) zyýan gelmesin''
''Günäkärleriň ýanynda bigünälilerem ýanmalymy'' diýdim. Ýaradylan kömekçim Ninharsag hem meň sözümi gollap: ''Mesele Taňrylar arasynda çözülmeli, adamlara zyýan gelmeli däl.
SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY
Zecharia Sitchin
Taýýarlan we terjime eden: @Jeksparro

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.