Matematika näme üçin gerek?

Raketany kosmosa uçurmak, stadiona asfalt düşemek, mekdepde sapaklaryň rejesini düzmek… bu işleriň hiçisini-de matematikasyz ýerine ýetirip bolmaz. Şonuň ýaly-da matematika diňe bir arifmetiki meseleleri çözmegiň däl-de, bu pikirlenmegiň we beýan etmegiň hem dilidir. Sanlar, formulalar, grafikalar, shemalar, teoremalar bu ylmy bolan gyzyklandyrmany has hem artdyrýar.

Matematikanyň fizika, geografiýa, geologiýa, himiýa ýaly ylymlar bilen hem üzňüliginiň ýokdugy sebäpli oňa dersara ylym hem diýilýär. Sosiologiýa we ekonomika hem onuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýäniň tehnologiýa tarap öňe ilerlemegi netijesinde matematikany söýüjiler üçin täze hünärleriň ençemesi döredi. Muny IT hünärmenleriniň sanawynyň köpelendigi bilen hem delillendirmek mümkin.

Bedeniň sagdynlygy üçin sportuň zerurlygy ýaly, matematika-da beýniniň gimnastikasydyr. Ýagny, jemlemek, umumylaşdyrmak, azaltmak, derňemek, ulgamlaşdyrmak, gipotezalary düzmek, teoriýalary subut etmek — bularyň ählisi pikirlenmäniň çeýeligini gazandyrar. Matematika dünýäniň ähli ilatynyň hem diýen ýaly gürläp bilýän ählumumy halkara dilidir. Bu ylmy ele almak bilen daşyňyza gyzykly söhbetdeşleri jemläp bilersiňiz. Beýik alym Lomonosowyň aýdyşy ýaly, aňy tertibe salmak üçin matematikany öwrenmek zerurdyr. Şonuň ýaly-da matematika astronomiýa ýaly Ýer ýüzünde dörän ilkinji ylymlaryň biri hasaplanýar. Çünki millionlarça ýyllar mundan ozal adamlar ellerindäki barmaklarynyň sanyna görä sanamak endiklerine eýe bolupdyrlar.
2 лайков 108 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.