Matematikany-ylymlaryñ şasy hökmünde ýûze çykaran alymlar
Gadymy Gresiýada adama gerekli bolan ylym-bilime «matema» diýipdirler. Erkin-azat (gul däl) adamlaryň başarmaly matemalary ýedi sany bolup, olar: arifmetika, geometriýa,grammatika, ritorika (suhangöýlük), saz, gimnastika we astronomiýadyr. Soňraky döwürde
häzirki manysyndaky «matematika» adalgasy ýüze çykypdyr. Ol grekçe ylym, sungat (usul) diýmekdir. Öňki «matema» degişli bolan arifmetikadan we geometriýadan başgasy onuň düzüminden çykypdyr. Oňa matematikanyň täze şahalary — sanlar nazaryýeti, kombinatorika, algebra, matematiki analiz we başgalar girizilendir. Şunlukda, matematika
ylym hökmünde Gadymy Gresiýada miladydan öňki birinji müňýyllygyň ortalarynda ýüze çykyp ugrapdyr we XVII asyra çenli başlangyç matematika hökmünde ösdürilipdir.
Umuman, ylym tebigatyň, jemgyýetiň we akyl ýetirmegiň kada-kanunlaryny öwrenýär. Ylym özüniň tassyklamalaryna esaslandyrmalar we subutlar berýär. Matematika hem ylmyň bir pudagy bolmak bilen, ol obýektiw dünýäniň hadysalarynyň mukdar gatnaşyklaryny we giňişlik formalaryny öwrenýär. Munuň üçin ol özüne mahsus bolan düşünjeleri we subut etme usullaryny döretmeli bolýar. Ol düşünjeleriň esasylary «san we «şekildir». Şunlukda, alymlar mukdarlaryň üstünde däl-de, olara degişli sanlaryň üstünde amallar geçirmek bilen täze-täze maglumatlary aldylar. Alymlar zatlaryň hiline däl-de, onuň daşky görnüşine, ýagnyşekile üns berýärler we olary öwrenmek bilen, birnäçe amaly meseleleri çözýärler. Meselem, zatlaryň şekili boýunça onuň göwrümi we üstleri olaryň käbir elementleriniň ölçegleri arkaly tapylýar. Şunlukda, bilermenler özüniň öwrenýän obýektleriniň hiline garamazdan, diňe olaryň mukdar we şekil taraplaryny öwrenýärler.
Adamzat jemgyýetinde sanamak we hasaplamak işleriniň has ösmegi netijesinde, adamlar hasaplaýyş ulgamlaryny we hasaplaýyş tehnikasyny döredipdirler. Ilki-ilkiler barmaklaryndan peýdalanyp hasaplapdyrlar. Soň-soňlar çotlardan (ýapon, hytaý we rus çotlary) peýdalanypdyrlar. Numerasiýa döränden soň, ýazuw üsti bilen hasaplamak ýüze
çykypdyr.
Ilkinji geometrik düşünjeler hem adamlaryň zatlary ýasamak işi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Töwerek, tegelek, üçburçluk, köpburçluk, kesim, nokat ýaly şekiller durmuşda şekil
we nagyş çekmekde köp ulanylypdyr. Kub, prizma, piramida, silindr, konus, sfera, şar ýaly giňişlik şekilleri hem zatlary ýasamak arkaly ýüze çykypdyr. Kem-kemden olar abstrakt geometrik düşünjelere öwrülipdir we olara degişli anyk meseleler çözülipdir.
Matematika ylmynyň beýleki ylymlardan tapawutly aýratynlyklary bar. Olaryň ilkinjisi matematikanyň abstraktlygydyr. «San» we «şekil» abstrakt düşünjelerdir. Ikinjisi bolsa onuň formal logikanyň esasynda gurulmagydyr, kesgitleme berilmeýän düşünjelere logiki kesgitleme bermelidir.
Blez Paskal (1623-1662) — fransuz matematigi, fizigi, edebiýatçysy we filosofy.Blez Paskal matematiki analizi, ähtimallyklar nazaryýetini we proýektiw
geometriýany döredijileriň biri hasaplanylýar. Ol gidrostatikanyň esasy kanynyyň awtorydyr. Blez Paskal 16 ýaşynda proýektiw geometriýadan düýpli işleri ýazýar, 18 ýaşynda ol arifmometri oýlap tapýar.
Blez Paskal 1642-nji ýylda entek 19 ýaşly jahylka onluk sanlary goşup bilýän diş-diş tigirleriň esasynda gurnalan hasap maşynyny döredipdir. Onuň kakasy salgyt ýygnaýjy bolup işlänsoň bu masyn oňa hasap işlerinde örän peýdaly
bolupdyr. Paskal öz hasaplaýjy maşynynyň 50 töweregini gurupdyr. Paskal uçburçlygy- Binomial koeffesientlerden ybarat bolan sanalryň
uçburçly tablisadyr. Paskal üçburçlygy Paskalyň “Arifmetiki üçburçlyk hakynda trakt” dyýen işinde getirilýär. Şu sebäpli Paskal üçburçlygyna kä halatda “arifmetiki üçburçlyk” hem diýilýär. Paskal üçburçlygyna Ştifeliň, Tartalýanyň işlerinde duş gelinýär. Bu üçburçlyga Germaniýada Ştifeliň üçburçlygy, Italiýada Tartalýanyň üçburçlygy diýilýär. Biz hem şu üçburçlyga “ Omar Haýýam
üçburçlygy ”diýsek ýalňyşmasak gerek, sebäbi onuň işlerinde hem bu üçburçlyga duş gelinýär.
Paskal ilkinjileriň biri bolup doly matematiki induksiýanyň ýörelgelerini
işläp taýýarlaýar.Ol ”arifmetiki üçburçlugyň” kömegi bilen binomial koeffisiýentleri düzmegiň ýönekeý usulyny görkezýär.Bu üçburçuk Paskalyň
hatyrasyna “Paskal üçburçlugy” diýlip atlandyrylýar.
Ol ähtimallyklar nazaryýetine , meýdanlary hasaplamaga degişli işleri
ýazýar.
I.Nýuton (1642-1727)— iňlis matematigi, fizigi, mehanigi we astronomy I.Nýutonyň tükeniksiz kiçi ululyklar analizi boýunça alyp baran ylmy işleri
differensial we integral hasaplamalaryň döremegine getirdi.
XVII asyrda differensial hasaplamalaryň esasy düşünjeleriniň biri bolan
önüm düşünjesi fizikanyň, mehanikanyň we matematikanyň meselelerini çözmek
bilen baglanşyklylykda ýüze çykypdyr.
I. Nýuton önüm düşünjesine mehanikanyň meselelerini çözmek bilen
gelipdir. Ol funksiýa flýuenta, önüme bolsa flýuksiýa diýip at beripdir. Alym
funksiýalary latyn elipbiýiniň
u , x , y , z harplary bilen belläp, degişlilikde flýuksiýalaryny- önümlerini
u , x , y, z bilen belläpdir. Önümiň häsiýetlerini, ony hasaplamagyň usullaryny, funksiýalary derňemek üçin önümi ulanmak differensial hasaplamalaryň esasy meseleleridir.
1665-1666-nji ýyllarda I. Nýutonyň işlerinde differensiýal we integral hasaplamalaryň başlangyçlary duş gelýär. I. Nýuton öz ylmy işlerinde hereket edýän nokatlaryň koordinatalarynyň wagta baglydygyny derňäpdir.I. Nýuton bütindünýä dartylma kanunyny we mehanikanyň kanunlaryny açypdyr.
I. Nýutonyň bütindünýä dartylma kanuny
Ol matematika derejeli hatarlary girizipdir.Ol ady differensial deňlemeleri
çözmegiň başlangyjyny başlaýar, wariasion hasaplamalaryň käbir meselelerini çözýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniñ mugallymy Mekan Artykow

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.