??☀️⚡

Geliň indi garyşyk, bulaşyk duýgular bilen hoşlaşalyň. Şu wagta deň özüňizi tutuşyňyz sizi hide haýrana goýýarmy, menä haýrana goýýar. Biz näme üçin hemişe ideal adamyň, ideal gurşawyň gözleginde gezýäris. Bu zatlar adyndanam belli bolyşy ýaly ideýada ýagny hyýaldaky zatlara. Edil ideal gazyň tebigatda dogry gelmeýşi ýaly. Emma alymlar gaz parametrlaryny idealyň gazyň üsti bilen düşündiripdirler. Ýeri olar ideal gazy nädip alandyr diýýärsiňiz, elbetde, real gaz molekulalaryny has seýrakledirip, õzlerini erkin alyp barmagu üçin özara täsirlerini azaladyp. Geliň bizem durmuşymyzdaky artykmaç, gadyrymyzy duýmadyk adamlary azaldyp, kalbymyzdan, aňymyzdan çykaryp ideal gurşaw alalyň, aňymyzdaky artykmaç pikirlerimizi,  laç duýgularymyzy azaldyp özümizden ideal adam ýasalyň. Geliň gijelerimizi ýagtyltmagy üçin Aýyň ûstüne öz şöhlesini düşürip Aýy ýagtyltýan Güne çalymdaş kakamyzyň, ejemiziň, doganymyzyň, ýan ýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň garaňky kalbymyzy ýagtlykmagy üçin düşüren şöhlelerini bütün durmyşymyzy diņe özümiziň däl  ähli ýakynlarymyzyň durmuşyny ýagtyltmak üçin yzyna serpikdireliň. Radioişjeňligi öwrenmek üçin gije gündiz maksadyndan dänmedik hatda gamma şöhleler bilen zäherlenmekden gorkysyny duymadyk Mariya Kýuri öz watanynyň adyny gõterýänn poloniý elementini açmak bilen  watanynyň abraýyny belende goterişi ýaly bizem  kiçijik duýgulara, õz durmuşynda bize oryn bermedik ynsanlaryň adamlaryň gep gürrüňinden gorkyp durmuşyn lezzetini duýmakdan el çekmäliň,  gadyrdanlarymyzyň bize bolan ynamyny ödäliň, bize bolan buýsanjyny artdyralyň. Geliň indi kilogramyň köne nusgasy bolan diametri we beýikligi 39mlm bolan platiny we iridiniňgaryndysyndan ýasalan slindiry,kremniy monikristalyndan yasalan şar bilen çalşyryşlary ýaly özümiziň gam-gussaly duygularymyzy ruhlandyryjy duýgular bilen çalyşalyň.  Ýeri biznäme üçin älemimizi ýagtyltýan ýyldyzlarda bolup geçýän termoýadro reaksiýasynda ýagny wodorod atamynyň geliýä öwrülişi ýaly biziň gelejgimiz üçin şar gara saçlaryny kümüş çal reňke öwüren energiýa çeşmämiz bolan ejelerimiziň, kakalarymyzyň dünýäsini yatyltmaly däl?  Edil ýyldyzlarda energiýa saçmagy üçin kömek edýän ýokary temperatura yaly biziňem durmuşy yagtyltmagymyz üçin öz ýyly mährini aýamaýan gadyrdanlarymyz barka biz näme üçin daşky sreda ýatgylygymyzy saçmaly däl? Ýeri hyýal otygymyzda ýerine ýalňyş guran sowadyjymyzy hem-de ýyladyjymyzy öz ýerine geçirmegiň wagty bolmadymyka? Ýagny diýjek bolýanym ýyly akym ýeňil bolýar şol sebäpli ýokary galyp howa aýlanşygyny üpjin edýär, sowuk akym agyr şol sebäpli sowuk howa akymy aşak hereket edýär. Ýeri biziň hyýalymyzdaky ýyly sowuk akymalryň şu wagta deň hereketsiz durany bize ýetik bolmadymyka? Geliň ýyly mährini aýaýam gadyrdanlarymyzy ozümize golaý ýerde sowuk mähirli gadyrdanlarymyzy daşyrakda ýerleşdireliň. Sowuk mähirliler hem ýyly mähir çenden geçende ulanmak üçin, yssy howada sowadyja zerurlyk duýuşymyz ýaly olara hem zerurlyk duýmagymyz mümkin şol sebäpli olary hem aralyk ýadaýda sakalalyň.  Bilişimiz ýaly 1 kg uran ýadrosyndaky energiýalar boşap çyksa , 2500 tonna kömür ýanandaky energiýany berip bilýär. Emma muny adamzat üçin bähbitli ulanmak õrän kyn ,  gözegçiligi elden bermesek elbetde kyn bolmaz. Uranda bar energiýa bizde ýokdur diýýärsiňizmi, elbetde bizde-de bar gerek bolsa mundan artygy hem bar. Emma ony gerekli ýerinde ulanmakda gep bar. Geliň energiýamyzy biderek zatlara sarplamalyň geljegimize nesillerimize sarplalyň! Biz ynsanlar nähili bilýärsiňizmi öňümizden kynçylyk çyksa " Waý kynçylyklar gemirip barýar içimi "diýen hyýallar bilen özümizi gemirýäris. Aslynda ýokarky uran ýadrosyndan şonça energiýany almak üçin çalt herekt edýän neýtronlary haýallatmak üçin öňünde böwet goýýarlar we uly energiýa alýarlar. Bu ýerde böwet hereki haýýallatmaga kömek edýän bolsa, durmuşdaky kynçylyklar bize ýeňişiň lezzetini duýmana kömel edmeýärmikä. Elbetde ýeňlişiň ýeňmegiň lezzetini duýmaga kömek edişi ýaly.

       Hany onda gam gussany taşlalyň, özümizi dürsäliň we ýagty gelejege sary batly we ynamly gadamlar bilen ýöräp başlalyň




                                                                      Rigel
6 лайков 106 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
14 мар 2023, 14:43
Bolýa ?