Bir wagtky bellik eden goşgujyklarym

Men özümi gördüm dowzah içinde,
Ýanyp barýan, ýok ýanamok ereýän.
Köpelýär günälem,
dag ýaly ýene- Gün, Älem bolup döreýär.

***
-Ezizim,
-ynha men,
-Aýdypber iñ eý görýän goşgyñy?
- Sen...

***

Bir ýaşuly diýdi:
- Howa bir täsin.
Bir görseñ şemally, birde-de ýagyş,
Käte Gün çykýar,
Käte tüweleý,
Bir görseñ Älemgoşar çekip dur nagyş.
-Inim seniñ goşgularyñam okadym,
Göýä howa ýaly üýtgäp dur olar.
Bir setir Asmanda, birisi ýerde,
Diñe ýerde ýazsañam bolar...

Remezan Mämetgurbanow
6 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.