......

Mylaýymlyk şatlyk we söýgini yzyna tirkäp gelýär. Abraý-mertebe mylaýymlyk bilen gazanylýar.

Üstünlikleriň möhüm syry özüňe ynanmakdyr.

Ikiýüzli adam, illeriň howlusyna zyňylan agaç gyryndysy ýalydyr. Ondan ne gapy, ne galam, ne terezi ýasap bolýar.
Beýik minara hem basgançak bile çykylýar.

Dogumlylyk – bu gaharyň gelende sypaýy, başardygyňça hem geçirimli bolmaklykdyr.

Birinji iligi ters ildiren hiç iligini hem dogry ildirmez.

Agzyňa gelenini aýdyberme, aklyňa gelenini aýt.

Bagty gözleýän adam öýüni gözleýän serhoşa meňzeýär. Ol öýüni tananok, ýöne öýi bar.

Kütek zehini çarha tutanyň peýdasy ýok.

Asmanyň reňkiniň ähli ýerde hem birmeňzeşdigini anyklamak üçin dünýäni aýlanmak hökman däl.

Men ýaşamak üçin okamok, okamak üçin ýaşaýaryn.

Aglasada diňe çaga aglasyn. Ukudan turanyn bildirmek üçin.

Öz çagalaryňa dymmagy öwret, gürlemegi olaryň özleri öwrener.

Telpek näçe könede bolsa başda, köwüş näçe täze bolsada, aýakda bolmalydyr.

Döredijilikde bir adamdan ogurlamak ogurlyk, köp adamdan ogurlamak ylmy gözleg.
2 лайков 60 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.