*****

Doktor Muhammet Honiý şeýle diýýär:
«Men ulagda otyrkam 16 ýaşly ýigit ýanyma gelip "öň aýnaňyzy ýywmalymy" diýip sorady. "Hawa" diýdim. Edil göwnümdäki ýaly edip arassalany üçin men oňa 20 dollar berdim.
Ýigit puly görüp maňa ýene sorag berdi:
"Siz Amerikadan gelýäňizmi?" "Hawa" diýip yşarat etdim.
Ol: "şu beren dollaryňyzyň ýerine olaryň uniwersitetleri hakynda aýdyp berip bilmezmisiniz?” – diýdi.
Ol örän edepli we salyhatly gepleýärdi weli, men ony biygtyýar ulaga münmegni haýyş etdim.
Men onuň ýaşy bilen gyzyklandym. Ol 16 ýaşdadygyny we 11-nji synpy gutarandygyny aýtdy. Men muňa haýran galdym, çünki adatça 11-nji synpy 18 ýaşda gutarýardylar.
Ýigit ýokary bahalara okanlygy üçin mekdebi hem iki ýyl öň gutarandygyny aýtdy.
– Onsoň näme üçin bu ýerde işleýäň? – diýip soradym gyzyklanyp.
Onuň aýtmagna görä, atasy iki ýaşynda wepat bolan, enesi onuň-munyň öýünde aşpeş bolup, gyz dogany bilen ýigit bolsa şu ýerde işleýän eken.
"Amerika uniwersitetlerinde ýokary netijelere ýeten talyplara stipendiýa berilýäni çynmy?" - diýip sorady ol.
– Saňa kömek etjek adam barmy?
– Ýok, şu ýerde şu iş bilen meşgullanýaryn , diýip jogap berdi.
– Gel, naharlanaly, diýip naharhana çagyrdym. Ýigit yzky aýnany hem ýuwup soň girjekdigini aýtdy.
Naharhanada ýigit nahary iýmän, ýelim halta salyp ýanyna aldy. Soň bilsem ol nahary enesi we doganyna alyp barjak eken.
Men onuň iňlis dilini aňrybaş bilişini we öz işini päk ýürekden edýändigini aňdym. Men onuň dokumentlerini soradym we oňa uniwersitete girmek üçin elimden gelen kömegi gaýgyrmajakdygma wada berdim.
Ýarym ýyldan soň ony uniwersitete kabul etmeklerni gazandym. Onuň talyp bolanyny telefon arkaly aýdanymda trupkaň o tarapyndan begenç agysy eşidilip durdy.
Iki ýyl geçensoň, "Нью-Йорк таймс” žurnalynda onuň adyny döwrebap tehnologiýalaryň iň ýaş hünärmeni (специалисть) hökmünde yglan etdiler.
Onuň üstünlüklerinden men we maşgalam hem örän minnetdar boldyk. Aýalym onuň enesi we jigisi üçin wiza alan eken. Ýigit Amerikada enesi we jigisini görenden soň ne gürläp bildi ne-de bir aglap.
Bir güni ol we onuň maşgalasy öýümize geldi we men onuň ulagymy ýuwýandygyny tötänden görüp galdym. Men baryp onuň elinden tutyp, näme üçin bu işi edýändigini soradyň. Ol jogap berdi: "Öň kimdigimi we meň üçin eden işleriňizi hiç wagt unutmaryn”.

Farid Abdul Ali atly palestinli bu ýigit Amerikadaky meşhur Garward uniwersitetiniň iň zehinli professorlaryndan birine öwrüldi.
10 лайков 186 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
18 мар 2023, 18:29
"bendam bendame sebap" diyilyani shu bolsa gerek...
Perman Izakow
18 мар 2023, 18:50
Her işde bir haýyr bar.
Retro
Retro
18 мар 2023, 21:11
Her ýerde gowy adamlar bolupdyr
Abdylla36
19 мар 2023, 17:03
Retro
Her ýerde gowy adamlar bolupdyr

Häzirem gowy adamlar bar . Arman ,olaryň eli,aýagy saragly.