Su gun ozim bilen ozum sowussek ...

Hany nirden tapjak öziñe meñzeş,
Derdiñ bolsa alyp ikä bölişjek,
Kalbym şor basypdyr göýäki zeýkeş,
Şu gün özim bilen özim söwişjek.

Ýazanlarmy peje salyp otlajak,
Howuryna howurlanjak meýmiräp,
Şu gün özim, özim bilen söwüşjek,
Sebäbin soramañ ýöne keýpine.

Häzire çen tapylmadyk taýymam,
Tapylmasyn ýene gizlenibersin,
Küpir bolsa öteweri eý Allam,
Goý, täleý ýazgydy tizlenibersin.

Çete çykyp döwjek ýazgyr galamym,
Hiç kim maña bermesinem göwinlik,
Häzire çen ynam eden ynsanlam,
Şaýat boldum barysy iki günlik.

Bermesinem hiç kim maña teselli,
Gussalanjak, gaygylanjak ile nä,
Öñkim ýaly ýene ýaplanyberjek,
Galama däl ýer agdarýan pilime.

Gözýaşymy saklamasyn gabaklam,
Sabyr käsäm dolubersin çalyşman,
Goý özini taryp etsin özgeler,
Men-ä asla beýlelige salyşman.

Köçä çykjak, entäp gezjek külleri,
Zir zibilde çüýşeleri döwüşjek,
Syn etsinler meniñ bolup ýörşime,
Bu ​ gün ýene özim bilen söwüşjek .

Awtory: Baýram Bejidow
2 лайков 121 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
20 мар 2023, 18:21
*sögüşjek
picasso
20 мар 2023, 18:24
Kopi gorenlerin materialdan doly gosgulary bolaysa