HOŞ GELDIÑ ON BIR AÝYN SOLTANY

Gapymyzy kakdy buşluk Oraza,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.
Berip müñde kerem köpüñi aza,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Saña bolan berk ynanjym has güýjär,
Açlykdan soñ nygmatlaryñ has süýjär,
Günälerim döküp şol gadyr gijä,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Duşmandan dost eder, ýatlardan ýakyn,
Gözlerden nur döker, kalbyña hekim,
Ähli niýet, dilegleriñi ýetir,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Diñe açlygy däl sabry öwreder,
Saña aç galanyñ gadryn öwreder,
Her sogabyñ depderinde ýöreder,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Jem bolup metjitde okap tarawa,
Adyñ nur deý çoýsun her bir taraba,
Ýa Allam Iblisiñ şerinden gora,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
3 лайков 145 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýgül Ýazweliýewa
21 мар 2023, 04:12
like basan bolaýyn
Aksary
21 мар 2023, 15:35
Aýgül Ýazweliýewa
like basan bolaýyn

Güldirme meni
Poems
Автор 21 мар 2023, 22:49
Aksary.,
Guler yaly namesi bar shu goshgynyñ
Poems
Автор 21 мар 2023, 22:50
Aýgül Ýazweliýewa,
Sizem gayrat edp sylansa ejizmika diymañ islese basarlar zorlap basdyryan yok gowni yetmezcilik edp yazan bolmañ
Aksary
21 мар 2023, 23:03
Birinjidenä salam Jemşit..ikinjidenem gep hemişe eýesin tapyar.3njidenem goşgy hakynda aýtmaly bolsa juda gowşak eken.

Diñe açlygy däl sabry öwreder,
Saña aç galanyñ gadryn öwreder,
Her sogabyñ depderinde ýöreder,
Hoş gelipsiñ on bir aýyñ soltany.

Şu yokarky topbagy gaytalap özüñ okap netije cykararsyn diyen umydym bar.sizde yeterlik zehin bar.meni gynandyryan zat şol zehini harsallyga sarp etmekligiñiz. I galybersede janyñyz sag bolsun.yagsy niyet yarym dowlet diyyami turkmen aga
Aksary
21 мар 2023, 23:13
Ähli niýet, dilegleriñi ýetir,

Niyet diylen zadam hil hil bolyar.

Dilegleriñi ýetir. Nirä ýetirýar
Aksary
21 мар 2023, 23:15
NUR sözüni näçe gezek ulanypsyñ
Aksary
21 мар 2023, 23:18
GapyMYZY kakdy buşluk Oraza,

Diñe siziñ gapyñyzymy kakdymy.köplüge dayanan bolsañ nähili ajap bolardy.
Aksary
21 мар 2023, 23:20
Gramatikadana asylam bilemok menä.ýöne bu goşgyda dyngy belgileriñ diñe nokat bn otur eken. Beyleki belgileriñem goyulmaly yerleri bar eken!
Aksary
21 мар 2023, 23:22
Berip müñde kerem köpüñi aza,

Bu setir yone duran eken.haýsysy bn galtaşjagyny bilman dur
Poems
Автор 21 мар 2023, 23:29
Aksary.,
Yalnyshlyklar bn owrenilya men elimden gelen zadymy edyan, shuwagta cenli hickim meni ugrukdyrmady, adamyñ ustunden gulyancaniz ozinizi terbiyelañ, men nace goshgy okasamam ozumden pes bolsun beyik bolsun, mydama sylagym uludyr, sebabi azap edyaler onarsam komek etjek bolyan beydp gowunleri cokerman
Poems
Автор 21 мар 2023, 23:30
Aksary.,
Ozun okde yazyan bolsañ ady belli bolardyñ buwagta
Aýgül Ýazweliýewa
21 мар 2023, 23:57
Jemsitpoet,
Salam, giç ýagşy. Bu ýerde ýalňyşlary ýüzüňe aýtýalar, kabul etmäne taýýar bolmaly :-)
Aýgül Ýazweliýewa
21 мар 2023, 23:58
Jemsitpoet,
Men erbet zada ýazmandym, degişjek bolupdym, erbet düşünseň meň günäm ýok)
Aksary
22 мар 2023, 00:08
Jemsitpoet
Aksary.,
Ozun okde yazyan bolsañ ady belli bolardyñ buwagta


Sen tankytjyklara açyk bolanlygyñda garşa nagileligiñi bildirmezdin.
Aksary
22 мар 2023, 00:11
[quote=Aksary.][quote=Jemsitpoet]Aksary.,
Ozun okde yazyan bolsañ ady belli bolardyñ buwagta[/quote]

Pikiriñ aytmak ucin hokman ady belli bolmaly diyen aytga menä gabat gelemok gardasym.mumkin sizde seyledir.
Poems
Автор 22 мар 2023, 00:11
Aýgül Ýazweliýewa,
Aksary.,
Tankytlamagyñ nm zatdygyny bilip soñ yazayn, sizinki dine adamyñ ustunden gulmeklik bolya
Aýgül Ýazweliýewa
22 мар 2023, 02:04
Jemsitpoet,
baýbaJemsitpoet, Öwredip bilersiň, garşy däl)