Uniwersalnyý soldat
-Turuň, (padýom)..
Ufff, şu starşinaň sesinden haçan dynarkak. Nesip bolsa, dynarys, indi az galdy, ýene-de sanlyja wagtdan has dogrusy, 1 ýyl 11 aý, 27 günden. Gulluga gelenime üç gün boldy, eýýäm öz-özüm bilen gepleşmäni çykardym. Howwada täze gelen esger kim bilenem gepleşsin. Özüň "öli maladoý" diýýärler görenler. Şu sözi kim oýlap tapanam bolsa uly sogap gazanandyr. Ýogsa uly çagyryşlar (priziwler) bize näme diýjegini bilmän ýörerdiler. Gullukda bular ýaly sözler köp ulanylýar. Ony ulanýaňlaň köpüsi bu sözleň manysynada düşünýändir öýdemok. Biri aýtsa menem aýtmalymykam diýip ýörler. Mysal üçin "dwijeniýe uwajeniýe". (ogrularyň özüni aklaýan ýeke-täk jümlesi). Terjimesi: Hereket sylaşyk. Bu sözi gullukda gaýtalap ýörseň hiç kim geň görmez. Ýöne öýde günde 5-6 gezek kakaň ýanyna gelip "hereket sylaşyk" diýip gaýtalap ýörseň ýa psihologa görkezer ýa-da saňa "Haýdar Leýli"-ni aýtdyrar. Gyzlara gullugyň nämedigini gysgaça düşündirmeli bolsa: Türkmen teleýaýlymlarynda gulluk barada görkezilýän filmleriň bütinleý başgaça görnüşi. Esgerler oturgyçda oturyp özara gepleşýärler.
Filmde:
-Amanow sen gullugy sag aman dynyp kim boljak.
-Ataýew men gullugymy gutaryp lukman boljak.
Realda:
-Eý mandal, ertir yzyňdan samalýot gelse maňa-da aýt, narýatdan bir bahana tapyp gaçyp gelip giderin.
-Eý trýapka, bir ştuk mahorkaňy dözmediň maňa, özüňem polny galodnow seň.
Filmde:
-Amanow sen atlar bilen gyzyklanýamyň?
-Howwa Ataýew bedew atlar biziň buýsanjymyz ahyry.
Realda:
-Telefonymy zampalit tutdy, bir ýüzlük getirseň bereýin diýdi (telefony), özi prostoý telefon 50 manada-da tapyp bolýalaý ony.
-Düýn menem nasymy ogurlatdym, Abudan başga hiç kimem däl. Goýan ýerimi gördüdä.
Howwa gyzlar filmde esgerler kazarmada oturyp üýşüp aýdym aýdýarlar, bizem telewizorda şolary görüp üýşüp uborka edýäs.
Gulluga gelenime 3 gün boldy. Meň üçin 3 ýyl ýaly. "Ýylanyň ýigreneni narpyz, maladoýyň ýigreneni dembel" diýlişi ýaly ýaş esgerler bolup boş wagtymyzy söýgili hobbimize sarp edip otyrkak (lapata bilen ot, ýandak çapyp ýördük, soň görüp otursam o lapata ot çapmak üçinem däl eken) bizden 1,5 ýyl uly esger Jemşidow ýanymyza geldi. Ol harby bölümiň garaňky tarapynyň karolydy. Harby bölümiň çägine girýän ähli kontrabanda (nas, çilim, mahorka, arak, wino) oň elinden geçýädi. Hakyky barondy, ýüzüne göni seredip bilýän esger ýokdy.
-Täze kazýoljyklar gelipdirä, täze elli sany hyzmatkärim. (Pablo Eskobaram dünýäni Jemşidow ýaly soran däldir).
Özem gelşine meň ýüzüme seredýär.
-Sen geleý bäri. Saňa diýýän tarakan forma, eý, ýumurtga kelläň aňyrsyndaky, gel bäri.
"Ýa maňa döwük jürlewik düşer ýa-da ker akula duşar" diýlişi ýaly buda 50 oglanyň içinden meni çagyrýar. Hormatlap çagyransoň barmaly boldum.
-(Ýüzüniň öňkidenem beter pisini aşyryp gepledi) Nirden?
-Daşoguzdan.
-Bolaňda nä Daşoguzdan. Kazýolmyň?
-Ýok how, kazýol dälow m.......(yzyny aýtmaga ýetişmedim, iki gözümiň ortasyna goçuň kellesi ýaly ýumrugyň ýetip gelýänini gördüm, bolany).
Garaşylmadyk udar meni aljyratdy. Ýo, polny aljyratdy. (Pegas, Aksary, Mümkin, Nirwana, Senýorita, Gost, Ahmedik kömek ediňä, siz nirde, wah islenen.site şo wagt döredilen bolsady bular maňa hökman kömege gelerdiler). Ýok hormatly agza, men indi Şageldi kaçogy duele çagyryp ýören, Rozaň agasynyň toýunda uruş tapan, söýgili mugallymymyň adamsyny talaňçy aýaldan halas eden, aýagyndan ýylan çakanda Rozany ölümden halas eden we oňa mugt marojny iýdiren ugurtapyjy, dogumly ýigit däldim. Muňam öz sebäbi bar. Seržantlaryň iň oratory Hudaýarow bize üç gün bäri gije-gündiz gullugyň düzgünleri barada, uly priziwlere çaaalaja nedowolny seretmegem, dembelleriň ýüzüne göni seretmegem zapadlo-lygy barada (bu söziň doly manysyny iki ýyl gulluk etsemem, rus dilini gowy görsemem menä doly düşündirip biljek däl), zapadlo adamlaryň iň soňky adamlar bolýandygyny bize gaýtalap, gaýtalap panýata berýärdi. Diýmek ulular seni ursa niçego straşnogo sen otwet berseňem iň soňky adam bolup galýaň. Örän gowy, inçe politika. Özüni partladýanlaram şeýdip taýynlaýandyrlar. Hudaýarow ýaly biri oturýandyr ortada: özüňi öldürmek ömürlük däldir adamlar (maladoýlik ömürlik däldir oglanlar) dişiňizi bir gyssaňyz geçip gidýändir diýip. Iki ýyl gulluk adamy üýtgedýän eken barybir, özüňden ulyny sylamagy, ene-ata hormat goýmagy we nirede bolsaňam öz başyňy çaramagy öwredýär.
Garaz gullugam bir gyzykly ýatlama. (Gulluk edenlere we indi gitjeklere ýalkymly salam)
Watanym asudalygyny goraýan, merdana ýigitlerimiziň (hemme taraplaýyn uniwersal soldatlarymyzyň) jany sag, başy dik, ýeňil bolmadyk harby gullugynda uly üstünlikler arzuw edýärin.

17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.