Eliňi uzadyp, ony almagyň gerek. Hereket etmegiň zerur.
DURMUŞY NÄDIP ŞATLYGA BESLEMELI?!
Bir ýaş ýigit özüniň ruhy halypasynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
– Halypam siz maňa hyýalymda: «Men öz durmuşyma şatlygy kabul edýärin» diýen jümläni gaýtalap gezmegi maslahat beripdiňiz. Men muny her gün ençeme gezek gaýtalap gezýärin, onda-da durmuşymda şatlyk öň bolmaýşy ýaly häzirem ýok. Men öňkim ýaly häzirem ýeke. Indi, men näme etmeli?
Akyldar sesini-üýnüni çykarman eline ilen çemçe, kürüşge, şem ýaly zatlary ýaş oglanyň öňünde goýup:
– Şularyň haýsyny saýlan bolsaň adyny tut – diýipdir.
– Çemçäni – diýip, oglan jogap beripdir.
– Muny bäş gezek gaýtala – diýip, garry haýyş edipdir.
– Men çemçäni saýlaýaryn – diýip, ýaş oglan bäş gezek gaýtalapdyr.
Ine, gördüňmi? Sen çemçäni saýlaýanyňy million gezek gaýtala, ol barybir seňki bolmaz. Eliňi uzadyp, ony almagyň gerek. Hereket etmegiň zerur.
1 комментарий