Bahar hakda.

Bahar geldi sährama.
Özüniň owadan adaty bilen,
Ynha bu gün bahar geldi sährama.
Daň säherler uçup saýraýar guşlar,
Ynha bu gün bahar geldi sährama.

Gül-gunçalar gülläp eýýäm açylyp,
Tebigaty al-ýaşyla büredi.
Bu gün bahar gelip eziz Diýara,
Kömelekleň köklerini yrady.

Bag-bakjalaň pyntyklady miwesi,
Gök meýdanda ýaşyl otlar çykyp dur.
Şeýle owazaly täsin ses edip,
Daglaryň içinde çeşme akyp dur.

Owlajyklar bökjekleýär meýdanda,
Goýun-geçilerem ot iýýär doýup.
Syn edýän elmydam töwerek daşa,
Goşgy ýazýaryn men şeýlebir söýüp.

Neneň buýsanmajak neneň joşmajak,
Şeýle ýurdumyzyň bardygna ilki.
Bu ýylam bu bahar gözel sährama,
Ýenede görküne görk goşar belki.
Dawut Hojageldiýew.
1 лайков 115 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
22 мар 2023, 12:47
Bu ýylam bu bahar gözel sährama,
Ýenede görküne görk goşar belki.

Ynamyňyz ýok öýdýän??
Parahat.
Автор 22 мар 2023, 14:20
_Bayat
Bu ýylam bu bahar gözel sährama,
Ýenede görküne görk goşar belki.

Ynamyňyz ýok öýdýän??


Ýok düşünmediňiz öýdýän Dawudyň şygryna. Beýle däl.
Edepli Gödek
22 мар 2023, 19:19
Parahat,
howwa dogrymy aýtsama kän düşünmedim Dawudyň şygryna.