BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,
Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar.
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy,
Bahar buşlukçysy — hoştap damjalar!

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!


Halyl KULYÝEW
4 лайков 178 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
01 мар 2023, 20:02
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!



- habarymyz barl'aý )
Harmony
02 мар 2023, 06:52
Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna
Goý, ol mydam bahar ýaly şat bolsun.
Her bir işde gorky düşmän ýadyna,
Bagtyýar ýaýnasyn, gorky ýat bolsun.