“BAŞARSAŇYZ, GOŞGY ÝAZYŇ BAHARDA...”

Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda,
Baharda duýgular arassa bolýar.
Yhlas bilen gabagyňy galdyrsaň,
Ýüz däl, ýürege-de seretse bolýar.

Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda,
Ol goşgyň ne düýni, ne düýbi bolýar.
Gör, haçandan bäri ýaşap ýör bahar?!
Goşgy hem bahar deý müdimi bolýar.

Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda,
Baharda ganatsyz galgasaň bolýar.
Akyl-huşuň ýelek ýaly bolsa-da,
Kimiň-kimdigini aňlasaň bolýar...

Aý, garaz, ähli zat owadan bolýar
Ady gözel, özi gözel jahanda.
Size menden ak ýürekden maslahat:
Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda.


Aýgül GARAÝEWA
7 лайков 210 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
02 мар 2023, 10:21
Akyl-huşuň ýelek ýaly bolsa-da,
Kimiň-kimdigini aňlasaň bolýar...

Şu gyşda öň tanamadyk adamlarymy tanadym welin, zadyň çaky däl...
Gerceknazar
02 мар 2023, 20:22
Bolýa
Jumamyrat
04 мар 2023, 15:28
Aýgül tüweleme goşgylarny daş ýaran ýaly edýä