Aýgül Garaýewaly edebiýat agşamy

Edebiýat agşamynyñ geçen dynç günündäki myhmany söýgüli şahyrym Aýgül Garaýewady. Agşam sagat 17:40 töwereklerinde başlandy.
Men ilkibaşda Aýgüliñ terjimehaly hakda sorag berdim. Ol soraga jogapdan soñ Aýgül halaýan goşgysynyñ birini okady.
Ondan soñ agşama gatnaşýanlardan biri "Her goşgy ýazana şahyr diýip bolýarmy?" diýip sorady. Aýgül:
- Ýok, her goşgy ýazana şahyr diýilmeýär. Şahyr däller goşgy ýazyp ýörkä şahyr goşgy ýazman bilýär. Men ömründe ýeke gezegem goşgy ýazmaýan şahyrlar tanadym. Olarda şahyryñ ýüregi bar - diýip, jogaplady.
Men şahyra: "Sizi gowy şahyrlykdan daşary adamkärçilikli zenan hökmünde tanaýan. Sebäbi 3-4 ýyl mundan öñ gowşak goşgy bilen ýanyñyza gelenimde "gowy" diýip alyp galypdyñyz" diýenimde
- Sen Mahym dälmi?! Meñ ýadyma düşýär şol wagt sen talypdyñ. Seniñ üçin gowşak bolmagy mümkin ýöne olarda dogrudanam bir zat bardy. Men olarda señ şu wagtky ýazjak gowy goşgularyñy görüpdim. Häzirem goşgularyñy gazetde görsem gowy görüp okaýan - diýdi.
Men "Diýjek bolýan zadym size şonuñ ýaly gowşak goşgulary zol-zol getirip, çap etdirjek bolýanlara nähili çemeleşýärsiñiz?" diýip soranymda:
- Olaram niýetinden dändirip bolýar. Goşgysynyñ gowşakdygyny sesiñi gataltman düşündirip bolýar - diýip, jogap berdi.
Duşuşykda Laçyn Pürjäýewa hemem Aýgül Garaýewanyñ gyzjagazy-da bardy. Söhbetdeşlik başlananyndan 15-20 minut soñ elinde ter gül dessesi bilen şahyr Gülnabat Begenjowa-da geldi. Aýgül ony "Ine şahyr!" diýen buýsançly sözler bilen garşy aldy.
Gülnabat "Siziñ iñ uly muşdagyñyz kim?" diýip soranynda Aýgül "Owaz" radioýaýlymynda işleýän Uzukjemalyñ hemem şahyr Allanur Çaryýewiñ adyny berdi. Onuñ yzysüre Gülnabat "Menem seniñ iñ uly muşdagyñ ýöne meni agzamadyñ" diýip degişdi. Menem "Olar muşdakdygyny size bildirýänler. Bildirmän gowy görüp ýörenlerem bar. Edil meniñ ýaly. Daşyndan gowy görüp ýörenler" diýdim. Muña Aýgül hemem Aýnabat ýylgyryşdylar. Aýgül
- Diýmek, şolar bilen sessiz düşünşip goşgy ýazyp ýören bolmaly men - diýdi.
Men iñ uly halypasynyñ , döredijilik ýolunda onda täsir galdyran şahsyýetiñ kimdigini soranymda ol:
- Atam - diýip jogap berdi. "Atañyz goşgy ýazýarmydy?" diýsem ol
- Ýok , ýöne ol goşgy ýazmaýan şahyrlardandy. Atam maña tarhan haty beren ýalydy. Agtyklarynyñ arasynda aýratyn saklardy. Maña "Sen şahyr bolmaly!" diýýärdi - diýip, jogap berdi.
"Siziñ iñ gowy görýän paslyñyz Baharmy?" diýlen sowala-da gyzykly jogap berdi.
- Howwa, tomusda doglanam bolsam Bahar iñ halaýan pasylym. Ýoldaşym bilen Baharda tanyşdyk. Şol gün ýadyma düşýär, Seýran Otuzow bilen goşgy ýazsak belläýme gylygymyz bardy. Onsoñ şol günem kafede goşgyny belläp oturkak, Seýran "Dostumam geljek diýýär. Geläýsinmi?" diýip sorady. Soñ Merdan gelip şeýle bir gürledi welin edil meniñ aýtjak sözlerimi biri men bolup aýdýan ýalydy. Men "Bu şolmuka? Aý, ýok ol däldir-le. Oñ bilen sataşan günümiz ýagyş ýagmalydy ahyry " diýip oýladym. Soñ daşary çykdyk welin dogrudanam ýagyş ýagýan eken. Men "Hä, diýmek şol eken " diýdim. Iki ýyl soñ Baharda toý etdik. Çagalarymyz Baharda dünýä indi. Garaz, Bahar bilen gowy gatnaşykda.
Men Aýgüle "Öz goşgy okaýşyñyz göwnüñizden turýamy? Käwagt aýnañ öñüne geçip oñat okamaga türgenleşýäñizmi? " diýenimde "Ýok. Meñ-ä üç çaga bilen oña elimem degenok, Mahymjan. Ýöne Laçyn arasynda maña "Negözel goşgularyñy nädip okaýañ?" diýip käýýeýär" diýip jogap gaýtardy.
"Ilkinji goşguñyzy haçan ýazdyñyz we şol goşgyñyz ýadyñyza düşýärmi?" diýip soranymda ol wagtlar orta mekdebi gutarandygyny we ýaşynyñ doly ýadyna düşmeýändigini , telewideniýedäki bir gepleşikde "Yzyny dowam ediñ" diýlip berilýän iki setiriñ yzyny dowam edip ýazandygyny aýtdy.
Gülnabat Begenjowa "Şu wagt şu okyjylaryñ öñünde gyzjagazyña bir goşgy aýtdyraý" diýeninden soñ şahyryñ gyzjagazy gelip çagalar üçin ýazylan goşgulardan bir bent aýdyp berdi. Oturanlar hezil edip gülüp, çapak çaldylar. Aýgül özüne gowşurylan gül dessesini "Al gyzym bulam señ sowgadyñ" diýip, gyzynyñ eline tutdurdy.
Oturanlardan biriniñ ýaşlara-da goşgy okatmagy teklip etmegi netijesinde Aýgül Gülnar Geldimyradowany çagyryp, oña goşgy okatdy. Soñ meni hem çagyrdy emma, men sypaýyçylyk bilen ýüz öwürdim.
Garaz, Aýgül Garaýewaly edebiýat agşamam gyzykly geçen agşamlaryñ hataryna goşuldy.
3 лайков 337 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
27 июн 2023, 22:36
++++
Telwas
27 июн 2023, 23:23
Laçynyň gyzy barmy?
Ak köýneklileriň biri senmidiň?
Men iñ uly halypasynyñ , döredijilik ýolunda onda täsir galdyran şahsyýetiñ kimdigini soranymda ol:
- Atam - diýip jogap berdi. "Atañyz goşgy ýazýarmydy?" diýsem ol
- Ýok , ýöne ol goşgy ýazmaýan şahyrlardandy. Atam maña tarhan haty beren ýalydy. Agtyklarynyñ arasynda aýratyn saklardy. Maña "Sen şahyr bolmaly!" diýýärdi - diýip, jogap berdi.


Şu soragy “Hyýal menzilleri” gepleşigi alyp barýan gyz sorapdy. Edil şu jogaby beripdi.
Belki
Автор 28 июн 2023, 06:12
Nirvana, şol sözlem düzlüşi şeýle ýaly eşdilýär hä: Laçyn Pûrjäýewa hemem Aýgül Garaýewanyñ gyzjagazy.
1. Laçyn Pürjäýewa
2. Aýgül Garaýewanyñ gyzjagazy.
Ýok, ak köýnekli-hä däldim. Asyl ak köýnekli gyz görenim ýadyma düşenok ol ýerde.
Telwas
28 июн 2023, 08:16
Belki,
Sag bol düşündirişiňe. Agşam ukyň arasynda okap ýazdym. Gara toçkaly ak köýnekli iki sany gyz bardy.
Şu Aýgüliň sadalygy, sypaýylygy, söze çeperliligi, pikirlerini erkin öz dilinde yzygiderli beýan edip bilişi göwnüme ýaraýar. Umuman, ýakymly söhbetleri bar.
Belki
Автор 28 июн 2023, 10:06
Nirvana, senem gitdiñmi?
Venus
04 июл 2023, 00:19
Men baryp bilmedimde..
nergyz
10 сен 2023, 16:52
okamak gyzykly. soñ yazanlarñyzda edebyat agsamlarnyñ yazgylary yok. indi gideñzokmy ya gidip yazañzokmy?!