Sen gidensoň

Sen gidensoň, göwnüme bolmasa durmuşum duraýjak, öňümdäki bar zatlar manysyny ýitiräýjek ýalydy.  Ir säherde dogýan nurly güneş gaýdyp maňa mähirli nuruny paýlamajak, aýly gijelerde yyldyzlar ýörejek ýoluma ýagty saçmajak ýalydy. Ýüzümdäki yylgyryş, şatlyk meniň bilen hemişelik hoşlaşaýjak ýalydy, emma ähli zatlar meniň pikir edişimçe däl ekeni. Hemme bolmaly zatlar öz wagty bilen õz bolmaly yerinde boldy. Daňlar atyp günler batdy, aý aýlandy, ýyllar ötdi. Dogry, bir bada durmuşum duran ýaly, akylym doņan ýaly boldy. Arzuwlar asmanynda ganatyn ýaýyp ýõren guşlaryň ganatlary gyryldy. Seniň iň soňky gezek aýdan sözleriň, meniň durmuşumy bûtinleý üýtgetdi. "Meni unut, sebäbini sorama, başarsaņ bagyşla. Biz birek-birek üçin yaradylmandyrys." Sen şeý diýdiņde hiç zat bolmadyk ýaly yzyņada seretmän assa-ýuwaş gözümden gaýyp bolduň. Men bolsa, dilim baglanan ýaly näme diýjegimem bilmän dymyp galdym. Men şol wagta çenli sensiz ýaşamak barada pikir etmekdenem gorkyardym, ahbetin.
Sen gidensoň wagt durdy ýõremän,
Indi gaýdyp dušuşjagymyz näguman.
Ne hä öňe ätdim, ne-de bir yza
A sen bolsa ýõräp barýaň säginmän.
Ähli zatdan yadadym, senli günleri ýatlamazlyga çalyşdym. Barybir ol günleriň kalbymda goýan mähri meni heniz-henizlerem öz erkime goýonok. Iň erbedeň sen maňa näçe yakyn ýaşsaňda duşup bilmeýänligim meni otdan alyp, suwa salýardy. Ýöne, saňa duşup köne dertleriňi gozgamagyň indi haýrynyň ýokdygynam duýýan. Öz-özüme teselli berýän, seni näçe çalt unutsam şonçada arkaýyn yaşaryn diýýän. Ýürege erk edip bolýamy, näme? Saňa bolan söýgüm tutuş bedenimi hat-da aklymam boýun egdirip bilýärsi. Sonuň üçin hem seniň bilen bagly düşnüksiz soraglar meni halys iýip barýardy. Ýadadym, pikirlenmekden, onda-da üznüksiz şol bir adamyň pikirini edip öz-õzüme jogapsyz soraglar berip ýadadym, ýadadym. Ine şu gün hem zol-zol uzaklara, birem sagadyma seredip kimdir birine garaşýan ýaly alyslary nazarlaýanyma özümem haýran.  Ýogsam, geljek diýenem ýok. Janyma jaý tapman bir ýerde durup bilmeýänligime bahar güllerini günäkär saýýan. Sebäbi,  sen bahary halaýardyň. Häzir baharda açylan läleleri synlap, arassa howadan dem alýansyň.  Belki, meni ýatlaýansyň? Içim-içime sygman gygyryp aýdym aýdyweresim gelýär.  Ýadyņdamy,  her sapar bahar gelende  bileje hiňlenýän aýdymymyz bardy.  Näme üçindir bar zady unudyp hiç zat bolmadyk ýaly seniň bilen degişip gürleşesim gelýär. Bagtdan ýaňa hool uzakda howalanyl görünýän yaşyl baýyrlyklaryň üstüne çykyl gygyrasym gelýär. Mylaýym şemala maýyl bolup ülpüldeşýän leýli saçlary synlap durşuma ýene geçen günleriň ýatlamalaryna çümenimi özümem duýman galdym. Eýsem,  hakyky yşk şeýle bolmalymyka? Eşitýärsiňmi, baharda guşlar jürküldeşip öz dillerinde täsir owaz edýärler. Olary bir gezek ünslije diňle! Olar guş bolsalarda gysga wagtlyk bagtyň gadyryny bilýärler. Uzak ýurtdan gaýdyp gelen durnalaram öwrüm edýär. Yene watanyna dolanypdyr göryäňmi?! Özlerem diýseň şadyýan, hem-de bagtly. Muny olaryň seslerindenem aňsa bolýar.  Durnalar dolandy, sen dolanmazmyň? Göwnüme bolmasa sen bir yerlerden çykaýjak ýaly. Maňa şeý diýäýjek ýaly " men geldim, men geldim. Indi bizi hiç zat aýryp bilmez hiç zat aýra salyp bilmez". Yadyňa düşýärmi sen şeýle sözler aýdypdyň yatla "güýzde giden durnalar baharda hökman geler".  Hawa, şeý diýipdiň. Güýzde giden durnalar baharda hökman yzyna dolanar. Güýzde uçup baryan durnalara seretsem öwran öwran yaňky sözleri gaýtalaýardym. Sen durna bolup uçup gitdiňle. Baharda yzyňa dolanmagy unudaýdyňa?!  Ähli zadyň dermany wagt diýýärler. Çyndanam wagt geçdigi sayyn sensiz ýaşamaklyga endik edýän. Tükeniksiz jogapsyz soraglarymy kalbymyň töründe gizledim. Başgalar ýaly durmuşyň sesine sesimi goşup deň-duşlarym bilen degişip-gülüşip ýaşaýan.

Sen giden soň,  ýyllar geçdi aradan.
Indi ýylgyrýanam käteler gülüp
Barym bagtym diýen elýetmaz söýgüm
Ýatlama öwrüldiň geçmişde galyp.

Söýgiňden daşlaşyp galsaň sen ýalňyz,
Ýalňyzlyk derdinden ýadaljak eken.
Ýatlap pursatlary bolsamda gamgyn,
Dünýäde sensizem ýaşaljak eken.

Bu günler başymdan geçmejek ýaly
Gõr meni neýledi söýgüniň ady
Ne günlere salsada söýgüniň ody
Dünýäde sensizem ýaşaljak eken.
6 лайков 308 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
24 мар 2023, 00:08
Ýatsaň bolmyýemy?
#B.S
24 мар 2023, 00:11
Rigel,
Сорого сорог билен джогаплама
#B.S
24 мар 2023, 00:12
Rigel,
Сорагына джогап: Ховво
#B.S
24 мар 2023, 00:14
Rigel,
Ятсан болмыйэми ха́?
Retro
Retro
24 мар 2023, 00:17
Duýguçyl Nirvana barmyka diýsem SENEM duýguçyllardanmy :)?!
Ýöne Nirvana ..........
#B.S
24 мар 2023, 00:19
Señ içýaniñ shampayn
Meñ içýänim sen your sweat is my cocane
Call me Curt Cobaine sen Nirvanam
Making love all day wagtym yok durmana
Aşakdan ýokoryk çepden saga
Yza-őñe, giçden daña
Derem dama dama
Sen Michelle men Barack Obama
Retro
Retro
24 мар 2023, 00:24
Rigel
Retro,
Adam bolarda duýgy bolmazmy?

Dogry bir ýaz. Hawa duýgusyz adam bolup bilýär. Men "Duýguçyl" diýdim. Ýalňyşyrak düşünipsiň.
Retro
Retro
24 мар 2023, 00:24
Rigel
Retro,
Adam bolarda duýgy bolmazmy?

Dogry bir ýaz. Hawa duýgusyz adam bolup bilýär. Men "Duýguçyl" diýdim. Ýalňyşyrak düşünipsiň.
Goklors
24 мар 2023, 01:12
"Adam bolarda duýgy bolmazmy?"
35 ýaşap geçdim ömrümde şol duýgy mende bolmady. Dogrusyny dogry aýtmak gerek ,"söýgi , ajaýyp duýgy" buzatlar maňa ýat.
Goklors
24 мар 2023, 01:15
ýöne doň ýürek däl. Adamyny hormatlamany, sylamany, başarýan. Romanlardaky söýgüni hiç wagt duýmadym
Edepli Gödek
24 мар 2023, 02:24
Goklors,
Goklors
"Adam bolarda duýgy bolmazmy?"
35 ýaşap geçdim ömrümde şol duýgy mende bolmady. Dogrusyny dogry aýtmak gerek ,"söýgi , ajaýyp duýgy" buzatlar maňa ýat.

Onda sen dünýädäki iň bagtly hem iň betbagt adam. Mundan bu ýana-da ýatlygna galsyn goý??
Pegas
24 мар 2023, 04:58
Bir zenan söýen ýigidiniň başga zenan bilen bagtly bolanyny göreninden onuň demini sanap ýatyşyny görenini gowy görer.

©Onore De Balzak
Gurgenchli
24 мар 2023, 07:00
Söýübem görmändiris. Mundan soňam söýerin öýdemok.
.
24 мар 2023, 07:48
Goklors,
Duýgy diýlende adamyñ kellesine birinjj söýgüñ geläýşini diýsene. Känä duýgy.
Retro
Retro
24 мар 2023, 11:05
Gamlan, gaýgy et. Gussa bat. Gaty owadan ölüm göreli bizem. Ýüp alyp geçýän saman keppä, soňunam düşündiň eýýäm. Ýöne ilki selfi et
DonMaxx
24 мар 2023, 13:45
gül ömriñi kül etme bir biwepa yar ucin

(yhhymmyl ya öleñler ))
Goklors
24 мар 2023, 14:49
okuçy döwrüm bäri çeper eserleri okap gelýän. jahyl wagtym romandik drama eserlerine möjegiň ete topulşy ýaly topulardym. a ini drama eserleri okasymam gelenok.
yşka düşmek bir zat, ýürekden söýüp duýgulanmak başga bir zat. yşk bu wagtlaýnça emma söýmek uzak wagtlyk diýip düşünýän. meselem owdan zenany, owadan maşyny, goşar sagady, egin-eşigi bir göreňde aşyk bolmak wagtlaýynça zat. birini halamak , ýürekden söýmek, pisgaloki duýgy. bu her kişä nesip edenok.
Goklors
24 мар 2023, 14:52
owadanlygy görmek her niýet bilen ymtylmak we gözellige hormat goýmak.
Goklors
24 мар 2023, 14:55
hawa menzil duýgy birnäçe men ony. bilýän. tema görä jopladym.