Aýal-Gyzlary Täsirlemegiň Ýollary #1

Aýal-gyzlary haýran galdyrmagyň ýollary, köp erkekleriň pikir edişi ýaly kyn däl. Aslynda, bir adam, alym ýaly, oňa aşa höwesli bolsa, onda şowsuzlyga uçramagy ähtimal. Aýal-gyzlary täsirlemek barada kepillendirilen usul we strategiýa:
Aýal-gyzlary täsirlemegiň ýollary 1 - Ynam esasy goşantdyr
Ynam, owadan zenany haýran galdyrmak üçin hökman möhüm goşantdyr. Hakykat, gyzlar daş keşbiňize seredip, siz hakda pikir alýarlar.
Beden diliňiz, ses äheňiňiz, ýöreýşiňiz, geýiniş stiliňiz we sazlaşygyňyz, bular aýal-gyzlara siz hakda möhüm maglumatlary hödürleýär. Hakyky, dowamly jady, olarda. Elmydama özüňe bolan ynamyňy we özüňe baha bermegiňi görkez we muny gyzykly görnüşde et.
Mysal üçin, bir gyz seni halaýandygyny aýtsa, "Menem seni 10 ýyl bäri söýýärin" ýaly bir zat aýtma, bu seni diňe ähli syryňy ýitirmegiňe we ejiz görünmegiňe getirer. Biraz kynrak oýnaň. Indiki gezek şeýle ýagdaýa duşanyňyzda azajyk ýylgyryp "Bilýärin" diýiň. Tapawudyny görersiňiz.
Bular siziň häsiýetiňiziň bir bölegi we bulardan başga-da, häsiýetimize goşup we özümizi kämilleşdirip biljek köp zat bar.
Bulara ähmiýet berip başlanymyzda, magnit ýaly gyzlary özümize çekip başlaýarys.
Owadan bolmak möhümdir, ýöne bularyň arasynda ol iň soňky orunda durýar. "Sendäki aýal-gyzlary gyzyklandyrýan ýeke-täk zat seniň Harakteriňdir".
Gowy habar, görmegeý ýa-da baý bolmakdan tapawutlylykda, harakter häzirki wagtda ösdürmäge başlap bolýan zadymyz.
1 лайков 378 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
01 апр 2023, 09:09
Türkçeden terjimeligi bildirip dur.
"Biraz kynrak oýnañ" . Şu söze türkçe bilmeýänleriñ hijisem düşünmez. Türkçesi:
"Biraz zoru oynayın".
Şu sözi "Azajyk agras görünjek boluñ" ýa-da "Azajyk agrassyrañ" diýip terjime etse gowy bolardy.
Mümkin
01 апр 2023, 11:06
KITAP: Kadın avcısı
Awtory: Turhan Tan.

Näme üçin eseriñ awtoryny ýazañzok we özüñiziñ diñe terjime edendigiñizi aýdañzok?
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 11:19
Çünki meniň ýazan makalalarym bu kitapdan göçürilmedik. Men diňe kitabyň adyny ulandym
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 11:27
Özem şu ýerde bellemeli esasy zat siziň aýdýan kitabyňyz türk romany. Ady meňzeş diýip günäkerlejek bolmaň. Men bu ýerde roman ýazamok we anygyna ýetmän teswir ýazmaň.
picasso
01 апр 2023, 12:06
Pikir ogurlamak hem ogurlykdyr
Dereksiz
Mümkin
01 апр 2023, 13:31
Şeýlemi, aý goý-a. Onda näm üçin "ýazan eseriñizdäki" sözlemlerden türk edebiýatynyñ ysy kükäp dur?
Mümkin
01 апр 2023, 13:32
"Biraz kyn oýnañ" diýip näme diýjek bolanyñy aýt hany?
Jeksparro
01 апр 2023, 13:42
Mümkin
"Biraz kyn oýnañ" diýip näme diýjek bolanyñy aýt hany?


Bir az (roluňyzy) kynyrak oýnan! Diýip terjime etjek bolupdyr öýdýän!
Jeksparro
01 апр 2023, 13:42
oýnaň*
Mümkin
01 апр 2023, 14:42
Jekwarabey, ýok bu türkçedäki "Biraz zoru oynayın" sözüniñ terjimesi. Añladýan manysy "Agras, yrylmasy kyn adam bolup görnüñ!"
Ependi
01 апр 2023, 14:56
Owalam bir aýdymçy aýdýara: "ýo, biz göni şol sazy alamyzokda, şoňa golaýlaşýas, birki notasyny üýtgedýäs..." diýşine barýa bulam))
Yusup
01 апр 2023, 17:13
Mümkin,

Sherigatdaky ilki oynashyn diyen jumle bolaymasyn
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 17:46
Hawa türkçedäki şol söz. Onsoň siz näme diýmekçi bolýaňyz. Meniň düşündigimçe siz eýdip-beýdip şu makalalaryň meniňki bolmadygyny subut etjek bolýaňyz. Hawa onsuzam men bulary men "taýýarladym" "gijelerine ýatman men ýazdym" diýemoga, şonuň üçin makala diýýän. Şu ýerde bir zat aýtsama saýtda ýazylýan ähli bloglary (şygyrlardan başgasy) sizem bir ýerden görýäňiz eşitýäňiz we bu ýazýaňyz. Menem şeýle edýärin ýöne siziň bar ünsüňizi çekenje ýeri:"Biraz kyn oýnaň" türkçedäki "Biraz zoru oynayın" sözünden terjime, onsoň näme boldy? Men bu ýerde bu maglumatlary özümiňki diýemok. We men bu ýere şol maglumatlaryň çeşmesini goýamok, çünki şol maglumatlary ýazan hem bulary bir "kitapdan okadym" diýip düşündirdi. Umuman aýdanymda siziň hem aýdanlaryňyzy günäkärlämok, siziň pikiriňiz-düşünjäňiz, şonuň üçin bu makala teswiri açyk goýdum. Indikide sözi göni terjime etmän manysyna görä ýazaryn. Onsoňam Kadın Avcısı kitaby roman kitap, ynanmasaňyz alyp okap göräýiň...
Mümkin
01 апр 2023, 18:11
ZENAN AWÇYSY ZENAN AWÇYSY off № 3 Şu gün, 11:19
Çünki meniň ýazan makalalarym bu kitapdan göçürilmedik. Men diňe kitabyň adyny ulandym
Jogap

"Ýazan makalalarym" diýmek awtory men diýmek dälmi dogan?
Makala diýdigiñiz "Bir ýerden göçürdim" diýdigiñiz däl. Makalañam awtory bolýar. O kitaby men alyp okap göremok. Dogrudanam roman bolmagy mümkin. Ýöne barybir siz muny türkçeden terjime edipsiñiz. Indikide terjime eden eseriñiziñ adyny we awtoryny goýmagy ýatdan çykarmañ.
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 18:33
Ýene aýdýan makala diýip bu meniňki men ýazdym diýemok, size has "türkmençeläp" aýdaýyn: makala diýmek blog diýmek. Men şol türkçe blogy göçürdim, terjime etdim, we şu saýta "ÝAZDYM". We ýene aýdýan şol türkçe blogy ýazan hem bu maglumatlary bir kitapda okadym diýýär. Şonuň üçin çeşme görkezmedim. Eger kitabyň awtory bolsa görkezerdim. 《Çünki meniň ýazan makalalarym bu kitapdan göçürilmedik.》bu ýerde şu saýtda ýazan makalalaryma "meniň" diýip görkezdim. Bu ýerde "Türkmen dili" diýip bir zat bar, eger çünki makalalar bu kitapdan göçürilmedik-diýen bolsadym bu makalalaryň kime degişlidigi ýok. Şunam belläp geçeýin indi men degişli diýdim sizem şonuň üçin ýene: "awtory, çeşmesi size degişli däl...", bu ýerde makalanyň "türkmençe" warianty maňa degişli we ýene aýdýan men muny terjime edip paýlaşdym, özümiňki diýip tanadamok...
Düşünen düşündi...
#B.S
01 апр 2023, 18:57
ZENAN AWÇYSY,
Menä düşindimeý, edil 5 ýaşly çaga düşündiren ýaly düşündirdiň! ?
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 19:20
Hawa bir zady dogry aýdýaň: 5 ýaşly çaga. Ýagny sen. Çünki şonça ýazan zatlarymdan bir: "Düşünen düşündi..." diýen ýeri ýadyňda galypdyr. Galan zatlara beýnisiniň памяты ýetenok ?
Durmush
01 апр 2023, 20:27
Okamok
Mümkin
01 апр 2023, 20:35
Saýtlarda blok sözüniñ türkmençesi hökmünde makala däl-de mowzuk sözi ulanylýar.
Mümkin
01 апр 2023, 20:39
Göwnüñize degen ýerim bolsa bagyşlañ!
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 20:39
Ulanylýandyr... ýöne men şu saýtdan başga saýtlarda mowzuk sözüne duşamok. Şonuň üçin menem makala sözüni ulanýan
ZENAN AWÇYSY
Автор 01 апр 2023, 20:41
Ýok... Gaty göremok şonuň üçin men bu mowzuga teswirleri açyk goýdum. Siziň pikirleriňizi we garaýyşlaryňyzy almak üçin...