...

Eger ynsan azaplanmasa,siz onuň öz eradasyny däl,siziň eradaňyzy amala aşyrýanlygyny nireden bilersiňiz?Häkimiýet azap bermek we horlamakdan ybaratdyr.Häkimiýet adamyň aňyny bölekläp,ýene özüňe makul görnüşde düzmekdir.Biz nähili dünýäni gurjagymyzy indi bildiňizmi?Ol ozalky häkimiýetleriň laç gedonistik utopiýalaryna düýbünden garşydyr.Gorky,haýynlyk,azaply we ejirli dünýä,ezilenleriň we ezijileriň dünýäsi,kämilleşdigiçe birehimleşýän dünýä.Biziň dünýämizde ösüş azaplaryň köpelmegidir.Ozalky swilizasiýalar özlerini söýgi we adalatyň üstüne gurlandygyny dawa edýärdiler.Biziň swilizasiýa ýigrenje gurulan.Biziň dünýämizde gorky,gahar,ýeňiş we öz-özüňi böleklemekden başga duýgular bolmaýar.Şulardan galanlaryny ýok ederis.Ählisini.Ozalky durmuş ýörelgesini-rewolýutsiýa çenli bolan galyndylary ýok ederis.Biz ata-ene we perzent arasyndaky,aýal we erkek arasyndaky,bir adam bilen beýleki adamyň arasyndaky gatnaşyklary kesdik.Biz şeýle etdik,hiç kim ne perzendine,ne aýalyna,ne-de dostuna ynanýar.Täze dogulanlary enelerinden,towuk teýinden çykan jüýjeleri çekip alan ýaly alarys.Jynsy maýyllygy ýok ederis.Adamyň köpelişi azyk-iýmit kartasynyň her ýylky üýtgemegi ýaly bir resmiýetçilige öwrüler.Orgazmy ýoga çykararys.Newrologlarymyz onuň üstünde işleýär.Partiýadan başgasyna wepadarlyk bolmaz.Uly Aga söýgüden başga söýgi galmaz.Ýeňilen duşmanyň üstünden gülmekden başga gülki galmaz.Sungat,edebiýat,ylym başga bolmaz.Her bir zada güýjimiz ýetýän derejä baryp ýetenimizden soň,ylymada zerurlyk bolmaz.Owadan we betnyşanyň arasynda tapawut galmaz.Gyzyklanmalar ýiter.Durmuşdan lezzet almak bolmaz.Dürli-dümen rahat-parahatlygy ýok ederis.Emma hemişe-ýatda saklaň,Uinston-hemişe häkimiýetden serhoşlyk bolar,gitdigiçe güýçliräk,berkiräk bolar.Hemişe,her wagtda üstünlik guwanjy joş urar,ejiz duşmanyňy azaplaýanyňdan rahatlanarsyň.Eger size gelejegiň tymsaly gerek bolsa,ynsanyň ýüzüne basylýan ädik ökjesi ebedi tymsaldyr...
...Uinston gürläp biljek derejede biraz özüne geldi:
-Başaryp bilmersiňiz.
-Bu bilen näme diýmekçi bolýaň,Uinston?
-Siz häzir suratlandyryşyňyz ýaly dünýäni gurup bilmersiňiz.Beýle dünýäni gurup bolmaz.
-Näme üçin?
-Swilizasiýany gorky,ýigrenç we birehimligiň üstüne gurup bolmaýar.Ol özüni tutup bilmez.
-Näme üçin?
-Onda ýaşaýjylyk bolmaýar.Böleklenip gider.Özüni özi heläk eder
-Bolmajak zat.Siz özüňizi ýigrenç söýgüden görä ejirliräkdir diýip ynandyrypsyňyz.Näme üçin?Şeýle bolanda-da tapawudy näme?Biz tiz wagtdan hatardan çykarys diýip oýlaly.Ynsan ömrüniň gidişini tizleşdirsek,ol otuz ýaşynda garrap,ysgyndan gaçýar diýeli.Bu bilen näme üýtgär?Siz düşünmediňizmi,indiwidiň ölümi-ölüm däl.Halk ölüberýär,partiýa ebedidir.
Hemişeki ýaly,onuň aýdanlary Uinstony çäresiz galdyrdy.Mundan daşary,Uinston jedeli dowam etdirse,O'Braýen aparadyň tutawajyny täzeden burjagyndan gorkdy.Emma ol dymyp durubam bilmedi.Ol ejiz,subutsyz bary-ýogy ýeke-täk kömekçisi O' Braýnyň sözlerindan oýanan sessiz gorkysy bilen täzeden hüjüme geçdi.
-Bilmedim...barybir.Başaryp bilmersiňiz.Sizi nämedir ýeňer.Durmuş ýeňer.
-Durmuşy biz dolandyrýarys,Uinston,her taraplama dolandyrýarys.Ynsan tebigaty diýip atlandyrylýan nämedir bir zatlar bar we ol biziň işlerimize çydamaz gozgalaň turuzar diýip hyýal edensiňiz.Emma ynsan tebigatynam biz ýaratdyk.Adamlar örän elastik.Ähtimal,bizi proletariýler ýa-da gullar gozgalaň edip,agdarar diýen başlangyç pikire gaýdyp gelensiňiz?Muny kelläňizden çykaryp taşlaň.Halk haýwandan beter biçäredir.Ynsanýet-bu partiýadyr.Galanlar-daşarydyr,ähmiýetsizdir.
-Bilmedim.Ahyry olar sizi ýeňer.Irmi-giçmi olar siziň etmişleriňizden habar taparlar we bölek-bölek edip taşlarlar.
-Siz munuň ýekeje bir belgisini görýäňizmi?Ýa-da bu takmynlaryňyzyň bir esasy barmy?
-Ýok,men ýöne ynanýan.Size heläkçiligiň garaşýandygyny bilýän.Kosmosda nämedir bar,bilmedim...Haýsydyr bir ruh,haýsydyr bir güýç bar we siz onuň ýanynda ejiz.
-Uinston,hudaýa ynanýaňyz öýdýän?
-Ýok.
-Onda nähili güýç bizi ýeňer?
-Bilmedim.Ynsan ruhudyr.
-Siz özüňizi adam diýip bilýäňizmi?
-Elbetde.
-Eger siz adam bolsaňyz,Uinston,siz iň soňky adam.Siz ýalylar tamam boldy.Zemin biziň elimize geçdi.Ýalňyz galandygyňyzy düşünýäňizmi?Siz taryhdan daşary,siz ýok adamsyňyz,şu tussaghanada gutardyňyz...

...Ähli zatlar hakykat bolup biler.Tebigat kanuny diýlip atlandyrylýan zatlar ýalan.Ýeriň dartyş kanuny ýalan." Eger men islesem-diýipdi O'Braýen-men sabyn köpürjigi ýaly ýokary uçup bilerin".Uinston muny esalady:"Eger ol uçýaryn diýip oýlasa,edil şol wagtda menem ony görýärin diýip oýlasam,diýmek,şeýledigi hakykatdyr".Tötänden,gark bolan gäminiň bir bölegi suwuň ýüzüne galkyp çykyşy ýaly,kellesinde bir pikir peýda boldy:"Aslynda,bu ýok zat.Biz muny hyýal edýäris.Bu-salgym".Ol derhal bu pikirinden ýüz öwürdi.Aýan logiki ýalňyşlyk.Göýä nirededir,senden daşaryda "hakyky" dünýä bar.Onda "hakyky" hadysalar ýüz berýän ýaly.Bu dünýä nireden peýda bolup biler?Biz diňe aňymyzda bar zatlary bilýäris.Ähli ýüz berýän hadysalar aňymyzda ýüz berýär.Hemmäniň aňynda ýüz berýän zatlar hakykatda ýüz berýär...

Jorj daýyň "1984" romanyndan bölek.
3 лайков 104 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.