Bu Gijede Uklaýmaň! Gadyr gijesi we Bu gijäniň syry
Hemme zat Hezreti Muhammet pygamberimiziň Hira gowagynda ýeke özi otyrka başlady... Bir kitap bardy ozaldan bäri Allah gatlagynda duran. Içinde ýaşan we geljekde ýaşajak her bir wakamyzyň ýazylgy duran, bir ýapragyň hem agaçdaky şahasynda haçan gopup ýere düşjegi bellenen Leýfi Mafuz. Leýfi Mafuz atly kitapda şeýlebir maglumatlar ýer alýardy welin, älem jahanyň ähli syrlary onuň içinde gizlenendi. "Gijeler ynsana has ýakyndyr gündizlere garanyňda" diýýärler. Ine Allahu Tagalla belkide şonuň üçin saýlapdy Leýfi Mafuzyň içinden çykyp gelen Kurany Kerimi pygamberimiz bilen paýlaşmak üçin. Leýfi Mafuzdan çykarylan Kurany Kerim, ilki Dünýä semasyna ýerleşdirildi, ol ýerdenem gijäniň dowamynda sahypa-sahypa bolup ýer ýüzüne, Hira gowagyna inderilmäne başlapdy. Ol gije älem-jahanyň iň bir möhüm duşuşyklaryndan biri boldy we pygamberimiz özüne inderilen Kuran bilen duşuşdy. Emma näme üçin ol gije? Ine bu sowal ýönekeý bir sowal däl. Kurany Kerimiň pygamberimize ilkinji inderilmäne başlan ol gije bir syry öz içine alýardy. Özem bu syr aradan 1400 ýyl ýaly wagt geçen hem bolsa şu wagt bu mowzugy okaýan ýa-da okamaýan hemmäni örän ýakyndan gyzyklandyrýan bir syr. Gadyr gijesi we bu gijäniň syrlaryny öwrenmäne taýyn boluň...
EÝ RABBIM!
GADYR GIJESINIŇ RAHMETINI BIZLERDEN ESIRGEME. BU GIJEDE ETJEK ÄHLI DOGALARYMYZY KABUL ET!
Gijeler şonsuz hem öz içinde syrlary bolan bir wagtdyr. Gijäniň sessiz garaňkylygynda özümiz bilen ýeke galan wagtlarymyz, mânâ älemine açylan gapy ýalydyr. Gijäniň feýzinden peýdalananlara has manyly geler bu sözlerim. Hezreti Muhammet pygamberimiziň Magraç syýahatynyň gije amala aşmagy ýa-da säher wagty okalan namazlaryň özüni belli edýän ruhy güýji ünsümizi çekýän böleklerdir... Yslamda gijeki ybadat örän möhümdir. Allahu Tagalla ybadatlaryny yzygiderli ýerine ýetirýän gullary barada söz açanda: "Olar säher wagty ybadat ederler" buýurdy.
Emma gijeleriň içinden şeýle bir biri bar welin, ol gijede ýerde we asman semalarynda biri-birinden täsin hadysalar bolup geçýär we bu gijä dogry gelen ybadatlarymyzyň yza gaýdyşy beýlekilerden has haýyrly kabul edilýär. Gadyr gijesi-müň aýdanam has haýyrly, emma ýylyň haýsy gijesidigi dogry we takyk bilinmeýän, bizlere habar berlen käbir ýollaryň saýasynda haýsy wagta dogry gelýändigi barada çaklamalar ýöredýän, bu örän möhüm gijede görüň haýsy alamatlar bolup geçýär... Allahyň ötünç, bereket, rahmet gapylarynyň soňuna çenli açylýan bu gijäniň, Oraza aýynyň soňky 10 gününiň birinde gizlenendigini Hz.Muhammet pygamberimiz habar berýär. Indi geliň bu 10 gijeden hakyky Gadyr gijesini tapandygymyzy we bu gijäni amatly we dogry geçirendigimizi pikir edeýliň... Göreli bakaly, Allahyň rugsady bilen başymyza nämeler geler we nähili hadysalara duşarys...
Ilkinji bildirişleriň biri asman. Gadyr gijesinde asman açyk we asuda. Howa ne yssy ne sowuk. Duruň, itler nirede? Köp wagt geçmänkä bu gijede itleriň hem asuda we ýönekeý wagtdaky ýaly üýrmeýändigini görýäris. Duýup başladyk, bu gijede hakykatdanam bir tapawutlylyk bar. Asmanda hiç-hili ýyldyz gaýmasy hadysasyna duş gelmeýäris, diýýänçäk, gözümiz bilen görübilmesek hem Dünýä semasynda uly bir köpçülik jemlenip başlaýar. Gaty uzaklardan gelýän birileri bar...
Hat-da käbirleri ilkinji sapar Dünýäni ýakyndan görýärler. Diňeje Gadyr gijesi üçin ýaradylan perişdeler... Beýleki perişdeler bilen ählisi bu gije ýer üstüne düşýärler. Jebril (aleýhyssalam) perişdäniň ýolbaşçylygy bilen Dünýämize gelen perişdeler, bu gijede Dünýäniň 4 tarapyna dargaýarlar. Nirede doga edýän, gowluk edýän, Kuran okaýan, zikr edýän ynsan tapdylarmy onuň ýanyna gelip rahmet ganatlaryny ýaýýarlar. We bizler görübilmesekde eşitmesekde ýan başymyzda olar hem bizler bilen doga etmäne başlaýarlar. "Allahym, selâmet, esenlik ber" diýýärler. Tä gündiz gün dogýanyna çenli, siz şeýle gudratly bir gijede bolýaňyz.
Gadyr gijede bolup geçen täsin hadysalaryň biri hem Ömer hezretleriniň başyna gelen hadysadyr. Ömer hezretleriniň aýtmagyna görä, Gadyr gijesinde deňiz kenaryna gidip deňiziň suwundan içýär. Görýär welin deňiziň suwy duzly däl, süýji we örän ýakymlydy. Şeýlebir mukaddes gije barada söz edýäris welin, bu gijede edýän ybadatlaryňyz we sogaplaryňyz 30 müň esse köp edilip aňlymyza ýazylýar. Günälerimiziň hem ýuwulýan bu gije onda näme üçin bar? Allahu Tagalla näme üçin bu gijäni sowgat edipdir bizlere?
Pygamberimize özünden öň ýaşap geçen ymmatlaryň ömürleri görkezilipdi. We siziň hem bilşiňiz ýaly öňler adamlar bizlere garanyňda örän uzak ömürlidi. 1000 ýyl töweregi ýaşan pygamberlerden bulary bilýäris. Bu ýagdaý pygamberimizi öz ymmaty üçin gynandyrypdyr we biraz oýlandyrypdyr. Çünki bizler öňki ynsanlara garanyňda has gysga ömürli bolanymyz üçin eden sogaplarymyz müň ýyl ýaly ýaşan ynsanlaryňky bilen deň bolmaz we olaryňka ýetip bilmezdi. Pygamberimiziň gynanjyny ýeňiltmek üçin Beýik Allah Gadyr gijesini berdi we bu gijäni tapyp bilenleriň eden sogaplaryny geçmiş ýaşap geçenleriňkideň 1000 ýyl has haýyrly kyldy. Serediň, göýä tizlendirilen ýaly bu gijede eden ybadatlaryňyz nähili yzyna dolanýar...
Meselem Gadyr gijesinde diňeje Gadyr süresini okamak, başga bir wagtda Kurany Kerimi başdan aýak okamakdan hem has köp sogap gazandyrýar. Oraza aýynyň soňky 10 gijesinde gizlenen bu gudratly gijede 3 gezek "Lä ilähe illallah" diýen bir musulmanyň, birinjisinde ähli günäleriniň bagyşlanýandygy, ikinjisinde Jähennemden gutulandygy, üçünjisinde Jennete girjegi habar berilýär. Hezreti Muhammet pygamberimiziň beren habaryna görä, (Allahyň) gudratyna ynanyp we sogabyny diňe Allahdan umyt edip, Gadyr gijesini gowy amallar bilen geçirenleriň geçmiş günäleri bagyşlanar. Rasullahyň maslahatyna görä, şeýle doga etmeli: "Allahym, sen bagyşlaýjy. Bagyşlamany halaýaň. Menem bagyşla".
Bize şular ýaly mukaddes gije sowgat edilendigine görä, onda näme üçin onuň haýsy gijedigini bilmeýäris? Munuň hikmeti näme? Dindarlaryň aýtmagyna görä, Gadyr gijesiniň haçandygy takyk bilinmeýändiginiň sebäbi, gijäniň feýzinden peýdalanýanlar üçin örän amatly ýagdaý, eger Gadyr gijesi bize dogry bildirilsedi, musulmanlar diňe şol gije ybadat etmek bilen ýetinerlerdi. Munuň ýerine çala bilniksizlik girizildi we Oraza aýynyň ahyryny adamlar Gadyr gijesi ýaly edip ybadatlaryny edip bildiler. Emma başda-da belläp geçişim ýaly bu gizlin gije baradaky käbir ýollar, ony tapmagymyz üçin mümkinçilikler berýär bizlere. Onda bu ýollar haýsylar?
Ilki bilen Gadyr gijesiniň Oraza aýyndadygyna hiç-hili şübhe ýok. Bu anyk. Gadyr gijesiniň gündizinde gün gyzyla ýakyn reňkte dogýar. Bir hadisi-şerife görä: "Özünden başga ilah bolmadyk Beýik Allaha kasam bolsun, Gadyr gijesi Oraza aýyndadyr. Gadyr gijesi Resullahyň (Hz.Muhammet pygamberiň) bize namaz okap başlamagy buýruk beren gijesidir. Olam Oraza aýynyň 27-nji gijesidir". Başga bir rowaýata görä Hezreti Muhammet pygamber: "Gadyr gijesini tapmak isleýän, ony 27-nji gijede gözlesin" buýrup, 27-nji gijäni zikr we ybadat bilen uklaman geçirmegimizi maslahat edipdir. Gadyr gijesi Oraza aýynyň 27-nji gijesi diýlip musulman döwletlerde umumy kabul edilse-de, Oraza aýynyň soňky 10 gününiň bir gijesinde ýa-da soňky 7 gijesinde gözlenilmeli diýlen ýaly başga rowaýatlar hem bar. Şeýlelik bilen Oraza aýynyň soňky gijelerini Gadyr gijesi ýaly edip geçirmek has dogry bolar.
Ýeri onda näme, bu gijeden başlap, Gadyr gijesini başdan geçirmäne, taýynmyň?
Terjime eden: 〣EpifiZ〣
Çeşme: youtube.com/watch?v=JvrDS6newM0

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.