Futbol gözelliginiň öz ady bar: "Ronaldinýo"...
Futbol-millionlar oýuny, belki milliardlardyr bu gözelligiň şeýdasy. Oň özüniň karoly bar. Ady Pele - Edson Arantes du Nasimentu. Oň tagtyna dalaş edip biljek ýekeje garşydaşy bar. Ady Maradona, ýaşaýan ýeri ýüregmiz. Pele- mydama hak bolmagy öwreden bolsa, Maradona - ynsan öz hakykatlary üçinem göreşmelidigini öwretdi.
Futbolyň taryhynda beýikler köp bolan, häzirem bar beýikler, ýöne olaryň arasynda bir ägirt bar futboly sungat derejesine göteren, akyla sygmajak hereketleri bilen bu gözelligi adamzadyň döreden şedewrleriniň derejesine ýetiren. Ady Ronaldinýo, lakamy "jadygöý". Ol futbol gözelliginiň asyl nusgasydy, originaly şudy, oňa meňzemekçi bolýan soňkularda barybir nähilidir bir ýasamalyk duýulýardy.
Futbol oýnan döwründe-de, häzirem heýterleri bolmadyk bu zehin El klassikolaryňam bezegidi. Gandüşer duşman Real Madridiň janköýerlerem bu ýigidiň oýunlaryna maýyl bolup seredýärdiler. Belki, olaram bilendir bu ýyldyzyň uzak şöhle saçmajagyny.
Çagalara mahsus tämiz ýylgyrşy, "top bilen bile doglan" diýdirýän jadyly hereketleri futbolyň bezegi bolup taryha girdi.
Ol kärini söýýärdi, ýürekden ýerine ýetirýärdi, şeýdibem ýüreklerimize ebedi ornaşdy.
Ol futbola üýtgeşik nur, jady, rahatlyk alyp gelipdi, gidende bolsa hemmesini özi bilen alyp futboly ýetim goýup gidipdi.
Beýle zehin indi dogulmajagyny bilip, onuň pyýada ýörän Pariž, Barselona, Milan köçeleri öz arzyly ogluny hiç kime meňzemeýän Ronaldinýony küýseýändir...

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.