Ejiz diýýärler

Ejiz diýýärler

Ýumruk deý ýugrulan kalbyñy ezseñ,
Kyn güniñden başga hergiz gelýärler.
Çala artyk sylagyñy görkezseñ,
Adamlar adama ejiz diýýärler.

Kalpda gussa dolan bir düwünçek bar,
Çözsem syrym naýza bilen urjak bar,
Pursat tapsa yza itip ýykjak bar,
Şonda-da adama ejiz diýýärler.

Ynsap uçdy bir ýerlere howlugýar,
Dogry ýodalardan gyşyk ugrukýar,
Gözdäki damjalar ömre dolugýar,
Synlap göz ýaşlary ejiz diýýärler.

Elinde dünýäni göterjek bolup,
Halaldan harama iterjek bolup,
Iblisiñ oduna atarjak bolup,
Adamdan baýlygy eziz görýärler.
Belki şonuñ üçin ejiz diýýärler.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
0 лайков 69 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.