FUTBOL

– Ynha, siz Finlýandiýada futbolyň gazanýan üstünliklerine uçaýjak bolýaňyz. Siz şatlykdan ýaňa gygyryşýarsyňyz, özüňiziň «Güýçli aýak» atly jemgyýetiňiziň Şwesiýa, Norwegiýa, Daniýa ýaly goňşy ýurtlara ýaryşa çagyrylýandygyna, onuň eýýäm uzak Wengriýa ýurdunda bolandygyna we ol ýerde ýeňiş gazanandygyna buýsanýarsyňyz. Emma siziň şatlygyňyz meni begendirmeýär.
– Eger mähriban Suomimizde «Güýçli pikir», «Beýik iş», «Süýt önümçiligi», «Saýlama galla», «Ak mütgel», «Arassa ynsap», «Täze pikir» ýaly jemgyýetler bolan bolsa, men has bagtyýar bolardym.
– Men siziň, ýaş finlýandiýalylar, diňe bir wengerleri däl, nemesleri hem, fransuzlary hem, iňlisleri hem pökgi depmek bilen däl-de, kelläňiz, ýüregiňiz bilen, ylymda, ussaçylykda, söwdada, senetçilikde, akylly-başly düzülen kanunçylykda, halkyň öz ýagty geljegini gurmakdaky asylly göreşinde ýeňmegiňizi isleýärin. Bu beýik göreşde diňe bir damarlak aýaklaryňyz bilen uzaga gitmersiňiz. Pökgini kelläň bilen süsmek üçin daş ýaly maňlaý gerek, iň berk maňlaý bolsa goçuň maňlaýy. Men Finlýandiýanyň ýaşlarynyň bar buýsançlarynyň goçuňky ýaly gaty kelleleridigine ynanmaýaryn.
– Sokratyň heýkeli bilen Gerkulesiň meşhur heýkelini deňeşdirip görüň. Sokratyň portretinde ilki bilen akyldaryň giň, ýaýbaň maňlaýly ullakan kellesi göze ilýär Akyldaryň beýnisi şeýlebir uly bolup, oňa şol ullakan kelle hem darlyk edýäne meňzeýär. Indi Gerkulesiň heýkeline-de seredip görüň. Ilki bilen ol çykyn-çykyn bolup duran kuwwatly bedeni bilen haýran edýär. Gadymy grek rowaýatlarynyň gahrymanynyň berdaşly göwresi pürs ýaly ýogyn aýaklaryň üstünde ýerleşdirilipdir. Onuň elleriniň damarlary hut deňiz gämileriniň urganlaryny ýada salýar. Eginleri ýaýbaň, döşleri gapak ýaly, boýny öküziňki ýaly ýogyn, emma kellesi welin kiçi, boýnuna görä däl. Maňlaýy dar. Bularyň hemmesi siziň öňüňizde akyl-paýhasyň ýa-da ruhy güýjüň däl-de, ägirt uly fiziki güýjüň durandygyna şaýatlyk edýär. Gerkules – beden taýdan kuwwatly, süňkleri berk, damarlary güýçli adam, emma ol akyldar ýa da pähim-paýhas meýdanynyň pälwany däl.
– Men size Sokratyň ýa-da Gerkulesiň kellesini saýlamagy teklip etmeýärin. Men size aýaklaryňyzyň berdaşly bolmagynyň aladasyny edip ýörkäňiz Sokratyň kellesini hem unutmazlygy maslahat berýärin. Bir kadany ýatda saklaň: «Hem daýymlara barýaryn, hemem taýyma baş öwredýärin» diýlendir. Ýaş Finlýandiýa diňe topuň yzynda ýüwrüp bilýän adamlar gerek däl. Oňa fin halkynyň ykdysady, sosial, ylym bilim hem-de ruhy-ahlak durmuşyny öňe iterip biljek kuwwatly hereketlendirijiler – ynsanlar gerek.
– Ýatda saklaň! Finlýandiýanyň ýaşlarynyň wezipesi topy has güýçli, has ýokary depmek däl-de, öz halkyny ýokary götermek, watanyny has çalt ösdürmekdir.


Rus publisisti we jemgyýetçilik işgäri Grigoriý Petrowyň «Ak gülleriň ýurdunda» eserinden bir parcajyk


Yene'de bir parcajyk:

1925-nji ýylyň 18-nji iýunynda Parižiň golaýyndaky hassahanalaryň birinde rus emigranty Grigoriý Petrow aradan çykýar. Emigrantlar tarapyndan neşir edilýän gazetlerde bu barada habar berilmeýär, diňe Parižiň «Soňky habarlar» gazetinde Petrowyň soňky ýyllarda ýaşan ýeri bolan Ýugoslawiýada alyp baran işleri dogrusynda, şeýle hem onuň dogduk mekany Russiýada kim bolandygy hakynda «belli žurnalist we publisist», «öňki ruhany» diýen ýaly gysgaça maglumat berilýär.
Mundan bary-ýogy on ýyl ozal Grigoriý Petrowyň ady bütin Russiýa dolupdy. Onuň köpçülik ýerlerinde okaýan leksiýalaryna ýurduň çar künjeginden makaladyr kitaplarynyň muşdaklary ýygnanardy. Şol muşdaklaryň biri oňa şeýle ýazýardy: «Rus halky heniz rus halky hökmünde ýaşaýarka we akyl-huşy ýerindekä ruhany Petrowy unutmaz».
Grigoriý Petrow 1866-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Russiýanyň Ýamburg şäherinde dogulýar (häzirki Leningrad oblasty). Ol ilki Narwa şäherindäki gimnaziýada okaýar, soňra Peterburga gidip, şol ýerde ylahyýet ugrundan orta mekdebi, soňra akademiýany tamamlaýar. Şol döwürlerde ol özüniň ýokary derejede kämil öwüt-ündewleri, köpçülik ýerlerindäki leksiýalary bilen bütin Peterburgda meşhurlyk gazanýar. Dilewarlygy, pikirleriniň aýdyňlygy, çykyşlarynyň iň bir derwaýys meseleleri gozgaýandygy – bularyň hemmesi ony halkyň söýgüsine mynasyp edýär.
Grigoriý Petrowyň dilewarlyk ukyby onuň edebi zehini bilen utgaşyp, sada dilde beýan edilen hem-de hyjuwly duýgulara ýugrulan eserleri halkyň dürli gatlaklarynyň arasynda söýlüp okalýan kitaplara öwrülýär.
1 лайков 100 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 10 июн 2023, 02:08
Rus dilinden terjime eden Hojamuhammet AKORAZOW
#B.S
10 июн 2023, 02:53
Finlandlaryň futbol oýnap üstünlik gazanany ýadyma düşenak nämeüçindir.