Joraby ýatdan çykarma

2016-njy ýylda «The players’ Tribune» Pelàniň öz çagalygyna ýazan haty çap etdi. Kalplaryň inçe Taryna kakýan bu hatyň Terjimesi ady rowaýata öwrülen Futbolçynyň nàhili ýaşandygyna, nàmeleriň pikirini edendigine birneme gowy düşünmàge ýardam eder.


Mähriban Edson ýa­da Diko (maş­galada seniň adyňy şeýle tutmagy gowy görýärdiler ahbetin).
Meni ünsberip diňle.
Maşgalaňyz Tres­ Korasoýnsdan (Pe­leniň doglan şäheri – terjimeçiniň belligi) göçüp gideninde ejeň joraplaryny alma­gy unutma. Sen entek kiçijik, ýaňy 5 ýa­şyňda, ýöne şeýle bolsa­da sen joraplary ýanyň bilen alyp gaýtmalysyň. Eger sen olary ýatdan çykaraýsaň, onda seniň dur­muşyň düýbünden başgaça bolar.
Senem, seniň maşgalaňam Bauru at­ly kiçijik şäherçä göçüp bararsyňyz. Ol ýere göçmegiňize kakaň sebäp bolar. Ol «Bauru Atletiko» futbol toparynda çykyş edýär ahyry. Bauruda siziň maşgalaňyz ýönekeý, horaşaja jaýda ýaşar. Sen öz agaň bilen bir ýatalgada ýatarsyň. Bu, elbetde, gaty oňaýsyz, ýöne oňa derek siz ýegre dost bolarsyňyz.
Jaýyň töwereginde ot­çöp ýok, diňe palçykdyr kirşen bar. Şolam seniň ilkin­ji futbol meýdançaň bolar. Entek öňüň­de uly, ­uly stadionlaram kän bolar, olar hakynda men biraz soňra gürrüň bere­rin. Häzir bolsa seniň stadionyň öýüň öňündäki çaňap ýatan meýdan. Sen öz dostlaryň bilen taýajyklardan, bambuk agajynyň porruk şahalaryndan derwe­ze ýasanarsyň.
Hakyky top alara sende pul ýok. Hut şu sebäpli hem sen joraplary hiç mahal ýatdan çykarmaly dälsiň. Maşgalada pul gaty az. Şonuň üçin hem sen köne ga­zetleri jorabyň içine dykyp, ondan top ýasanarsyň.
Dogry, seniň topuň hemişe togalak bolmaz, ýöne onuň ullakan bir zeleli ýok. Sen öz dostlaryň bilen ençeme sagatlap daşarda futbol oýnarsyň. Size «Aýakýa­laňaçlar» diýip at bererler, sebäbi siz özü­ňize butsy alnyp bilmersiňiz. Sen köljerip ýatan çalpawlygyň daşyndan sapatyp geçmegi gaty tiz öwrenersiň. Seniň oý­nuňda esasy howp suwdan gelýär, şo­nuň üçin hem çalpawlyklar seniň aldap geçýän ilkinji goragçylaryň bolar. Mege­rem, sen häzir ejeňden ötünç sorap jaň etmek üçin bu haty gapdala goýarsyň, sebäbi sen indi nijeme ýyl bäri onuň jo­raplaryny haraplap ýörsüň, ony jorapdan çykardyň!
Seniň ejeňi aýtsana. Ol örän gagal aýaldyr. Men bu haty ýazýan mahalym onuň 99 ýaşy dolup barýar. Ýöne ol en­tek­-enteklerem seniň gaharyňy getirýär. Görüşmek üçin ýanyna baranyňda onuň bilen islän zadyň hakynda gürrüňleşi­bem bolanok. Ol saňa «Bäri meniň öýüm, şonuň üçinem meň işlem hakda gürrüň et» diýer. Ynha, şeýle.
Ol — elmydama öýüň hojaýyny. Ka­kaň, köplenç, futbol oýnamaga gidýär, ol bolsa öýi, puly aýawly saklaýar, sen­de, agaňda hem­de uýaňda okara kitap, geýere aýakgap bolmagyna göz­gulak bolýar. Ol saňa örän wajyp sapaklary öwredýär. Onuň bir öwreden sapagyny bolsa sen hiç mahal ýatdan çykarmar­syň. Ol sapak melleginde mango agajy ösýän goňşy aýal hakynda.
Bir gezek sen onuň agajyndan man­go miwesini ýolup, öýe alyp gelersiň.
Ejeňem senden:
— Diko, sen ony nireden aldyň? — diýip sorar.
— Ýoluň aňrysyndaky Donna Mari­ýadan.
— Sen ondan soraşyp aldyň dälmi? — Hawa, elbetde, soraşdym.
Bu bolsa ýalançylyk.
Ol «Ýagşy, Diko, ýör gideli, bu aýd­ýanlaň dogrumyka?! Donna Mariýadan soraly».
Hawa, kämahal bolgusyzlygam ed­ýäň. Ulalanyňdan soň, bu zatlary ýat­larsyň, öz­özüňden utanarsyň. Ýöne bu ejeň saňa beren iň wajyp sapagy bolar. Bu ýerde gürrüň mangoda däl, Edson. Gürrüň seniň beýleki adamlara sylag­ hormat goýmalydygyň barada gidýär.
Indi, gel, kakaň barada gürrüň edeli. Ol seniň köçede futbol oýnaýşyňy kän syn­lar. Sen bir, iki, üç, kämahal bolsa dört golam derwezeden geçirersiň, ýöne onda­da ka­kaň senden nägiledir. Ol saňa: «Bu oýnaý­şyň bolanok, has gowy oýnamaly» diýer.
O nähili? Hiç zada düşünýän dälsiň. Olam aýdar: «Ýok, ýok, ýok. Sen başga­ça oýnamagy öwrenmeli. Meýdana çy­kanyňda, sende her hili emeller bolmaly. Diňe gol geçirmek däl, başga­da köp zat­lary başarmaly».
Onuň bu aýdýan öwüt­-nesihatlary juda gymmatlydyr. Muny sen hemişe ýadyňda sakla. Biraz soňra durmuşyň özgerer. Ýöne entek ol saňa şol aýdan­laryny gaýtalar, hatda «Santosda» oýna­ýan mahalyň hem şu aýdanlaryny ýan­jar ýörer.
Futbol seniň hünäriň bolar. Göwrümiňi giň tut. Men saňa birneme soňra bu ha-
kynda aýdaryn).
Oýundan soňra kakaň:
— Sen iki-üç gezek pas bereňde ýalňyşdyň. Näme boldy? — diýer.
— Kaka, biz 4:1 hasabynda utduk
ahyry — diýersiň.
— Sen ýoldaşyňa topy dürs bermeli,
takyk oýnamaly. Şony başarsaň has ökdelärsiň.
Bilýäňmi näme, kakaň seň bilen basdaşlyk etmegi halaýar. Ol bir oýunda kellesi bilen bäş gol geçiripdir. Bu bolsa Braziliýanyň rekordy.
Sen «Marakanada» 1000-nji goluňy geçirersiň. Ol gol 11 metrlik urgudan geçiriler, muny görmek üçin tutuş dünýä durky bilen göz-gulaga öwrüler. Janköýerleriň haýsy topary goldaýandyklaryna garamazdan, stadion bir uly toý-meýlise öwrüler. Saňa baýrak bererler, her dürli edip surata düşürerler, bu waka taryh boýunça okuw kitaplaryna giriziler. Ýöne baýramçylyk wagty kakaň ýanyňa geler hem-de gulagyňa çawuş çakar: «Men bir oýunda diňe kelle bilen bäş topy derwezä geçirdim, sen şony başardyňmy?».
Ikiňizem gülüşersiňiz. Seniň kakaň üýtgeşik adam — sen diňe şol sebäpli futbol oýnamagyň kül-külüne düşdüň. Futbol ýolunyň ahyrynda şikes alan bolsa-da, sen ony hemişe iň gowy oýunçy diýip hasaplarsyň. Seniň bar islegiň kakaňa meňzemek bolar.
Sen hiç haçan bir oýunda kelle bilen bäş goly derwezä geçirmersiň, ýöne örän köp gol salarsyň (1283), «Pele» ady bilen tutuş dünýä ýüzüne meşhur bolarsyň.
Pele? Kim ol Pele diýilýän? Seniň adyň Edson, eneň-ataň saňa amerikaly oýlap tapyjy alym Tomas Edisonyň hormatyna şeýle at dakdylar (Pele özüne «Pele» diýilmegini halamandyr, bu lakamy dereksiz hasaplapdyr hem-de Tomas Edisonyň hormatyna dakylan Edison adynyň tutulmagyny isläpdir. Terjimeçiniň belligi).
Seniň Edson Arantis du Nasimentu adyňa buýsanýandygyňy bilýärin. Sen häzir adyň sarpasyny belent sakla, çünki soňra seniň bu adyň unudylar.
«Bauru» toparynda Bile diýip derwezeban bardyr. Bir gezek mekdepde sen öz ýoldaşlaryňa: «Peläniň nähili topy saklanyny eşitdiňizmi?» diýip sorarsyň. Olar bolsa gülüşip: «Onuň ady Pele däl, Bile!» diýerler. Soňam «Pele, Pele» diýşip, seniň gaharyňy getirerler. Senem muňa çişersiň, bir gezek bolsa şu sebäpli mekdepde urşarsyňam, şonuň üçin seni iki gün okuwdan uzaklaşdyrarlar. Muny ejeň eşidensoň, näme boljakdygyny bilýärmiň?! Wah-wah... neresse oglanjyk... Şol günden başlap, saňa her kim Pele diýer. Ýöne sen hiç mahal Edison atly oglanjygy ýadyňdan çykarmagyn. Ol hakda ýatlamalary hakydaňda pugta sakla.
13 ýaşanyňdan soň, sen futbol bilen has çynlakaý meşgullanmaga başlarsyň. Bu seniň futbolçy hökmünde haýran galaý­maly hünär ýoluň başlangyjy bolar. Ilki sen kakaň çykyş edýän Bauru şäheriniň «Atletikasynyň» ýetginjekler toparynda oýnarsyň. Ýogsa­da, bu ýerde sen öz zähmet ýoluňa hem başlarsyň — sen uly toparyň oýunçy­larynyň butsylaryny arassalarsyň. Olar sa­ňa her arassalan jübüt butsyň üçin bir­iki şa­ýy bererler. Kän pul däl, ýöne saňa hakyky top satyn almak üçin bu ýeterlik bolar. Indi­den beýläk saňa joraplaryň geregi bolmaz!
Sen gowy oýnaýan ýaş futbolçy bolar­syň. Seniň durmuş ýoluňda Waldemar de Brito atly bir asylly adam peýda bolar. Ol se­niň «Santosda» futbol oýnap başlamagyňa hem sebäp bolar. Sende uly başarnyklaryň bardygyny görenden soň, ol saňa ýüzlenip, şeýle diýer: «Pele, men seniň örän gowy futbolçy bolup ýetişjekdigiňe ynanýaryn. Ýöne sen hiç mahal özüňi iň ökdedirin diýip hasaplama. Hiç mahal özüňi özgelerden belent tutma. Kän pul gazanyp başlasaň, onuň belli bir bölegini geljegiň üçin aýryp goý. Hemme gazanjyňy gara bokurdaga, oturlyşyklara we beýleki durmuş eşretlerine sowurmaly däldir. Sen elmydama barly ýönekeý ýigitligiňe galmalysyň».
Bu sözleri pugta ýadyňda sakla, çün­ki sen 15 ýaşyňda hakyky futbolçy bo­larsyň. Sen häzir kiçijik oglanjyk. Ilkinji gezek «Santosyň» geýim çykarylýan jaýyna baranyňda futbolçylaryň öz but­sylaryny nähili daňýandyklaryny görer­siň. Birneme gorkarsyňam, çünki olaryň hemmesi uly adamlar. Soňra sen öz köý­nekçäňdäki belgä seredersiň hem­de ol ýerde ýazylan «onlugy» görersiň. Öz ýa­nyňdan «Eý, Hudaý, näme­-nämeler
bo­lupýör? » diýip, pikir edersiň. Bu pursady ömürbaky ýadyňda saklarsyň.
Futbol toparynyň müdiri: «Pele, bä­ri gel. Futbol köýnekçäňi geý, häzir seni surata düşürerler!» diýip çagyrar.
Şarkyldap surata düşürýän fotoen­jamlaryň ýalpyldysyndan gözleriň ga­maşar. Sen örän arryk, şonuň üçinem fut­bolkaň saňa uly bolar, daşyndan gülkünç görner. Müdir saňa: «Ertir däl­de, birigün suratyň ähli gazetlerde çap ediler, ýagşy ýigit» diýer. Soňra bolsa kakaň ýanyna yl­garsyň, şatlyk bilen oňa buşlarsyň: «Ka­ka, men onunjy belgili futbolkada surata düşdüm, megerem, olaryň maňa göwni ýetdi öýdýän!».
Ýöne sen entek bauruly şol kiçijik og­lanjyk ahyry. Gowusy, men saňa başga bir gyzykly wakany gürrüň bereýin.
Santus seniň öýüňden juda uzakda ýerleşýär. Ilki bilen sen otluda bäş sagatlap gidersiň­de, San ­Paulu şäherine gelersiň. Soňra Santusa çenli ýene iki sagatlap
aw­tobusda gidersiň. Edison, sen şonda ýanyň bilen kitap äkidip okagyn, ýöne oturgyçda irkiljiräp otursaň­a bolmaz.
Hawa, onsoň günleriň bir güni Santusa gelersiň, ol ýerde kakaň seni garşylama­lydyr. Sen garaşarsyň, garaşarsyň, gaty kän garaşarsyň, ol bolsa gara bermez. Daşary tüp yssy, sen suwsap başlaýaň. Nätjek, kakaň gelenok, entek näçe garaş­jagyňam belli däl, kenara gitmek gerek. Suwsap agzyň kepäp barýandyr. Bu ýer­de arassa agyz suw niredekä?! Çomma­larsyň­da, goşawuçlap suwy alarsyň, içip ugrarsyň.
Tüf, tüf diýsäni! Bu näme boldugy? Agzyňa alar ýaly däl­le bu suwy. Be­e, näme üçin bu suw şeýle şor­ka? Awuly bolaýmasyn?! Bu wakany soň­soňlaram kän ýatlarsyň, baý­baý, gülmek güler­siň­ä, ynanaý şuňa. Hawa, sen Bauruda deňzem, suwa düşülýän çägesöw kena­ram görmändiň. Santusda bolsa ajaýyp mawy umman. Sen şonda ilkinji gezek ummany görersiň. Ummanyň suwuny iç­megin, Edison! Ony içip bolýan däldir.
Futbol meýdançasynda bolsa sen özüňi has oňaýly duýarsyň. Sen «Santos­ da» ýarym ýyl hem oýnap­oýnamakaň Milandan, Madridden, asyl tutuş dünýä ýüzünden çakylyk bilen üstüňi gömerler.
Meň aýtjak zatlarym akyla sygmajak ýalydyr, ýöne onda­da diňle: ol çakylyk­laryň hiç birini kabul ediji bolmagyn. Ýene bir gezek gaýtalap aýdýan: ol teklipleri kabul etme. Onsuzam, saňa daşary ýurt­lara gitmäge kän mümkinçilikler bolar, ynanaý şuňa.
Saňa Santosdan gitmek nämä gerek? «Balyklar» («Santosyň» lakamy şeýle) seň ýüregiňe ýakyn, olar seniň üçin gym­matly. Sen öz topardaş ýoldaşlaryň bi­len «Santosy» diňe bir Braziliýada ýa­da Günorta Amerikada däl, tutuş dünýä ýü­zünde iň gowy kluba öwrersiňiz. 1962­nji ýylda bolsa siz üçleýin ýeňiş gazanar­syňyz — Braziliýanyň kubogyny, Li­bertadores kubogyny hem­de Yklymara kubogy eýelärsiňiz. Siz köp gezersiňiz, dünýäniň ähli künjekleriniň toparlary bi­len ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirersiňiz. Kongoda bolsa siziň oýnaýan wagtyňyz, hatda raýat urşy hem saklanar.
Sen topar bilen kän aýlanarsyň, ýöne şonuň bilen birlikde maşgalaň bilen bol­maga hem wagt taparsyň. Diýmek, «San­tosdan» gitmek saňa nämä gerek?!
Sen milli ýygyndyda oýnamaga baş­larsyň. Bu bolsa seniň üçin ägirt uly ab­raýdyr. 17 ýaşyň dolanda, 1958­nji ýylda sen ilkinji gezek Dünýä kubogyna gat­naşmak üçin Şwesiýa uçarsyň. Şwesiýa­daky köp zat seni haýran galdyrar. Sen ol ýerde batareýalarda işleýän radioenjamy görersiň, onuň ýaly zat Braziliýada entek ýokdur.

(dowamy bar)

Terjime eden Gurbangeldi Màmmetsàhedow, Tdbsi-niň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.

dowamy barmysh yone men alyp bilmedim ?
1 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.