Enäniň ogluna we gyzyna ýazan haty

Mähriban gyzym,oglum, şeýle gün geler.... Men garraryn,şonda mana
düşünjek bol,goldawym bol! Eger-de nahar iýenimde birden
dökäýsem ýa-da seniň kömegiňsiz geýinip bilmesem sabyrly bol !
Çünki men saňa bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutma! Eger-de
seniň bilen gürleşemde şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň
sözümi bölme. Haçan-da sen çagakaň sen uklar ýaly şol bir hüwdini
mün gezek aýdanymy unutma ! Haçanda täze tehnologiýalara
duşünmedik wagtym ,gülüp seretme . Men saňa köp zatlary
öwredenimi unutma! nädip dogry iýmeli ,gürlemeli,nädip özüňi dogry
alyp barmaly we ş.m . Eger-de ikimiz gürleşip otyrkak men
gürrüňimizi ýadymdan çykarsam,gynanma,iň esasy zat şol wagt: men
seniň bilen gürleşip,seniň bolsa meni diňläp bilýändigiň... Eger-de
günlerde bir gün meniň aýaklarym hereket etmesini goýsa,maňa
elleriňi ber,meniň saňa ellerimi berip ýöremegi öwredişim ýaly.
Birden-kä aňym gidip zeýrenen wagtym gaharyň gelmesin, wagty
gelende sen maňa düşünersiň.
Meniň garrylygymy görüp gynanma ,ejizleme,aglama. Meniň saňa
başda kömek edişim ýaly,senem maňa ömrümi ahyrlamaga kömek
ber, meniň ýanymda bol,ömrümi sabyrlylyk hem-de söýgi bilen
tamamlamaga kömek ber.... Men bolsa saňa öz ýylgyrşymy hem-de
hiç wagt öçmejek ummasyz söýgimi serpaý goýup giderin. Men seni
söýýän mähriban çagajygym!!!
7 лайков 95 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
05 июн 2022, 19:47
❤❤❤❤❤❤
Black Panther
05 июн 2022, 19:54
Ejelerimiziň ömri uzak, janlary sag bolsun. LIKE