Magtymgulynyň döredijiliginiň 400 ýyllygyna ;)
Magtym atly kursdaşym bardy. Doly ady Magtymguly. Dz ilinden. Bu işigaýdan bir gün palow iýipdir. Özi gürrüň berýär. Dzly gardaşlar bilýändir. Palowy tabakdaşsyz iýilenok, ýagny, ýeke iýmek uslyp däl, hökman ýoldaşyň bolsa has gowy, agzybirlikden nyşan. We ýene bir gowy tarapy palowy elde iýýäler: dört barmagyňy gysyp, agzyňa sygjagyny her gezekde tabagyň gyrasyna süýkäp, burnyň aşagyna göýweribermeli...
Gepiň tümmek ýeri, Dzlylar palow bişirse ýagyny, etini, garaz hemme zadyny bol'dan edýär, gysganylanok. Onsaň, onça ýagyň içinden eliň bilen däneläp tüwi iýersiň-de, eliň ýag bolmajakmy?! Nahardan soň eliňi syksaňam, bir ýumurtga çakarlyk ýag çykýar. Gürrüňsiz!
Eli ýagly Magtymam, türkmençilik nirden kellesine gelipdir, onçasyny bilemok, däp-dessur berjaý edesi gelipdirmi, kiçilikden gulagynda galan ýeketäk adat diýip edýärmi, onçasynam bilemok, palow iýilensoň, ýaňky ýagly elini biri-birine süýkäpdir... barmaklarynyň arasyna çenli (Gowy görülýän adatmyş, sogapmyş)...
Şol durşuna-da ýatypdyr agşam. Oba jaýlaryny özüň bilýäňiz. Tarakansyz, garynjasyz öý barmy. Işigaýdan diýýänim şondan-da... Ýeri, süýkediň, dessur etdiň, sogap gazandyň, eliň guransoň, ýatmankaň ýuwyp ýatmaly-da tentek! Ol arada elini başga ýerlerine-de, eşiklerine-de çyrşandyr belki.. Garaz, uzakly gije tarakanlar, ýag garynjalar bilen darkaş guryp geçipdir.
Olar-a mör-mörjek. Ys alýandyr-da, ýalamana gelýändir. Sen adama-how, ýuwunaýda ýatmankaň.
Ukusy agyrdyrda bendäň, garynjalar hüjüme geçen mahaly duýan bolsaň, turyp el-ýüzüňi ýuwyp, ýeriňi üýtgedip ýatybermeli-dä..
Ertesi görse elleri, boýunlary dişlem-dişlem garynjalaň yzlary...

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.