HANYM GANSKAÝA YAZAN HATYM

Bizde eýýäm gyş düşdi, mähribanym. Men özümiň gyşlagyma geldim, size tanyş bolan ýerimden gaýtmaly boldum. Ine, şu düşelgämde men siziň ilkinji hatyňyzy aldym, şonuň üçin men bu ýerini indi önkimden has beter gowy görüp başladym. Bu ýere dolanyp gelelim bäri men siz hakda oýlanýaryn, mähribanym. Özem siziň bilen birje minudam bolsa gepleşmek höwesi bilen dolup-daşýaryn. Men sizi, aýdyşyňyz ýaly nädip söýmän bilerin. Uzakdanam bolsa, söýgüden halys surnugan ýüregimi ýylatmaga, ilki siz geldiňiz ahyry! Men asman perisiniň ünsüni özüme çekmek üçin hemme zat etdim. Şonda meniň ýaragym diňe söz boldy, başga hiç zat. Soňra siziň özüňiz çaklap bildiňiz: ruhy, ýüregi, adamy gördüňiz. Men düýn siziň hatyňyzy okap otyrkam öz durmuşyma diňe sizin düşünjekdigiňize göz ýetirdim. Siz özüňize hat ýazmaga nädip wagt tapýanlygymy soraýarsynyz. Ine, şeýle, mähriban Ýewa! (Siz maňa adyňyzy gysgaldyp, şeýdip tutmaga rugsat beriň, ana, şonda meniň üçin zenan diyen düşünjäniň sizden başlanýandygyna, meniň üçin dünýäde ýeke-täk zenandygyňyza düşünersiniz, siz ilkinji erkek kişiniň ýoldaşy ýaly, meniň üçin hem siz bütin dünýäni dolduryp dursuňyz). Ine, şeýle, siz binowa bendeden, hiç wagt wagty ýok ýazyjydan öz söýgülisine ýüzlenende ýa-da ol hakda pikiredende onun üçin iň bir möhüm zady gurban etmeli bolýandygyny soran ýeke-täk zenan bolduňyz. Meniň töweregimdäkileriň hiç biri bu hakda pikir hem etmeýär, her kim ýaýdanyp durman meniň wagtymy aljak bolup dur. Men bolsa indi ömrümi saňa bagyşlasym gelýär, dine sen hakynda pikir etmek, diňe sen hakynda ýazmak isleýärin. Eger-de men ähli aladalarymdan azat bolan bolsadym, onda başyma geýdirilen abraý täjimi, şöhratymy, özümiň iň gowy eserlerimi, edil aýadaky däne ýaly edip, söýginiň hatyrasyna, zyňyp goýbererdim. Söýmek, Ýewa, meniň ýaşaýşymyň diregidir.
Indi köp wagtdan bäri men siziň suratynyzy bermegi haýyş edesim gelýärdi, eger meniň şu haýyşym siziň göwnüňize degmeýän bolsa, onda siziň bilen görşenimde öz eliňizden alyp gaýtsam ajap bolardy... Men saçymy ösdürip gezýärin. Hemmeler: «Näme üçin? Näme üçin?» diýip soraýarlar. Men bolsa olardan siziň bilezik we zynjyr örmegiňizi we özüňize baglap goýmagyňyzy isleýärin.
Meni bagyşlan, mähribanym, men sizi ilkinji söýginiň şatlygy, ähli oý- pikirleri, arzuw-telwaslary bilen söýýärin. Eý, mähriban perizat, men:
«Eger-de meni siziň ýaly ýigrimi ýedi ýaşly bir zenan söýsedi, gör, men nähili bagtly bolardym. Ýaşlarymyzyň aratapawudynyň saljak aýraçylygyndan gorkman, ony ömrümiň ahyryna çenli söýerdim!» diýip, näçe gezekler gaýtalapdym. Siz meniň boýnumdan asyp ýörýän tumarym. Meniň diýýän şol söýgimi mydama duýup ýörmäge mümkinçiligiňiz bar!
Mähribanym, aýyň 18-ne Bezansona gitmegi göz öňünde tutýaryn. Möhüm işler şony talap edýär. Eger şol pikir ejeme degişli däl bolsady, onda men olary taşlardym. Häzir beýtsem, meni akylyndan azaşypdyr diýerler. Maňa özümi akyl-huşy ýerindäki adam hasaplatmak gaty kyn düşýär. Şonuň üçin men siziň bilen hoşlaşmaly bolýaryn. Gaýdyp gaýga batmaň, meniň ezizim, size gaýgylanmak bolmaýar, çünki siz isiendik mahal özüňizi beýleki biriniň ornunda görüp bilýärsiňiz, öz ýüregińizde özüňiz barada däl-de, başga biri hakynda oýlanmaga ýer bar.
Men özüme kagyzlary we hatlary saklamak üçin gutujyk sargadym. Onsoňam, edil şonuň ýaly gutujygy seniň üçin hem sargadym. Indi: «0l şu gutujygy sypalar, ony höwesli açyp görer» diýip aýtmak maňa diýseň ýakymly. Onuňam üstesine, oi menin gözüme gaty naşyja görünýär, ol gymmatbahaly agaçdan ýasalypdyr. Siz onda söýgi şahyry, fransuz şahyrlarynyň iň ajaby öz Şanseňizi saklap bilersiňiz, onuň goşgularyny dyzyňyzyn üstünde goýup okamagy maslahat berýärin!
Hoş, sag boiuň, şatlyk hazynasy, sag boluň. Ýöne siz name üçin hatynyzda boş aк sahypalary goýup gidýärsiňiz. Umuman, ony şeýdeniniz ýagşy... Men olary dolduraryn. Olara siziň eliňiz degendir diýip, özüme aýdýaryn hem-de şol arassa kagyzlary ogşaýaryn! Hoş, sag boluň, meniň arzuw-umydym! Tizden duşuşýançak! Aýtmaklaryna görä, Bezansona otuz alty sagatda baryp bolýarmyşyn.
Hawa, hoş, sag boluň, meniň mähriban Ýewam, meniň umyt baglaýanym, ýagtyýyldyzym! Onsoňam, bilýäňizmi näme, men, haçan-da, sizden
hatalmaly pursat golaýlanda mende nähilidir bir düşnüksiz, ýöne gaty ynamdar duýgy peýda bolýar! Käte meniň duýgym şeýle bir güýçli özüni görkezýär welin, sizi göremde: «Ine, ol şol. Meniň zenanym» diýip aýtjaklygyma ynanýaryn. «Şol» diýýänim, meniň söýgülim — sen.
Tizden duşuşýançak, hoş, sag bol.


Salamlar bilen Onore de BALZAK
0 лайков 80 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
12 июн 2023, 05:03
Heziller edinip okadym. Başga-da bar bolsa ýetirip dur.
Elif
Автор 13 июн 2023, 22:58
Shu hat ozume yazylan bolaysa diydirya ))