KÀBÀME...

Sen käteler ýatdan çykýaň.
Ýazygymyzy geçeweri.
Aslynda bir dem unutmak.
Günämişin ejeleri.

A biz bolsa işlisiräp.
El degenok diýen bolýas.
Daň säherde işe gidip.
Agşamara işden gelýäs.

Sen bolsa garap duransyň.
Daş işikde ýolumyza.
Bu-da edil bolmalysy.
Şeýle ýagdaý ýaly bize.

Biz gaharly, ýüzimizde.
Bir ýerde bäş sany deşik.
Uzakly gün zähmet çekip.
Arypmyşyk, ýadapmyşyk.

Daşymyzda elewreýäň.
"Oglum nahar taýýar ine."
"Men ýadadym. Aç däl. Ýatjak.
Eje azar bemesene"

Ine şeýdip seň göwniňe.
Degip ýöris bilip bilmän.
Bize beren mähriňi-de.
Dolulygna alyp bilmän.

Gijeler ýatman hüwdiläp.
Ýuwyp biziň arlygmyzy.
Ulaldanam bolsaň käte.
Unudaýýas barlygňyzy.

Kän ynjytdyk käbäm seni.
Günälemiz geçeweri.
Başymyza täç etsegem.
Azdyr, azdyr ejeleri.

Mätgurban Mätgurbanow
1 лайков 64 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.