"Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary" kitabyna seljerme

Dilewarlyk we gowy gürlemek barada kitaplar ýazyldy. Bizdenem ýazan bolupdyr. Ady "Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary", awtory O. Çaryýewa. Kitap erbet däl, meniň göwnümden turdy. Kitabyň başy dilewarlygyň taryhy barada, soňra bolsa dilewar nähili bolmaly, dilewarlyga taýýarlyk, nämeleri berjaý etmeli we ýerine yetirmeli, 2-nji bölümi bolsa şol zatlar barada. 3-nji bölüminde bolsa asyl gyzyklanýan zatlarym bar eken. Geň galaýmaly ýeri kitapdaky agzalýan zatlaryň köpüsi öň hem bilýän zatlarym eken, ýagny "nädip diňleýjini täsirlemeli", "nädip gowy gürlemeli", "nädip jedelleşmeli", bu zatlar haýsam bolsa dilewarlyk kitabynda ýer alýar. Meniň özüm üýtgeşik zada gabat gelmedim. Ýöne siz bilenem paýlaşaýyn diýdim we özüme gerek ýerlerini belläp aldym. Maksadym siziň jedel meselesinde biraz gözüňizi açmak. Gowy gürlemek bir sungatdyr, gowy sesli bolmak bir sungatdyr, gowy jedel edip bilmek bir sungatdyr. Dilewarlygyň sözlükdäki manysy şu:
"[dilewa:r], syp. Çeper geplemegi başarýan, gepe çeper, gepe-gürrüňe ökde." Çyndanam şeýlemi ýöne? Mundan has köp zady aňladýandygy belli. Ýaýyň içinde öz sözlerimi ýazjak, düşündiriş berjek.


Sözleýän adamyň sesi we onuň äheňi on bir görnüşli duýgyny aňladyp biler: şatlyk, gorky, mähir, geňirgenme, biperwaýlyk, gazap, gussa, ýigrenç, hormat, utanç, öýke. Emma ýazgydaky maglumat şolaryň birini-de aňladyp bilenok.
Dilewar özüniň dil medeniýetine aýratyn üns bermelidir. Dilewar sesine, äheňe, mimika, sözleýiş medeniýetine üns bermelidir.
Adamyň gysga wagtlyk we uzak wagtlyk ýatkeşligi bardyr. Gysga wagtlaýyn ýatkeşlik düşünmeklik mahalynda gelýän habarlary toplamakdyr. Diňleýjileriň täze habary ýatda saklamagyny ýeňilleşdirmek üçin dilewar olara kömek bermelidir. Mysal üçin, täze habary olara öň tanyş bolan bir habar bilen baglanyşdyrmaly. Baglanyşdyrylýan habar takyk, örän janly, täsirli bolmalydyr.
(Biz gürlämizde sesimiziň tony köp zat aňladýar, meselem gaty gelşiksiz sözi hem sesimiziň tony bilen berýän täsirini üýtgedip bilýäris. Muny seminarlarda gürleýänler gowy başarýarlar. Gysga wagtlyk ýadymyza şu mysal bolup biler, meselem telefon nomeri ýatda saklamaly wagtlaýyn, şony öwrenýäris, ulanýarys soň ýatdan çykarýarys. Ýa-da egzamyna taýynlykda, öwrenýäris, ýat tutýarys, soň ol maglumatlar bize peýdasyz bolany üçin unudylýar. Uzak wagtlyk bolsa unutmaýanlarymyz, meselem Türkmenistanyň paýtagty näme? Aşgabat, biz muny unutmaýarys sebäbi bedenimiz bilen birleşen bir maglumat bu.)

Analogiýa. Ýalan analogiýany sofistler giňden ulanypdyrlar. Häzirki zamanda ony syýasatçylar öz garşydaşlaryna garşy göreşde ulanýarlar. Mälim bolşy ýaly, faşizme garşy ýigrenç bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Şondan peýdalanyp, käbir syýasatçylar ýa-da syýasy toparlar, köplenç, toslanyp tapylan alamat esasynda öz garşydaşlaryny abraýdan düşürmek üçin «faşist» diýip masgaralamak tärini ulanýarlar.
Emma öz syýasy garşydaşyny masgaralamak üçin bilkastlaýyn «ýalan umumylaşdyrmalar» hem giňden ulanylýar.
(Ýalan analogiýa diýýän zady lakam dakmak, kitapda özi hem aýdyp geçýär muny. Meselem siz bir jedel edýän bolsaňyz, jedele başlamankaňyz adamlar tarapyndan ýigrenç duýulýan bir sözi oňa dakmak, ýemlemek gerek. "Faşist", "dönük", "milletparaz", "jynsparaz" we ş.m. Bu sizi bir ädim öňde başladar. Sebäbi adamlaryň ýigrenjini oýarýaň. Köp ulanylýar bu usul, jedelleşýänlere, syýasatçylara seretseňiz köp duş gelersiňiz.)

Düşnüksiz, anyk däl başganyň sözüni («Bir akyldar aýdypdyr») getirmeklik sowatlylygyň alamaty däldir;
(Edil şuny menem pikir edýärdim welin kitapda hem ýazylypdyr, hakyky eken. Ynsanperwerde filosofiýany okap gelen mugallymym bir zat gürrüň berip durdy, şonda "bir filosof aýdypdyr..." diýdi, adyny bermedi. Ahaw sen filosofiýany tamamlapsyň, filosoflary tanamasaň bolmaza, şonda şeýle pikir edipdim.)

Kähalatda, aýratynam, diplomatik çykyşda ewfemizmler
(grekçe euphemismos – gowy geplemek) ulanylýar. Ewfemizm – bu haýsy-da bolsa bir zadyň adyny başga bir ýumşagrak söz bilen çalyşmakdyr. Mysal üçin, negrler – garaýagyz ilat, yzagalak ýurt, ösüp barýan ýurt; gozgalaň – tolgunyşyk, demokratiýanyň bogulýan ýurdy, demokratiýanyň döräp barýan ýurdy; açlyk – azyk kynçylyklary we ş. m.
(Bu aýdýan zady sözi ýumşatmak. Meselem Türkiýäniň habar kanallaryny görýän bolsaňyz, terrorçylary öldürenlerinde göni "öldürdük" diýýän däldirler, "etkisiz hale getirdik", "imha edildi" diýýändirler, "katlettik", "bitirdik" diýenoklar, ýagny halkyň aňyna ol erbet düşünjäni sokanoklar. Bizde-de "aradan çykdy", "dünýäden ötdi", "amanadyny tabşyrdy" diýýändirler.)

Giperbola (grekçe hyperbole – üstünde, ýokarsynda, ýokary) – märekäniň ünsüni aýdylýan pikire çekmek üçin çendenaşa çişirmek. Mysal üçin, «gan derýa bolup akdy», «maslyklar dag ýaly üýşüp ýatyr»
(Taryh giperbola bilen dolup ýatyr. 2-3 müň adam ölse 40 müň adam öldi. Ýa-da bir waka bolsa gulakdan gulaga geçip bir mifologiýa bolmagy. Leýli we Mejnun dessany, Nuh tupany, Şahmaran, Oguz han we ş.m)

Degişme, gülki märekä has güýçli täsir edip, ol ähli adamlary öz içine alýar. Ýöne dürli märekäniň dürli zadyň üstünden gülýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Sebäbi olaryň bilim, sosial, milli, ýaş aýratynlyklary bolýar. Psihofiziologlaryň barlaglarynyň netijesiniň görkezmegine görä, gülki wakanyň mazmuny barada garaşylýan zat bilen garaşylmadyk hakykatyň arasyndaky sazlaşygyň bozulmagy netijesinde döreýär.
Degişmäniň, gülkiniň örän köp öwüşginleri bardyr. Ýumor we satira degişmäniň gapma-garşylykly taraplarydyr. Olaryň arasynda örän köp öwüşginler ýatandyr.
Ýumor (iňlisçe humor – şähdaçyklyk, keýpiköklük), şorta, ýagny dostlukly gülküdir. Ol bir hadysany ýok etmäge däl-de, ony kämilleşdirmäge çagyrýar. Öz gezeginde ýumoryň hem dostlukly, inçe, gödek, gamgyn, rehimsiz, ýowuz bolup bilmegi mümkindir.
Satira (latynça satira – bulam-bujarlyk) wäşilik hadysany düýpgöter ret edip, ony ýok etmäge çagyrýar.
Ironiýa (grekçe eironia – gizlin, kinaýa), ýaňsa almakdyr, kesä çekmeklikdir. Bu joşgunly tankydyň bir görnüşi bolup, ýalandan öwmegiň aňyrsynda ýaňsa almak ýatandyr.
(Ironiýa bir zadyň tersi, meselem biri "şerigat gelmeli" diýýär, ýöne özi göni dine ters hereket edýär. Aýdýan zatlary bilen edýän zatlary ters gelýän adamlar öz-özüni ýalanlaýarlar. Muny köp ýerde görüp bilersiňiz.)
Sarkazm (grekçe sarkazmos – etini goparýan) awuly, içýakgyç kinaýa, gyjalatly, awuly gürrüňdir. Bu garşydaşy paş ediji iň ýokary derejeli, satiriki görnüşli ironiýadyr.
Zehinli dilewar degişmä düşünýän, özi hem töweregindäki üstünden gülmäge mynasyp zatlary görmegi başarýan we şoňa örän özboluşly baha berip bilýän adam bolýar.
Oksýumoron (oxymoron) grekçeden terjime edilende «akylly lyk» diýmegi aňladýar. Mysal üçin, «ajy şatlyk», «mukaddes ýalan», «diri maslyk», «hoňkaryp duran beýiklikler».
Degişmäni märekä ýetirmekde bir dem säginmeklik (pauza) ullakan orun tutýar. Degişme aýdylandan soň bir dem säginilmese, märekäniň oňa düşünmezligi mümkindir. Eger-de säginme uzaga çekse, onda degişmäniň täsiri pese gaçýar, ol ýasama öwrülýär. Gülkini ulanmakda-da çakyny bilmek duýgusy bolmalydyr. Çäksiz degişme, lenç edilen degişmeleri ulanmaklyk märekede nägilelik döredýär. Bu zatlar bolsa tejribe bilen emele gelýär

Çendenaşa haýal geplemek bolsa adamlaryň ukusyny tutdurýar. Olar aýdylýan pikiriň manysyny aňlap bilmeýärler.

Jedeliň görnüşleri. Umuman alnanda, jedel – bu her tarapyň öz pikirini goraýan söz ýaryşydyr. Gadymy döwürde jedeli alyp barmagyň tärleri barada oýlanypdyrlar. Aristotel jedelleriň üç görnüşini tapawutlandyrypdyr:
1) dialektika – hakykaty bilmek üçin jedel;
2) eristika – her edip - hesip edip, öz sözüňi gögertmek maksady bilen edilýän jedel;
3) sofistika – göz-görtele ýalňyş subutnamalary ulanmak bilen ýeňmegi maksat edinýän jedel.
(Dialektika umuman medeni jedeldir. Bu jedeli diňe medeni adamlar etmegi başarýarlar. Biri-birine hormaty bolan adamlar garşydaşyna sylagyny ýitirmeýär, oňa düşünjek bolýar. Ýagny men "birini çüýretmek üçin däl, düşünmek üçin diňlemeli" diýýärinä, ine bu dialektikadyr. Eristika bolsa medeniýetlisiräp öz diýeniňi gögertmekdir. Köp jedel eristikdir. Sofistika bolsa iň erbedi. Onuň içinde hemme zat bar. Sofistler daşyndan doly ýaly görünsede, içi boş, hiç zat bilmeýän adamlardyr. Ýöne gowy jedelleşip bilýärler. Eger siz bir sofist bilen jedelleşseňiz, aýdýan zadyňyz näçe dogry bolsada utularsyňyz sebäbi her-hili ýigrenji zatlary edýär.)

Garşydaşy «öz ýaragy» bilenem urup bolýar. Onuň üçin
garşydaşyň getiren sözlerini, ýörelgelerini we subutnamalaryny ulanyp bolar.
Polemikada dilewaryň şahsyýetine ýüzlenmek, başgaça, tezisi çalyşmak usuly giňden ulanylýar. Ýagny onuň öňe süren pikirini degşirmegiň ýerine, dilewaryň öz şahsy ýetmezçilikleri gözlenilýär. Şeýdip garşydaşyň duýgularyny we erkini gowşatmak göz öňünde tutulýar. Elbetde, bu usul garşydaşyň subutnamalaryny ýalana çykaryp bilmez. Ýöne şonuň netijesinde garşydaşyň özüni ýitirmegini, taýýarlyksyz diňleýjileriň bolsa ynanmagyny gazanyp bolar. Sebäbi bu ýerde diňleýji aňy bilen däl-de, «ýüregi» bilen uýýar.
(Bu ýerdäki diýýän zady "Ad Hominem", ýagny garşydaşyň argumentini däl-de, şahsyýetini tankytlamak. Läş bir usuldyr, ýöne iň köp ulanylýan usuldyr. Esasanam hiç zat bilmeýän, adamlara hormaty bolmaýan, gödek, düşünjesi bolmaýan, öz diýenini kanun hasaplaýan, gepiň gysgasy erbet we jahyl adamlaryň iň köp ulanýan usulydyr. Meselem biri taryh gürrüň berip durandyr, bir gepe düşmezem gelip "sen taryh gürrüň berýänçäň egin-eşigiňi oňar" diýer. Gaty köp ýerde duş gelersiňiz, belki gelen bolmagyňyzam mümkin. Muny meniň makalamda Khanture agza bilen çekeleşigimde gaty anyk görnüşde görmek mümkin. Men Khanture agza erbet diýemok, ýöne edýän zady dogry hem diýemok. Çekeleşikde üns berseňiz, Khanture agza ilki jedele hormatly görnüşde başlady. Hiç-hili erbet söz diýmedi we hormatdan çykmady. Ýöne meniň soraglaryma jogap berip bilmedigi üçin, has takygy meni ýeňip bilmedigi üçin ýuwaş-ýuwaş gödekleşip, soňam tutuşlygyna şahsyma geçip gitdi. Jedeliň başy bilen soňuna üns beriň. Ýöne şonda-da hormatymy bozmadym, sylagymy ýitirmedim. Ilki medeniýetli gürläp duran adam, soňabaka "sen ýaman gülkünjaý" diýip ugrady, soňundan "namys edow" diýip ugrady, muny diýmeginiň sebäbini sorasam "diňe saňa men şeýle diýýän" diýdi, soň bolsa "akmak", "düşünjesiz" ýagny gitdi. Bularyň hemmesiniň sebäbi jedeli bir zat edip alyp çykmaly, okyjy baha bermeli, we bu baha öz tarapynda bolmaly. Bu zatlara biraz sowatly adamlar düşüner, ýöne kän zat bilen işi bolmaýan adamlar erbet sözler bilen ýamanlanan kişiniň erbetdigini pikir eder, bu hasam gynandyryjy. Awtoryň hem aýdyşy ýaly: "diňleýji aňy bilen däl-de, «ýüregi» bilen uýýar". Şol sebäpli haýsam bolsa bir jedele gabat gelseňiz, umumy görnüşde seretjek boluň. Khanture agzamyzyň erbetdigini pikir edemok, ýöne şu häsiýetini düzeltse gowy bolar diýip pikir edýärin.)

(Indi jedeliň görnüşlerine geldik. Umuman gowy jedel edip bilmek bir sungatdyr. Internetden "tartişma sanati" diýip ýazsaňyz birtopar zat çykar. Kitaplar ýazyldy bu barada. Meselem iň meşhury "Sözde dövüş sanati" kitaby, Sam Hornyň ajaýyp kitaby. Bu ýerde gaty az görnüşi bar eken, aslynda gaty köp ýöne awtor käbirlerini ýazypdyr.)

Jedelde hile (mekirlik). Syýasy jedelde, köplenç, hile, sofizm ulanýarlar. Olaryň köpüsi logikanyň kanunlaryny bilkastlaýyn ýoý-maga esaslanýar. Olaryň birnäçesine seredeliň.
1. Dürli wariantlary görnetin bozmak usuly. Mysal üçin, haýsy-da bolsa bir demokratik döwletiň kemçiliklerini tankytlan adamyň demokratiýanyň garşydaşy hökmünde aýyplanylmagy.
2. Faktlary ýoýmak usuly. Şunda faktlar, sanlar bir taraplaýyn düşündirilip, göz-görtele ýoýulýar. Şu usul başga görnüşinde jemgyýetde bar bolan çylşyrymly meseleler babatda sesiňi çykarman, ownuk meseleleri çişirmekde hem ulanylýar.
3. Betnam lakam dakmak usuly. Haýsy-da bolsa bir şahsyýeti abraýdan düşürmek, meýli, ideýany, wejera etmek, ynanmazlyk, gorky, ýigrenç döretmek maksady bilen, ýeterlik delilsiz we subutnamasyz «gyzyl», «faşist», «milletçi» diýen ýaly lakamlary dakmak.
4. Güýçlendirmek esasynda ýerini çalşyrma usuly. Muňa wagtlaýyn we ownuk kynçylyklary –«weýrançylyk», söz ýalňyşyny – «elhenç aldaw», ujypsyzja üstünligi –«göz öňüne getirip bolmajak ýeňiş» diýip atlandyrmak ýaly söz düzümleri we jümleler mysal bolup biler.
5. Abraýlylygy oýnamak usuly. Şunda bet niýetler, ýaman maksatlar üçin atly-abraýly adamlaryň atlary, olaryň aýtmadyk sözleri, pikirleri ulanylýar. Kähalatda başganyň sözüniň ýoýlan görnüşi hem getirilýär.
6. Çyn (aksioma) subutnamalar usuly. Şowakörlük bilen ynanylmagyna gönükdirilen pikir ýöretmeler. Mysal üçin, «Bu kellesi ýerindäki ähli adamlara düşnükli…», «Şeýle şübhesiz pikir…» we ş.m. Çynaberimsiz ýalan gepleýän syýasatçylar «ýumşaklyk üsti bilen öldürmek» ýaly sözleri ulanyp gödek, göz-görtele ýalandan el çekip, garşydaşyna aýlawly taýak urýarlar.
Jedele gatnaşýan garşydaşyň şahsyýetine garşy gönükdirilen birnäçe usullar hem bar.
1. Garşydaşyň gaharyny getirmek, onuň erkini peseltmek usuly. Käbirleri öz üstünden gözegçiligi ýitirip, kähalatlar ulaltmalara ýol berip, logiki ýalňyşlyklar goýberýärler. Şondan peýdalanylyp, garşydaşa aýgytly zarba urulýar. Garşydaşyň gaharyny getirmek üçin meselä degişli däl myjabat atmak, bireýýäm bolup geçen wakalary ýatlatmak ýaly usullar ulanylýar. Şeýle ýagdaýda jedeliň diňleýjileriň gözüniň öňünde bolup geçýändigini ýatdan çykarman, garşydaşyň sögünç sözlerine-de pisint etmän, oňa gysgaça jogap berip, mesele barada gürrüňi dowam etdiren dilewar ýeňer.
2. Bolgusyz çişirme usuly. Bu usul garşydaşyň keýpini bozup biler. Mysal üçin, «Siz özüňizi edepliräk alyp barsaňyz gowy bolardy». Jogap: «Näme, indi men siz bilen gujaklaşmalymy?»
3. Delilsiz, uçdantutma razylaşmazlyk usuly. Şunda dilewar «hawa» diýse, garşydaşy «ýok» diýýär. «Men siziň aýdýanlaryňyza düşünemok, onuň Marsyň ýaşaýjylaryna düşnükli bolaýmagy ähtimal». Şeýle garşydaş bilen jedelleşmek örän kyn we ol jedelleşýäniň psihikasyna ýaramaz täsir edýär.
4. Gedemlik we göwnüýetmezçilik bilen jogap bermek usuly. Uly alym talyba: «Elbetde, şu meselede siziň öňüňizden çykjak ýok» ýa-da «Hamala, bu mesele boýunça siz görnükli hünärmen…» Şunda ol özüniň durmuş hem-de iş tejribesi bolmadyk garşydaşynyň mertebesini peseldýär, ony kemsidýär. Bu usuly diňe salykatlylyk we edeplilik bilen ýoga çykarmak mümkindir.
5. Garşydaşyň ünsüni jedeliň meselesinden sowmak usuly. Bu önki usulyň ýuwmarlanan görnüşidir. Ýaşuly: «Ýagşy ýigit, sen meniň ýaşymy ýaşasaň, aýdanym bilen razylaşardyň». Şeýle ýagdaý-da ýaş adam «Ýaşlygyň bu ýerde nähili ähmiýeti bar?» diýip, subut edip başlaýar. Diýmek, hile başa bardy.
6. Garşydaşyň mertebesine degmek usuly. Bu usuly toslama faktlary hakyky edip görkezmek üçin öz garşydaşyny utandyrmagy maksat edinýän kezzap jedelçiler ulanýar. Mysal üçin, «Bu zatlar size bireýýäm
belli bolmaly ahyry», «Ylmyň bireýýäm subut eden zady…», «Siz şu waka barada okamanmydyňyz?» Eger-de garşydaş öz «mertebesini peseltmejek» bolup synanyşsa, diýmek, hile başa bardy.
7. Hiläniň «ýumşak» görnüşiniň biri bolan garşydaşyňy öwmek esasynda şübheli subutnamany geçirmek usuly. Mysal üçin, «Siz, öz uly tejribäňiz bilen muny bilmezligiňiz mümkin däl» ýa-da «Siz akylly adam, şonuň üçin munuň size düşnüklidigi şübhesizdir…» Şeýle gödek hile bolmagyna seretmezden, köplenç, ol maksadyna ýetýär. 8. Märekäniň we garşydaşyň psihologiýasyna zor salmak usuly. Onuň alamatlarynyň biri özüňi gedem alyp barmaklykdyr. Özüniň tutýan ugrunyň gowşakdygyna seretmezden, dilewar gygyryp, özüne ynamly, ynandyryjylyk bilen, özüni hondan bärsi tutup gepleýär. Bu hile özüne ynamy bolmadyk, utanjaň hem-de tejribesiz adamlara täsir edýär.
9. Jögülik etmek usuly. Ilkibaşda jedelçi bilgeşleýin garşydaşynyň öňe süren pikirlerinden heder eden bolýar. Onuň garşydaşy öz ýeňşine ynanyp, has joşup gepläp başlaýar. Şol wagt jögi jedelkeş duýdansyz we aýgytly zarbany urup, garşydaşyny ýeňlişe sezewar edýär.
Görnüşi ýaly, hileleriň ugurlary örän köpdür. Olaryň hemmesine öňden taýýarlanmak mümkinem däl. Şonuň üçin jedel wagtynda öz garşydaşyň aýdanlaryny üns bilen diňläp, onuň säwliklerini, logiki ýalňyşlaryny, aldaw usullaryny eserdeňlik bilen bellemek gerek. Bu bolsa ony «ogurlykda tutmaga» mümkinçilik berer.
Garşydaşyň hilelerini paş etmek esasy maksada, onuň tezislerini ýalana çykarmaga gönükdirilmelidir.

(Indi biraz jedel meselesine düşünensiňiz diýip pikir edýärin. Haýsam bolsa bir jedele, çekeleşige, kakdyrlyp aýdylan sözlere gabat gelseňiz şu zatlary ýadyňyzdan çykarmaň we kim haýsy usuly ulanýar, biljek boluň we jedelleriň asyl ýüzüni görüp arkaýyn ýatyň. Şuny unutmaň, jedelleriň hemmesinde hilegärlik bardyr, diňe käbir adamlar parahatçylykly jedel edip bilýändir, we bu adamlar diňe edepli-ekramly adamlardyr. Eger size biri size bu usullary ulanýan bolsa, size erbet sözleri diýip abraýdan düşürjek bolýan bolsa, onuň 15 "IQ"-lyk zehinine salam ugradyň.)
5 лайков 315 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jennet
11 июн 2023, 22:17
Shu hantur diyilyanleri tekiz yerci diyyanleri dami
#B.S
12 июн 2023, 00:09
Fihruza,
Howwa. :)
Seul
12 июн 2023, 00:35
Khanture,
:)))
Seul
12 июн 2023, 00:36
Khanture,
Men prinsipiallygyň tarapdary. Molodes sendede su hasyet bar. Never give up
#B.S
12 июн 2023, 00:44
Seul,
Senden öwrendimä blät. Blädiň çagasy (şutga)
??
Seul
12 июн 2023, 00:51
Khanture,
Menden owrenere zat kop -diyyaler kabirleri. ( Hatda "sen gorkunç akylly" diyenlerem bar. Hezil edip guldumay su sozlere?)

Gitmakam gabatlasaly, max 50 gunden gitmekci. Duyn Sociden geldim, indiki ay Voroneze gidip geljek. Ýaltanmasam, senem gowja garşylajagyňa soz berseňa Ufada barmagym ahmal, eger Moscow city-ä gelseňa gowja garsylardym...
#B.S
12 июн 2023, 01:17
Seul,
Göreli bakaly...