Özüňden özüň ägä bol

Hemişe ägä bol hemmeden, şol sanda özüňden hem. Özüňede ynam ýok özüňe gezek
gelende. Ýogsa gaharyň gelip duran wagtyny yzarla. Gaharyň özüňe zyýan edip
durandyr, sen bolsa anyk bilip duransyň onuň edýänini. Emma gaharyňa bäs gelip
bilman, şol zyýan etmegiňi dowam edýänsiň özüňe.
Ýa bolmasa ýaňrap otyran pursadyňy ýatla. Agzyňa bäs gelip bilmän barja
syryňy duşmanyňa özüň güwledip otyransyň.
Şonuň üçin aýydýan hatda özüňede ynanma diýip. Biziň durmuşda gazanyp bilmedik
üstünliklerimiziň sebäbi bu özgeler däl, tersine özümiz öz aýagymyza palra urdyk.
Syrymyzy duşmanymyza aýytdyk. Emlägimizi köp iýýäne ynandyk.Janymyzy bolsa bize
haýpy gelmeýänlere gora diýdik. Olar bolsa bizi weýran etdi. Bize degişli
ýerleri eýeledi.Bizi il içinde elinden iş gelmeýäne çykaryp abraýymyzy dökdi.
Bu hili adamlaryň aglabasy öz tanyşlarymyz, salamlaşýanlarymyz,
gatnaşýanlarymyz. Ýa bolmasa ýalanmy? Özge bir ýurdyň adamy saňa ýamanlyk edermi,
eger ol seni bir ýerde görmedik bolsa ýa duşmadyk bolsa. Ýok.
Biziň hemmämiz diýen ýaly öz tanyşlarymyza, öz ýakynlarymyza ýamanlyk edýäris.
Biziň köpümiz öz tanyşlarymyza, ýakynlarymyza borçly we bergili. Şondada olara
ýamanlyk edýäris.
Ýagdaý şeýle bolsa oňa alaç näme? Hemişe ýagdaý şunyň ýaly dowam edip bilmez.
Tanyşlarymyza ýamanlyk etmezlgiň iň dogry ýoly bu hiç kim bilen tanyşmazlyk.
Köne tanyşlary bolsa görmezlik. Ýakynlarymyz bilenem ýagdaý şunyň ýaly.
Hemmeden gaça durmak. Bu hili etmek gaty bir kynam däl. Şu hili adamlar eýýäm bar.
Olaryň kimdigini bilmek hem kyn däl. Eger adamlar senden gaçýan bolsa diýmek,
bu adamlaryň agzy senden bişen. Sen ony bireýýäm bir ýerde çürkäpsiň. Indi ol
senden gaçyp ýör we gaçyp dogry edip ýör!.
1 лайков 80 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
19 июл 2023, 21:42
Jemgyýetde yaşamaly bolsa,isleseñ-islemeseñ beýlekiler bilen kontakta girmeli bolýañ.