Klimat peýdaly tarapada üýtgäp biler
Klimat üýütgedi diýilýär.Klimatyň üýütgemegy ekerançylyga zyýan ýetirýär diýilýär.
Ylalşaýan. Ýöne soňuna çenli däl. Klimatyň üýütgemegi ekinleriň hemmesine däl,
käbirine zyýan ýetirdi, eger çyksa, ýöne häli bu hem subutnamasyz.Anyk
subutnama gerek. Ýogsa käbir adamlar özlerini hemmeden akylly görkezjek
bolup, klimatyň üýütgemegi ýere zyýan ýetirdi diýip, özleriniň emelsizligini
we ýaltalygyny aňsatja ýol bilen gizlejek bolýarlar.Bu aýdanyma dogry düşünensiňiz
diýip umyt edýärin.
Onsoňam tebigat üýütgemeli. Hemme zadyň üýtgeýändigini biz bilýäris ahyry.
Ýene bir zat. Belki tebigat biziň peýdamyzy bilip üýütgändir. Tebigatyň
öz-özüni doly ýumurmagy mümkin däl. Tebigat diňe özüne zyýan ýetirýän zatlary
ýumurýar eger çyksa, çünki tebigat janly zat hasaplanýar we janly zatlaryň
hemmesi ýörite gen saklaýar, onuň doly ýok bolup gitmezligini kepillendirýän.
Şeýleikde bize howp salýan hiç zat ýok. Arkaýyn ýaşabermeli. Işläbermeli.
Döredibermeli. Ýaşaýyşa guwanmaly.
Ýaşaýyş bolsa ilki bilen iýmekden durýar. Iýmek üçin bolsa ýer ekmeli. Ýer ekmeseň
aç bolýaň. Bu aýydanymy mensizem bilýäňiz.
Häzir biz şeýle bir pessimist ýagdaýa düşdük. Hamala ýerden girdeji alyp
bolmaýar diýilýän. Bu pessimistligiň sebäbi bardyr elbetde. Bu hili teoriýany
öňe sürüp, bizi ýerden el çekdirmekçi bolýandyr birleri.
Onsoňam özüňiz oýlanyp görüň ýer ekmesek biz näme iýmeli. Howadan iýmitlenmeris.
Bu anyk. Şonuň üçin ýeriňiz bar bolsa ekiň. Ýeriňiz ýok bolsa serişde jemläp
ýer edinjek boluň.
Köpüňiz üns berensiňiz. Şu ýyl erik örän hasylly boldy. Ýüküni göterip bilmän
şahalary omrulyp galdy. Eger klimat biziň üçin zyýanly tarapa üýtgän bolsa,
näme üçin erigiň ýüki bol boldy.Bu häli hemmesi däl. Mekgejöwen hem hasylly
bolmana ymtylýar bu ýyl. Jöweniň boý alyşy hem ýaman däl. Pomidor hasylly. Sogan
hem iri. Hyýar gowy düwdi. Iýip gutaryp bolanok.
Diýmek, klimat entek ekerançylyga zyýan ýetirenok. Meniň ýene üns beren zadym.
Kiçijik çagalaryň ösüşi gowy bu ýyl.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.