Ýeriň bolsa gowy

Ýeriň bolsa gowy. Az bolsada. Köp bolsa ondanda gowy. Ýeriň daşyna aýlanyp,
ondaky ekerançylygy görseň adam ynjalýar, özüni adam şekilli duýýar.
Ýer oýlanmana mejbur edýär. Ýer özüne guwandyrýar. Ýer zähmet çekmäne
mejbur edýär. Suwarylman galan ekiniňi görseň derrew onuň horlugyna haýpyň
gelýärde suw gözlegine çykýaň. Ýabyň boýy bilen gidip suw tapýaň. Suw açýaň.
tä suwarýançaň hozanak bolýaň.
Ot basyp giden ekiniň bolsa, otamana girişýeň.
Ýer başgada köp zahmeti talap edýär. Şol sanda çykdaýjyny hem
Çykdaýjy diýilýän zat ýerde wagtlaýyn zat. Ýer özüne siňdirilen zady tiz
yzyna gaýdyp berýär.
Biziň ýurdymyzda ýeriň esasy bölegi tekizlikde ýerleşýär. Başga ýurtlaryň
ekerançylyk ýeri bilen deňeşdireniňde. Mysal üçin, Hytaýda şalyny dagyň depesinde
hem ekilýänini gördüm. Şalyny ekmek üçin öküzi dagyň depesine idekläp çykarýarlar.
Öküze künde goşulýar. Şaly ekilmeli atyz suwdan doly. Suwdan doly atyzda bolsa
öküzi kündesi bilen ideklemeli.
Suw bu ýerde ýagyş suwyndan ýygnalýar. Ýagyş suwynada şaly ekilýär. Her gün olar
öz ýerlerine barmak üçin dagyň depesine ýormaşmaly.Daga ýormaşmak aňsat iş
däl.Onda-da palçykda. Bu ýerde tehnika ýöremeýär. Ähli etmeli işler elde
edilýär. Ýöne soňky döwür mini traktorlar we beýleki benzin bilen işleýän
orak, ot otaýan we ekini ýekeleýän gurallar çykdy. Şular bilen iş
öndermeli.
Daglyk ýurtlaryň ekin meýdanlary irili-maýdaly daşlardan doly. Bu ýerlerde ýeri
daşdan arassalamak gaty kyn zat.
Emma biziň ýurdymyzyň ýerlerine gep ýok. Hem ýumşak hem tiz tekizläp bolýar.
Ýerlerimiz ugryny bilseň çykdaýjyny az talap edýär. Şu hili oňat ýagdaýa
garamazdan käbir daýhanlaryň ýerden alýan hasyly pes.Ýeri şorladyp, haşal ota
basdyryp ýörenler hem ýeterlik.
Ýeriň gadyryny bilmeli. Ýeriň çörek berýändigini boýnuňa almaly. Ýerde
işlemek ýokmasa ýer üçin sarp edilýän gyzyldan gymmat suwy biderek zaýa etmeli
däl. Bu ýerde biri suwy zaýalap otyrsa ýene bir ýerde suw ýetmezçilik edýär.
Suwy tygşytlamaly. Bu barada köp aýdylýar.
Suwy tygşytlamagyň hemmä mälim usuly bu ekini joýanyň depesine ekip,
ony joýalar arkaly suwarmak.
Ekinleriň tiz suwsaýanynyň esasy sebäpleriniň biri ýeriň çendenaşa gaty bolmagy.
Gaty ýere ekin damar taşlap bilmeýär. Damar bolsa ekine diňe suw içmek üçin däl
eýsem ýerde dik otyrmak üçin hem gerek. Dik otyrmak üçin gerekli bolan
damarlary taşlandan soň ekin suw içmek üçin gerekli bolan damarlary taşlamaly.
Ýer gaty bolmazlygy üçin ony ders bilen bile sürmeli. Bu iň ýönekeý we az
çykdaýjyly ýoly.
Men size bir mysal getireýin. Onsoň bu mowzugymy soňlaýyn.Meniň bu mysalyma dogry
düşünmek üçin çöl meýdana çykyp görüň we ýabany bolan ýandaga, ýylgyna, çerkeze,
seline, bürmege we beýleki ösümliklere serediň. Olaryň durmuşyna adam
gatnaşmaýar. Olar sürülen ýere ekilmeýär. Olar suwarylmaýar. Olara iýmit
berilmeýär. Olara medeni hyzmatlar edilmeýär. Özleriniň kyn şertlerde
ösýändigine garamazdan bu ösümlikler pajarlap, gözüňi guwandyrýan halda
durýarlar.
Emma medeni ösümliklere her dürli medeni şertler döredilen bolsada, olaryň
igläp otyrýanyna köp duş gelinýär. Näme üçin?. Bu soraga özüňiz jogap berjek
boluň.
1 лайков 88 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
murat yousef
16 июл 2023, 20:07
. Men size bir mysal getireýin. Onsoň bu mowzugymy soňlaýyn.Meniň bu mysalyma dogry
düşünmek üçin çöl meýdana çykyp görüň we ýabany bolan ýandaga, ýylgyna, çerkeze,
seline, bürmege we beýleki ösümliklere serediň. Olaryň durmuşyna adam
gatnaşmaýar. Olar sürülen ýere ekilmeýär. Olar suwarylmaýar. Olara iýmit
berilmeýär. Olara medeni hyzmatlar edilmeýär. Özleriniň kyn şertlerde
ösýändigine garamazdan bu ösümlikler pajarlap, gözüňi guwandyrýan halda
durýarlar.
Emma medeni ösümliklere her dürli medeni şertler döredilen bolsada, olaryň
igläp otyrýanyna köp duş gelinýär. Näme üçin?. Bu soraga özüňiz jogap berjek
boluň.

Sebäbi ýabany ösümlikler ýeriň hakyky "Ogullary" medeni ösümlikler falşiwyý "Ogullary"
Kerbaba
17 июл 2023, 10:27
Хытайларын от орян бензомоторжыгынаха белет болдук. Йоне экин екелейан задыны горемок. Нахили зат ол? Адыны язсан гуголдан гозлап тапардым. Шоларда пагта йыгян гуралам бар дп эшитдим. Заряда гоюп ишлетмелимиш. Чынмыка?
murat yousef
17 июл 2023, 12:12
kwadrat kelle

Howwa pagta mini apparady bar özide benzinde işleýe gapdaljygynda haltasy bar, pagta sorýany hem pylesos ýaly birzat, bahasy 300-500$ aralygynda hytaýdan getirdip bolýar. Isleseňiz suratyny ugradyp hem bilýen
Kerbaba
17 июл 2023, 14:17
menembiri1

Салам дост! Мумкин болса шу ерде айратын мавзук ачып пайлашсана?! Характери барада билйанини яз. Гун ичинде начерак пагта йыгяр, йыган пагтасы эл бн йыглан хасап элилйарми я машын бн? Бир заправкада начерак пагта йыгып болжак? Биленжани язып пайлашайсан говы боларды.
murat yousef
17 июл 2023, 17:17
kwadrat kelle,
Waleýkim salam! Menem alibaba'dan görýen bu zatlary, a tak el bilen ýa-da maşynda ýygylana degişli däldigini bilmeýen. Häzir täze blog edip açýan suratlaryny harakteristikalaryny görersiň!