Ýeriň barmy

Ýer bilen baglanyşykly gürrüňler, ýeri saýlamak, ýer edinmek, ýer bejermek we
ýerden hasyl almak hemişede gyzykly hasaplanýar.Salam-helikden soň ikinji orunda
ýeriň ahwaly soralýar.
Näme ekdiň diýilýär, suw barmy diýip soralýar. Umuman gidiberýär gürrüň
biri-biri bilen baglanyşyp.
Ýer biziň halkymyzda esasan üç topara bölünýär. Çägesow ýer, şor ýer we
toýynsow ýer.Iň gowy görülýäni bu toýun ýer.
Al indi ýere has dykgat bilen seretmeli bolsa, onda institutda okamaly.
Agronomiýa, zootehniýa,zemledeliýe ugurlar boýunça okasaň, ýere ylmy taýdan
çemeleşip bolýar.
Gynansamda, meniň ýaşaýan ýerimde ýeri ylmy taýdan bejerip ondan ýokary hasyl
alýanlar az
Ýer beýik, oý diýip hasaplanýar ýeri suwarmaly bolanda. Bar bolan ýapdan
suw ýere öz akymy boýynça akmasa, bu ýere beýik ýer diýilýär.
Ýeriň ýenede birnäçe hususyýeti bolýar. Şolardan has köp ýaýrany, arryk ýer, mes
ýer, ala ýer. Başdaky ikisine düşünýänsiňiz. Ala ýer diýip bolsa, bir ýeri
çäge, indiki ýeri toýunsöw bolsa şoňa aýdylýar.
Başgada bir topar söz bar. Ýere degişli. Wap ýer, çarkandak ýer, gaýyr ýer.
Olary özüňiz anyklarsyňyz.
Ýeri bejermegiň esasy usyllaryndan has köp ýaýrany şular. Ýeri plug bilen sürmek,
ýeri çyzyl bilen sürmek, ýeri tekizlemek, ýeri çillemek, ýeri suwarmak,
ýeri derslemek.
Ýeri bejermegiň başga usyllary hem bar. Olary özbaşdak okaň.
Bizde ýer ýaşaýan ýeriňe ýakyn bolsa gowy diýilýän düşünje bar. Baryp gelmek üçin.
Ýerden habar almak üçin. Ýerde işlemek üçin.Ylalaşýan. Ýöne hemişe diýeniň
bolmaýar. Uzak ýere hem gatnamaly bolýaň ýeriň ýakyn aralykda bolmasa.
Ýeriň bejerilişi boýunça, ýeri inçeden bejermek bar we ýeri güýjüň ýetdigiçe
bejermek bar. Soňky aýydanym, ýagny ýeri güýjüň ýetdigiçe bejermek has köp
ýaýran. Ýeri inçe bejermek üçin öz kisäňden köp serişde goýmaly bolýar. Ýöne ýeri
inçeden bejermek birbada çykdaýjyny köp talap etsede girdeýjini şu hili
bejerilen ýerler berýär.
Ýere hyzmat etmek üçin ýol gerek. Ýol näçe tekiz we geregiçe giň bolsa, ýerine
işlemäne baran adam ýolda ýadamaýar. Ýogsa käbir ýerlere barylanda ýollar
ýöremesi kyn bolan kirşen bolýar, akgyn-ukgun bolýar. Bu hili ýol adamy ýadadýar.
Onsoň adamlar alaçsyz tehnika ýüz tutmaly bolýar. Bu bolsa ýere edilýän
çykdaýjyny köpeldýär.
Her bir ekin görnüşi üçin ýerler zolaklara bölünse gowy. Mysal üçin pagta
ekilen meýdanlar, bugdaý ekilýän ýerlerden aýry bolsa ýagşy. Bu ýagdaýa
spesializasiýa diýilýär. Kim okan bolsa bu söze düşünmeli.Spesiýalizasiýa ýere
edilýän biderek çykdaýjyny azaldýar. Zähmeti ýeňilleşdirýär. Işiň
öndümliligini artdyrýar.Başgada peýdaly täsiri köp. Olar barada indiki çykyşymda.
2 лайков 121 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Agza
16 июл 2023, 11:47
Ozin bilmeli diyip goyupsyñ onda yazmak nama gerek
Dowsypat
16 июл 2023, 16:14
Oba hojalygam indi futbola meñzäp barýar.Çykdaýjy barda girdeýji(netije) ýok.Bir ýerden girdeýjiñ bolmasa diñe çykdaýjy edibem ýaşap bolmaz.Ýerleri uly pul çykdaýjy edip bejerdìñemďä,suw ýetmezçiligi bilen gurakçylygy näme etjek?Suwy ýetmese iñ orginal ýeriñdenem gòwnemakul hasyl alyp bolonok.
murat yousef
16 июл 2023, 16:49
Dowsypat.
Oba hojalygam indi futbola meñzäp barýar.Çykdaýjy barda girdeýji(netije) ýok.Bir ýerden girdeýjiñ bolmasa diñe çykdaýjy edibem ýaşap bolmaz.Ýerleri uly pul çykdaýjy edip bejerdìñemďä,suw ýetmezçiligi bilen gurakçylygy näme etjek?Suwy ýetmese iñ orginal ýeriñdenem gòwnemakul hasyl alyp bolonok.

Şuny men köp adama düşündirip bilemak...
murat yousef
16 июл 2023, 16:55
Ýeriň bejerilişi boýunça, ýeri inçeden bejermek bar we ýeri güýjüň ýetdigiçe
bejermek bar. Soňky aýydanym, ýagny ýeri güýjüň ýetdigiçe bejermek has köp
ýaýran. Ýeri inçe bejermek üçin öz kisäňden köp serişde goýmaly bolýar. Ýöne ýeri
inçeden bejermek birbada çykdaýjyny köp talap etsede girdeýjini şu hili
bejerilen ýerler berýär.

Şu bilenem doly ylalaşýan!
Dowsypat
16 июл 2023, 18:07
Şuny men köp adama düşündirip bilemak...

40% ýerler normal,60% ýerler pes.Ýyl-ýyldan ýerler şorlap barýar.Gowy ýeri barlar beylekilere ynananok.Yeri òzuniz gòzlanizok diyyarler.Biri sor yerden yer acyp birtopar cykdayja galybam hic zat gogerdip bilman yeri goyup gitdi.Sor yere birbada ekin gogersede howa gyzandan son yerem gyzyar.Gogerip oturan yas ekinleri gyrkyp taslayar.