AYLANYŚ
Oglanlykda garyşdyrdym bar zady,
Ýaşadym ýok zatlaň hasratyn süýräp.
Görünjek bolardym juda akylly,
kese durup, elim eňegme diräp.
Hemme zat aklyma sygar durardy,
Ellermi galgadyp, diýdim-Düşün sen!
Söýgi mätäç däldir filosofiýa,
Söýmek başartmaýar söýgä düşünseň!
Gülli köýnegiňden jennet bark urup,
Külli köýmegimi sowdy beladan.
Nara agyz uryp ýanan aşygyň,
Gözelleşdi, indi ol has del adam.
Takdyr takadymy sakgyç edindi,
Gül ysly düýşdenem bezgek bolupdym.
Hem-de öz-özüme minnetdar bolup,
Gyz ysly gijede günä ýolukdym.
Aýňal!
Aýlan, ýazygyňy ötdüm men,
Aşyga dert bermek saňa sogapdyr.
Bireýýämki, otlap giden gursagyň
Öten günleň bedeni deý sowapdyr.
Magşar güni seni hökman taparyn,
Ýöne oňa çenli aýralyk gerek.
Şonda öten günler nyzamdan çykyp,
Bize zyýarata aýlanyp geler.
Seyitmyrat GELDIYEW
Ýaşadym ýok zatlaň hasratyn süýräp.
Görünjek bolardym juda akylly,
kese durup, elim eňegme diräp.
Hemme zat aklyma sygar durardy,
Ellermi galgadyp, diýdim-Düşün sen!
Söýgi mätäç däldir filosofiýa,
Söýmek başartmaýar söýgä düşünseň!
Gülli köýnegiňden jennet bark urup,
Külli köýmegimi sowdy beladan.
Nara agyz uryp ýanan aşygyň,
Gözelleşdi, indi ol has del adam.
Takdyr takadymy sakgyç edindi,
Gül ysly düýşdenem bezgek bolupdym.
Hem-de öz-özüme minnetdar bolup,
Gyz ysly gijede günä ýolukdym.
Aýňal!
Aýlan, ýazygyňy ötdüm men,
Aşyga dert bermek saňa sogapdyr.
Bireýýämki, otlap giden gursagyň
Öten günleň bedeni deý sowapdyr.
Magşar güni seni hökman taparyn,
Ýöne oňa çenli aýralyk gerek.
Şonda öten günler nyzamdan çykyp,
Bize zyýarata aýlanyp geler.
Seyitmyrat GELDIYEW
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.