LI Fuýan / KYSMAT
(Nowella)
Çagalygyndan ýetim galan Weý Guň asly Duliňlidi. Ýigit çykandan soň, onuň bar arzuwy öýlenip, maşgalaly bolmakdy. Ýöne aýlar aýlanyp, ýyllar geçenem bolsa, göwün diýen gelinligine duşanokdy.
Ine, bir günem saýsebäp bilen nesibesi çekip, oňa Hebeý welaýatynda, Tiňhede bolmak miýesser edýär. Gu ýolugruna Soňçyň şäherine sowlup, garbanyşhanalaryň birine girýär. Ol ýere gelen bir adam gürrüňdeşlikde Sima Panfaň atly öňki şäher emeldarynyň ýetişen gyzynyň bardygyny aýdýar. Loňsiň ybadathanasyna baryp, bu maşgala barada gyzyklanyp görmegi maslahat berýär.
Köpden bäri özüne mynasyp gelin gözläp ýören Gu şol günüň ertesi daňdan Loňsiň ybadathanasyna tarap ýola düşýär. Ybadathana baranda onuň basgançaklarynda ýany goştorbaly gojanyň Aýyň ýagtysyna kitap okap oturandygyny görýär. Bilesigeliji Gu ýaşulynyň elindäki kitaba göz aýlaýar. Ýöne ondaky ýazgylaryň hiç birine düşünmändir.
— Bu nähili kitap? — diýip, ol sypaýyçylyk bilen sorady. Soňrada sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýdi: — Ýetginjek ýyllarymdan bäri okuwa gaty yhlaslydym. Hat sowatdan düýpli başym çykýar. Şonuň üçinem günbatar ýurtlarynyň ulanýan sanskrit dilinem hasaba alsak, dürli dilleriň ýazuw-pozuwyndan habarym bar. Emma hiç wagt bu kitapdaky ýaly
ýazgylara duşmandym. — Sen bular ýaly kitaby hiç ýerde gören dälsiň
— diýip, goja ýylgyrdy. — Taparyn diýseňem, hiç ýerden tapyp bilmersiň. Bu dünýädenä asylam tapmarsyň.
— Be, bu nähili üýtgeşik kitap? — diýip, Gu gaýtadan sorady.
— Bu kitap asman äleminiň kitaby. Ýönekeý adam ony okap bilmez. Bu ynsan oglunyň ýazgytlar kitaby.
— Şeý diýseňizläň. Onda siz bu dünýäniň adamy däldä. Nireden geldiňiz? Nädip bärik düşdüňiz?
— Sen gelinlik gözläp, gaty ir ýola çykypsyň. Şonuň üçin maňa duşduň.
— Siziň işiňiz näme? Näme kär bilen meşgullanýarsyňyz?
— Men her bir ynsanyň ýazgydyna görä, bolmaly toýunyň wagtyny kesgitleýän. Älemde hiç kim şu babatda menden öňe geçip bilmez. Ana, şol hem meniň kärim.
Gojaň gürrüňini eşidip, ýylgyran Gu:
— Men eneden bolanymdan bäri ýetim. Çagalygymdan iň uly arzuwym öýlenip, uly maşgalanyň eýesi bolmak. Ýöne ýetişenime on ýyl geçsede, öýlenjek gyzymy idäp ýörşüm. Ony hiç ýerden tapamok. Ine, şu gün hem şol mesele boýunça duşuşygym bar. Gürrüň Sima Panfaň atly bir kişiniň gyzyna söz aýtmak barada barýar. Aýtsaňyzlaň, şol gyz meniň aýalym bolup bilermi?
— Ýok! Seniň geljekki gelinligiň ýaňy üç ýaşynda. Ol on dokuz ýaşanda seniň öýüňe gelin bolup girer. Muňa geň galan Guň gözleri birden gojanyň ýan
torbasynda eglendi. Onda nämäniň bardygyny soranda, goja şeýle jogap berdi:
— Onda gyzyl ýüpekler bar. Men oň bilen är-aýal boljaklary çatýan. Şol ýüpekler bilen baglananlar, hatda iki maşgalanyň köneden gelýän duşmançylygy bar bolsada, ahyrsoňy durmuş gurarlar. Oňa aradaşlykdyr ýakynlyk hem täsir edip bilmez. Sen eýýäm meniň şol aýdan gyzyma baglysyň. Seniň etjek soňky gözlegleriň netijesiz bolar.
— Onda aýt, meniň geljekki gelinligim häzir nirede? Näme işleýär? Ol kimiň maşgalasyndan?
— Ol öz iliňden. Gök satýan aýalyň gyzy. — Ony görüp bilerinmi? — Ejesi hemişe ony ýany bilen bazara alyp gelýär.
Ýanym bilen gitseň görkezerin. Asman ýagtylyp ugranda, goja goşlaryny ýygnap
Gu bilen ýola düşýär. Bazara gelenlerinde, ol elinde üç ýaşlyja gyzjagazy saklap duran bir aýaly görkezýär. Bir gözi kör bu hatynyň diýseň eýmenç sypaty bar eken. Gyzjagaz ondanam betermişin.
Gahary gelen Gu:
— Men onuň bilen ömür sürüp bilmerin! — diýip gygyrdy.
— Azara galma. Ähli etjek synanyşyklaryň biderek bolar. Saňa gelin bolup gelenden soň, siziň ogul perzendiňiz bolar. Oňa şonuň arkasyndan abraýly zenanlaryň biri bolmak garaşýar.
Bu sözleri diýip, goja ýitirim bolupdyr. Gu hyzmatkäriniň eline hanjar berip, şeýle diýen: — Sen maňa şunça ýyllap wepaly hyzmat etdiň.
Meniň haýyşymy ýerine ýetir. Gyzjagazy görmäýin! Men seni sylaglaryn.
Hyzmatkär razylaşýar.
Ertesi gün hojaýynynyň beren hanjaryny köýneginiň ýeňinde gizläp, hyzmatkär bazara ugraýar.
Etmeli işini edýär. Bazarda turan goh galmagaldanam gaçyp gutulmagy başarýar. Öýe gelende Gu ondan:
— Nätdiň, iş bitirdiňmi? — diýip soraýar.
— Hawa. Ýöne pyçagym gözüniň ýokarsyna degdi.
Şeýlelikde, Gu on dört ýyllap, hatda ondanam uzak wagtlap özüne gelinlik gözläpdir, ýöne bu ugurda bitiren goşy bolmandyr.
Soňra ynanylan gulluk wezipesini birkemsiz ýerine ýetirenligi sebäpli, ol Siaňjou şäheriniň welaýat häkiminiň kazyçylyk işleri boýunça kömekçisi edilip bellenilipdir. Ol işini şeýlebir oňat alyp barypdyr welin, häkim Wan Taý oňa öz gyzyny beripdir.
Gunuň gelninden göwni hoş eken. Emma ony bir zat iňkise goýupdyr. Gyz maňlaýyny altyn bezeg şaýlary bilen hemişe ýapyp gezer eken. Olary hiç wagt — hatda ýüzüni ýuwandada aýyrmandyr.
Durmuş guranlaryna bir ýyl bolan soň, Gu sebäbini soranda, gelni gynanç bilen şeýle gürrüň beripdir: — Men häkimiň gyzy dälde, ýegençisi. Kakam ömrüniň ahyryna çenli Soňçyňde kazyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Men ol wagtlar çagadym, ejem bilen doganyma asla bilemokdym, sebäbi olar gaty ir aradan çykan eken. Enekäm halyma dözmän, meni ýanyna alypdyr. Ol eklenip bilmän, kakamdan galan ýerde gök ekip, onam bazarda satar eken. Üç ýaşymdakam haýsydyr bir päliýaman meni janymdan el üzdürmek isläpdir. Bagtyma, niýeti paşman, diňe maňlaýymy ýaralapdyr. Bu bezeg şaýlaryny şonuň üçin dakynýaryn. Ýedisekiz ýyl mundan ozal daýym meni tapyp,
hossarlyk etdi. Soňra saňa gelinlik edip berdi. — Enekäň bir gözi kördümi? — diýip, Gu gyzyklanypdyr. Gelni:
— Hawa, edil özi. Sen ony nireden bilýäň?
Gu ähli bolup geçen zady bolşy ýaly gürrüň beripdir... Bolan zatlara garamazdan, olar biribirini sylap, gaty agzybir ýaşapdyrlar. Soňra ogul perzentleri dünýä inipdir. Onuň adyna Kun dakypdyrlar. Kun wagty gelende Inmeniň hökümdary bolýar. Şeýle ýagdaýda bolşy ýaly, däbe görä, hökümdary dünýä inderen ene hökmünde ejesine ýokary dereje berlipdir.
Haçanda gelniniň kakasynyň kazyçylyk eden Soňçyň şäheriniň soňky kazysy bu gürrüňi eşideninde, şol şäherdäki Gun düşläp geçen garbanyş hanasyna «Ýazgydyňy aýdýan garbanyşhana» diýen ady dakyp, ony girelgäniň ýokarsyndan asmaklygy buýrupdyr.
Hytaý dilinden terjime eden M. GELENOWA

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.