Juda ezizleşdi uniwersitetim, Ol mähriban öýüm bolup gidipdir.

Iýun agşamy

Tomus maý güllerniň kokun ýaksa-da,
Iýunda uçup ýör maý tomazagy.
Ak agşam şäheriň gündogaryndan,
On dördün dolduran Aý togalagy,
Ökjesin galdyryp maňa seredýär.

Men pikir edýärin: bir ýylam geçdi,
Şunça wagt gatnadym uniwersitete.
Diňledim, okadym, ýazdym, ýolugra
Duýdum pikirlermiň hyň berşini-de.

Az zat öwrenmedim geçen möwritde,
Düşünen zatlarym ondanam köpdür.
Juda ezizleşdi uniwersitetim,
Ol mähriban öýüm bolup gidipdir.

Seýilbagda ýany gara bedreli,
Agaç oturgyçda ençeme ýola
Oturyp oýlandym durmuş hakynda,
Seredip gökdäki serçeli ýola:
– Durmuş neneň gowy, düýşüm bolmasa,
Eger, düýşüm bolsa, neneň gowy düýş.
2 лайков 108 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 16 июн 2023, 21:12
Bilbilim

Içimde bir lal bilbil bar, men onuň
Ýan kätibi, beýançysy dili men.
Hem oňa bossanmy, ýa-da kapasa,
Haýsy jaýlygymy men bilebilmen.

Ol saýraýar, gözünden ýaş paýraýar,
Bu topragyň aşygy ol derwüş deý.
Süňksiz ganatynyň kakuwyn diňläp,
Onuň näzik söýgüsinden ser göçdi.

Bilbiliň owazy jaýyna sygmaz,
Sessiz aýdýar iki dünýäň aýdymyn.
Bilbil meň ýüregim, bilbil meň janym,
Bagt saýýar ol bu Watanyň öýdügin.
Elif
Автор 16 июн 2023, 21:13
Seyitmyrat GELDIYEW
Bowser
16 июн 2023, 23:32
özüň düzdüňmi, gowy bolupdyr