Garrylyk

Ir säher. Imisala howa. Şadyýan guşlar. Asuda tebigat, başagaý adamlar. Golaýyndan geçýän Iki kolhozyň adamlaryna ak ýol dileýän Magtymguly warata. Awtobusa garaşýan mähelle, bu gün çýo to uzak garaşdyrýan, döwründe şaýollary eýeläp ýörän, "Aşgabadyň gözeli" bolan, garrap sandan galansoň ýerini täze nesiller eýelän, soňky günlerini göwnaçyk oba adamlary bilen geçirmek üçin gelen awtobus bolsa gara berenokdy.
Gele-gelmäne mestnyý taksileň çöregini elinden alan "sary garynjalar" bolsa yzly-yzyna geçip dur. Olaryň biri gelip deňimizde durdy. Mündük 4 bolup. Ýanymdakylary tanamok. Bilşime görä biziň bäşimizem bir-birimizi ilkinji gezek görýäs. Muny näme üçin çintgäp aýdýaryn? Wakaň dowamynda temada bolaryňyz ýaly.
Adatça hökümet takside gideniňizde esasy gürrüň bir temada bolýar. Içindäkileriň biri öňem 77 taksiçiden soran zadyny soraýar:
-Günüňe näçe tabşyrmaly?
-Aý pylança...
-(Edil birinji gezek eşidýän ýaly) Waý wu, onsoň tapyp bolýamy şony, arada bir, iki sanysy taşlapmyşynam diýdiler, üstesine zapçasynam özüň almalymyşyň, awariýa bolaýsaň dagy mallaryňy sataýmasaň uuuuu.
Boldy gitdi, taksiçi düşýänçäň zeýrenip barýar. Gowuja iş tapylsa geçjegini ýa-da gaty bolmasada türke gitjegini zarynlap gürrüň berýär.
Emma bu münen taksimize hiç kim beýle sorag bermedi. Şoň üçinem şadyýan, anekdot aýdyp ugrady. Şeýle bir gürleýär, bir gürleýär, maşyndakylaryň menden galany gyzyl jylly bolup gyrlyp galdy. Bäh, bu nä boluş, näme üçin hemmäň gülýän zadyna gülkim tutanok, ýüz görüp gülýändir öýtseň (Ýüz görüp gülünýänini bilýänsiňiz, kiçikäň saňa Aşgabatdan oýunjak getirip beren çişik daýzaň bolgusyzja degişmelerine özi bilen deň gülen bolaýýaňa, hälki oýunjak ýadyňa düşüp) hiç kim biri-biri bilen tanyş däl. Menem şunça jan edýän düşünjek, güljek. Bolmasa ýanymdaky gelneje gülen wagty garny gymyldanda menem gymyldap gelip, gidip otyryn. Degişmeleriň käbiri ýadymda galdy, belki Sizem gülersiňiz!
-Bir adamyň içindäki gurçugyny aýyrmak üçin operasiýa edipdirler (Gurçuk şeýdip aýrylýamyka?). Onam ýalňyşyp gurçugy dälde içegesini aýrypdyrlar. Şondan soň ol adam hajathanada iýip-içip ugrapdyr.
Düşündiňizmi? Menem?????
Hemmesem şuňa meňzeşräk gürrüňler, käbirini aýtmagada utanýan.
Ahyryn çydamadym:
-Agam günde näçe manat tabşyrmaly?
Adam mimikasynyň beýle çalt üýtgäýşini, begenip bolmanka gynanyp, Şahruk bol-a zaňňar.
Işleri dyndym yza gaýtmaly. Awtobus dur garaşyp. Mündüm, käşgä münmesedim! Irdenki taksili günümem gowy eken. Giren ýerimde 1 talyp oturan ekeni. Göwresi maňa 2 gelýän talyp gelin ýerinden turup maňa ýer berdi:
-Daýy geçäýiň, bärik.......
Gulagyma otly teplowozyň erbet guguldysy eşidildi. Göz öňümde bolsa Ronaldoň Katardaky göz ýaşlary, kellämde bolsa her-hili pikirler: saýty nähili ösdürmeli, Pegasy nädip öýermeli, Nirvana diplomyny tassyklatdymyka, Mümkin şo zehini bilen näme üçin Kerimhally ýaly meşhur bolup bilenok, Khanture ýeriň tekiz däldigini bilse nähili ýagdaýa düşerkä, Senýorita saýta gelenok ýa durmuşa çykaýdymyka, magazinden gyrlyşyp alyp, soňam satyp bilmedik çilimlerimi DonMaxx-a beräýsemmikäm.....
-Daýy, geçäýiň diýýän bärik...
Özümi edil Armen Jigarkanýan ýaly duýdum. Daýy, daýy, daýy...Garranyňy boýun almagam mertlik ekeni, men boýun alyp bilemokdym. Eddil düýnjigem yzyňdan Aişwariýalar ylgaýardy, bu gün bolsa saňa Kawşariýalar ýer berýär. Otur dost, garrylygyň keýpini gör. Entek 35-em ýaşamadyk garry, geçen doglan güni saýtda uly dabara bilen bellenilip, iň uly tort zakaz edilen, emma bu doglan güni saýtdaky gutlaglarsyz geçen garry.
Şobada awtobusa münüp gelýän klasdaş gyzyma gözüm düşdi. Hormatly ýerimi oňa berdim. Mekdep döwrüni ýatlap gürrüň edip gidensiňiz diýýäňmi, ýokla sag bolam aýtmady, zyýany ýok, jany sag bolsun, belki men garryny tanan däldir...
8 лайков 226 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
17 июн 2023, 17:32
Hemişekiler ýaly hem gyzykly, hem özüne çekiji, pikirlendiriji... ;-)
Venus
17 июн 2023, 21:03
Awtobusa garaşýan mähelle, bu gün çýo to uzak garaşdyrýan, döwründe şaýollary eýeläp ýörän, "Aşgabadyň gözeli" bolan, garrap sandan galansoň ýerini täze nesiller eýelän, soňky günlerini göwnaçyk oba adamlary bilen geçirmek üçin gelen awtobus bolsa gara berenokdy.

Gaty gowy:)
Ahmet
17 июн 2023, 23:51
Oňat ýazylandygyna garamazdan, ýylgyryp bilmedim...
Jeksparro
18 июн 2023, 01:54
Temadan çykaran netijäm: ''Garran soňuň, köpüň gidip azdan galyp, ýatdan çykýaň'' diýildigi öýdýän... ?
Telwas
18 июн 2023, 03:35
Nirvana diplomyny tassyklatdymyka

Salam. Hawa tassykladyp saýlan kärimiň eýesi boldum.
Doglan günüňiz haçan?
Ömrüňiz uzak, janyňyz sag bolsun.
Massimus
Автор 18 июн 2023, 06:07
Nirvana,
Saýlan käriňizde üstünlik arzuw edýärin. Şu aýyň başynda, janyňyz sag bolsun!
Yusup
18 июн 2023, 12:25
duyn biri sms yazya "Garrandygymyzy boyun alaly" diyip ol 87 men 93 ara 6 yash. Yzyna yazdym "Yuzum garrasada galan yerlem 18 yash yaly bokup zynyp dur" diyip. Adam nace garrabersin shondada ozuce garranlygyny boyun alanok