Öz-özüm bilen özümçe söhbetdeşlik (dowamy)

- Özüñi haýsy hem bolsa bir ugurda çür başyna çykan hasap edýärsiñmi?
- Iñ gowy başarýan zadym ýazmak, ýöne onda-da çür başa çykybilmedim. Aslynda-ha çür başa çykmak diýlen zat mümkinem däl. Islendik menzile ýeteniñden soñ ondan añyrda ýene bir menziliñ bardygyny görersiñ. Muny kämillik barada-da aýtmak mümkin.
- Özüñi 3 söz bilen taryp et diýseler...
- Duýgyçyl, romantik, öýkelek
- Eger-de tanyşlaryñdan birine bu soragy bersek...
- Ynjyk diýjeklerini bilýän...synpdaşlarym "ylym uran" diýer...
- Sen göwnüme bolmasa, köp zadyñ otrisatel tarapyny görýänçilerden öýdýän?
- Realist we her dürli ýagdaya taýýarlykly diýsek has dogry bolaýjak ýaly. Mydama serimde bolup biljek iñ ýaramaz ähtimallyk aýlanýar. Men özümi şoña taýýarlaýan.
- Özüñde iñ halamaýan gylygyñ...?
- Öýkelekligimi, dargursaklygymy halamok. Käte hiç zady göwnüne almaýan giñgöwünlileri görsem, " Menem şeýle bolsam bolmaýamy?" diýýän.
- Özgelerde iñ halamaýan gylygyñ...?
- Kişini kemsitmek, ýañsylamak, ýekirmek, elinde bolmaýan zatlar üçin ony tankytlamak.
- Bu ýagdaýa kän duçar bolduñ, şeýle dälmi?!
- Juda.
- Şonda özüñi nähili alyp barýarsyñ?
- Käte näme üçin beýdýändiklerini soraýan, käte aglaýan, käte diñe dymyp içime salmak bilen çäklenýän, käte ýazyp, derdimi ýeñledýän. Öz başyma geleninde-hä şeýle. Ýöne başga birini şeýdenlerini görsem, munuñ nädogrydygyny aýdyp, berk gaýtawul berýän.
- Ýene otrisatel zatlar hakda kän gepleşdik ) Položitellere geçeli. Özüñde iñ halaýan gylygyñ haýsy?
- Akýürekliligim.
- Özgelerde iñ halaýan gylygyñ haýsy?
- Hemaýatkärlik.
- Gamgyn pursatlaryñda gussañy ýeñletmek üçin näme edýärsiñ?
- Meniñ iñ esasy "terapiýam" - ýazmak. Ýazan wagtym durmuş, dünýä togtaýar. Diñe men, pikirlerim we duýgylarym bolup galýarys. Onsoñ ähli gam-gussalarym wagtlaýynça bolsa-da, ähmiýetini ýitirmek bilen bolýar.
- Okamagyñam sende täsiri uludyr-a.
- Elbetde. Täze, gowy şahyra, ýazyja, kitaba gabat gelmek meñ üçin Amerikany açmak. "Bah, beýle-de ýazmak boljak eken-ow" diýip, başymy ýaýkap, gaýta-gaýta okaýaryn. Soñam bu babatda ýakyn joradyr dostlaryma habar bermäge howlugýaryn.
- Neneñsi duýguçyldygyñy bilýärin. Duýgyñy çendenaşa gozgap bilen goşgular...?
- "Hala, söýme, hala, hala klasdaş!"

"Meniñ lellimligmi ýigren ýigrenseñ,
Ýöne yhlasymy syla klasdaş!".

"Ah, läle klasdaş, läle klasdaş!".

Şu goşgyny her okanymda göz owamyñ ýaşdan dolýandygyny bilýärin. Okyjyda şeýle duýgyny döredip bilýän awtor gör, neneñsi bagtly!
"Gaññaly hem otyr öñki ýerinde,
Toraññy hem otyr öñki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinde,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ"

- Seniñ pikriñçe bu goşgy näme üçin okyjyda şol duýgyny oýaryp bilýär?
- Men bularyñ ynsanda şeýle duýgyny oýarýandygyny hakykatda başdan geçirlen duýgularyñ kagyz ýüzüne çitilendiginden görýärin.
- Sen we romantika...
- Romantika elmydama aşyk. Tä çagalygymda gören hindi kinolarymdan başlap, söýgi romanlaryny okap ýören häzirki günlerime deñiç. Oña ýasamalyk, suwjuklyk hökmünde garaýan adamlaryñ barlygy birahat edýär. Ynsan nädip söýgüsini duýdurmagy suwjuklyk saýyp biler?!
- Ýadyñda galan iñ romantiki sözler...
- Tolstoýyñ "Anna Kareninasynda" Öz şäherine gaýdýan otla müneninde oña aşyk Wronskiýniñ hem şol otludadygyny gören Annanyñ "Siz nirä barýarsyñyz?" soragyna Wronskiýniñ beren jogaby:
"Men siz nirde bolsañyz şol ýere hem barýaryn. Men başgaça bolup bilmeýärin".
Ýa-da türk dilindäki "Aşk-ı Memnu" teleserialynda söýgülisiniñ özge gyza öýlenýänligi sebäpli öz janyna kast etjek bolup duran Bihteriñ: "Ol ölmesin diýip meni öldürýärsiñ. Meni...meni...Bihteriñi" sözleri...
- Azajyk fantastik sorag bereýin. Täzeden dünýä inseñ , jynsyýetiñi özüñ saýlamak mümkinçiligi berilse, erkek kişi bolup ýaradylmagy saýlarmydyñ?
- Eger umumylykda iki ömür ýaşamak hukugym bolsa ikisinde-de zenan bolmagy saýlardym. Zenan tebigatyna haýran men. Mylaýymlyk, ýukaýüreklik, näziklik...Belki dört ömür ýaşamak hukugym bolsa dördünjisinde saýlap bilerdim erkek kişi bolup ýaradylmagy. Oñam sebäbi diñe bilesigelijiligim bolardy.
- Aýdylmaly söz kän ýaly. Ýöne gerekli ýerinde nokat goýmagy başarmaly...Söhbetdeşlik üçin minnetdar, Mahym!
- Saña-da Mahym! :)
3 лайков 165 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
backsp
10 июл 2023, 20:38
şeýdip özüňi öwäýseňäý.. aý onam başarmak gerekdä
Harmony
10 июл 2023, 22:06
Düýnki edebiýat agşamdan mowzuk taýynlaýyň öňküleriňiz ýaly...
DonMaxx
11 июл 2023, 02:56
mantaž gerek dal jan dogan mantaž gerek dal dine ozinden gidyancäñ owunmek gerek

@aykadiamond tiktok