MEN OÝKELEDIM

Men öýkeledim,
Sen ilkinji gezek, "Söýýän" diýeňde.
Men öýkeledim,
Üstüme ýagyş deý mähir guýaňda.

Men öýkeledim,
Halym günde soranyňda,
Ýaman gözden goranyňda,
Mylakatly garanyňda,
Döwük kalby saranyňda,
Bagt nyşanlap ýöräniňde,
Öýkeledim.

Ynha-da baryja näz eden bolşum,
Bildirýärdim söýýänimi öýkeläp.
Senem bilip göwne alman öýkämi,
Diýerdiň, degişip:"Geljekki öýdäki,
Bagta ýetmeli biz öýkeleşmäli!"
Ana, şeýdip oýna ýazyp ählisin,
Gereksiz öýkeleň barysyn çekdiň,
Ýöne, näme, ahyrsoňy, eý ýigit!
Maňlaýa ýazylan bagt bolup çykdyň.

Uzuk NOWRUZOWA
6 лайков 172 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
12 июл 2023, 19:54
Senem bilip göwne alman öýkämi,
Diýerdiň, deckin:Geljekki öýdäki,

Öýdäki- şu söz bn ylalaşmadym galan ýerini haladym...

Öýdäki- biwepalyk edýän kişiniñ aýdýan sözi.

Işdäkim, meýdandakym, gezelençdäkkm, öýdäkim, şäherdäkim, obadakym, çöldäkim garaz däkisi kändä
YKBAL
Автор 12 июл 2023, 20:38
Remezan,
Her kimiň öz garaýşy bar bu söze bolup biler. Men-ä onuň ýaly garamok
ajy
12 июл 2023, 21:11
Oykeleme gyz:)
Massimus
13 июл 2023, 07:23
Öýdäki gaty bir erbet sözem dälmikä diýýän
YKBAL
Автор 13 июл 2023, 09:45
garaburc,
Ýok oýkelämok-la. Herkimin öz garaýşy bolup biler?