***

Gurban etdim gijelermi hasrata,
Gözlerimi ýaşa pida etdim men.
Gülkülermi arzan satyp durmuşa,
Öz-özümi şeýdip geda etdim men.

Ýok, ýanmadym ýanmak üçin ot gerek,
Demirgazykdanam tenim sowukdyr.
Kelläm kerep ýaly günler ot-elek,
Aýna dek arzuwlam döwük-döwükdir.

Parçalanan zatlar düzelmeýärler,
Hökümin ýöredip bilmez ýelimem.
Ýagyş söýmeyänler ezilmeýärler,
Men ýagyş-ýagmyry söýýän ölemen.

Basyrgandym, usurgandym huşumda,
Düýşümde-de goh-galmagal zenzele.
Başyň dumanlanyp juwan ýaşyňda,
Elhenç eken, gezip ýörseň seňseläp.

Uzuk Nowruzowa
5 лайков 61 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.