*****
Amerikaly gyzjagazyň kakasy bilen gürrüňdeşligi
- kaka, biz näme üçin Yraga çozduk?
- sebäbi olarda dünýä howp salýan ýaderni bombasy bar gyzym.
-ýöne BMG-nyň barlagçylary olardan hiç hili ýarag tapmadylara?
-sebäbi yraklylar ony gaty berk gizläpdirler gyzym.
- şoň üçin biz olara çozdukmy?
- hawa, sebäbi esgerler we raketalar barlagçylardan gowy işleýärler.
- ýöne esgerlerem hiç zat tapmadylar gerek?
- bu ol ýaragyň ykham gizlenenligi üçin gyzym, ýöne biz barybir birzatjyklar taparys hökman.
- Yraga o ýarag näme üçin gerek bolduka?
- uruşda ulanmak üçin samsyjagym
- onda näme üçin o ýaragy biz çozamyzda ulanmadylarka?
- aý olar o ýaragy hiç kim bilmez ýaly gizläp goýupdyrlar... Şony goramak üçinem müňläp ölenlerini gowy gördüler.
- ýöne bu sam.syklyk ahyry beýle ýarag bolubam uruşda ulanmazlyk.
- olaň düşünjesi başga gyzym.
- seni bilemok ýöne menä şolarda ýarag barlygyna ynanamok.
- olarda ýarag bar-ýoklugy möhüm däl gyzym, olaryň patyşasy Saddam Hüseýin erbet zalym adam. Şol sebäplem biz olara çozduk.
- patyşasy erbet bolsa biz şol ýurda çozup bilýärismi?
- hawa, sebäp biz halky azat etmeli.
- Koreýaň, Päkistanyň patyşalaram zalyma kaka?
- olar bilen Yragy deňeme gyzym, ol ýurtlarda ABŞ-nyň ençeme kompaniýalary pul gazanýar.
- diýmek, eger ýurtda adamlar kösense-de, emma amerikan kompaniýalaryna girdeji gelip dursa hiçmi?
- hawa gyzym
- Hytaýyň halkam garyp ýaşaýara...
- Hytaý biz bilen söwdalaşykda, olar gowy Yrak gowy däl. Hytaýda kommunistler bar Yrakda baaslar.
- sen hemişe kommunist erbet diýýädiň kaka?
- Kubadaky kommunistler erbet gyzym. Hytaýdakylar gowy, onsoňam Saddam patyşalygy basyp almak bilen gazandy. Ony halk saýlamady.
- onda Päkistanyň patyşasam basyp alda?
- sen general Muşarraf diýjek bolýanmy? Ol biziň dostumyz.
- Olam hökümdarlygy basyp alda?
- alsa-da ol biziň dostumyz. Ol bize Owganystana çozmaga kömekleşdi
- biz owgana näme üçin çozduk?
- 11 -nji sentýabrda 15 sany Saud arabystanly üç sany samolýot ogurlap biziň şähermizi ýaryp 3000 sany amerikan öldi.
- owganyň bärde günäsi näme?
- günäsi şol araplar Owganda talibanlaň elinde taýýarlyk gören.
- taliban diýýäniň ogurlyk üçin adamyň elini kesýän zalymlarmy?
- hawa
- 2001-de Buş şolara 43 mln pul berdi dälmi?
- hawa, bu olara narkotik ýoklamakda eden kömekleri üçin baýrak
- olar näme kömek etdiler?
- tirýekde tutulanlaň elini kesdiler...şeýdibem tirýek ekýän azaldy
- el kesýän talibanlar zalym diýdiňä?
- bazardan çörek ýa iýmit ogurlan garybyň elini kesýän talibanlar zalym. Tirýek üçin kesýänler zalym däl.
- ol araplara erbetlik öwreden kimka?
- zalym Usame Ben Laden
- olam owganmy?
- ýok, olam Saud Arabystanly, ýöne ol zalym gaty erbet adam
- ol öňler biziň dostumyzdy dälmi?
- hawa, biz mojahetlere sowetleri owgandan kowmagyna kömek edemizde dostumyzdy
- sowetler kim, olar biziň dostumyzmy?
- olar oruslar, olar biziň çalarak dostumyzdy, ýöne biz yraga çozamyzda olar bizi goldaman göwnümize degdiler.
- diýmek biz bilen urşa gitmeýänler biziň dostlugymyzdan çykýar, bize kömekleşýänlerem dostumyz bolýarmy?
- hawa, ýöne biz uruşýan iki tarapa-da ýarag we tehnika satyp bilsek ol hasam gowy.
- näme üçin?
- sebäbi biziň ekonomikamyz uruş edip ýarag satyp baýamakdan ybarat. A kim urşa garşy bolsa, onda ol antiamerikan Hudaýsyz kommunistdir. Sebäbi Hudaý biziň tarapymyzda.
- nädip Hudaý biziň tarapymyzda kaka?
- sebäbi Jorj Buş kellesinde Hudaýyň sesini eşidýär we bize ýetirýär, düşündiňmi?
- hawa, Buşuň kellesindäki sesem Yraga çoz diýeni üçin biz çozduk.
- berekella gyzym ahyry düşündiň. Indi bolsa gzüňi ýumda ukla, ertir okuwa gitmeli. Gijäň rahat bolsun!
Ertiriň arhiwinden. Awtory: @hawa osom

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.