Hemmämiz bir sortdan
Bir mal bakýanyň oglunyň öýlenmeli wagty bolup gidipdir, şonuň ýalyda
ýene bir mal bakýanyň gyzynyň çykmaly wagty bolup gidipdir.Bu ikisi uzak garyndaş
bolup herisi bir obadan bolupdyr.Atalary biri-birini tanasalarda oglan
bilen gyz biri-birine dogry gelmändir.Olar nätanyş bolupdyr.
Özüňiz bilýäňiz, mal bakýanlar malyny taşlap gidip bilmeýärler.
Toý-märäkä, şähere az barýarlar. Olaryň dynç alýan wagtlary, haçan mal otlagda
garnyny doýyryp gäwüşäp ýatan wagty.
Oglan bolsa örän sada bolupdyr.Çopançylyk onuň aňyny alyp, özüni kütek edip
taşlapdyr. Onuň özüniň gyz bilen tanyşyp öýlenmäne mejaly bolmandyr.
Emma wagt bolup gidipdir. Malyň yzynda şol kime öýlensemkäm diýip kelle
döwüp ýöräpdir. Obanyň tanyş gyzlaryny, klasdaşlarny göz öňünde aýlap
görüpdir. Görse bu göz aýlanlarynyň içinden biride oňa howwa diýjegi bolmandyr.
Wagtal-wagtal ony gara basmarlapdyr. Sallah galsam näme ederin diýip
gorkupdyr. Obada bolsa sallah galanam, çykyp bilmän galanam ýeterlik bolupdyr.
Olaryň arasyna goşulmakdan gorkan çopan ýigit malyň yzynda ýere seredip
gama batyp otyryp galypdyr. Mallar bolsa onuň bu ahmallygyndan ýerlikli
peýdalanypdyr. Gaçyp gidip özgäniň ekinini paýhanlapdyrlar. Bu ekiniň eýeleri
bolsa, çopana gargynypdyrlar.
Oglunyň gözgyny halyny enesi bilip otyran eken. Emma ony öýlendirmegiň
amatly pursady hiç gelmändir.Birde ol bolupdyr, birde bu. Indi ýöne seretse
ýagdaý gaty agyrlaşypdyr. Şundan soň ýigidiň enesi onuň atasy bilen dogry
otyryp sözleşmäniň wagty boldy diýen karara gelip, günortan çaý wagty äriniň
maňlaýyna geçip, bu ýerde ikisinden başga hiç kim bolmasada, yrymçy bolany üçin,
hiç kim düşünmesin diýip, hatda arwahlar hem, burnuna salyp ärine hoňňurdanypdyr.
-Öýde ýeke toýnagam galmasyn emma ogluňy öýlendir diýipdir.
Äri bolsa, bolýar diýen manyda kellesini yralapdyr. Şeýdip bu ikisiniň
etjek işini, bu ýerlerde ygyp ýören şeýtanam bilmän galypdyr. Ýogsa onuň
hemme käbir zatlary bu öýden tamasy bar bar eken.
Gün ýaşyp garaňky aralaşyp başlan wagty oglanyň atasy täze duran gaba telpegini
geýipdir. Enesi bolsa düwünde duran täze öýmesini kelleine atypdyr.Ýenede
bar bolan, emma köp wagtdan bäri hiç ýere geýilmedik täze geýimlerini geýip,bular
gaýra tarap ýol alypdyr. Olar gaýraky oba gudaçylyga barýan bolupdyr. Bu ikisi
ol oba giren ýeriňde bar bolan dükandan bir kile peçine bilen bir kile süýjini
satyn alyp, dogry gyzy bar bolan garyndaşynyňka gelipdirler. Bu wagt garaňky
mazaly aralaşan bolup, öý eýeleri jaýa girip, ýaňy agşam nahary orta alan
bolupdyr. Itleri bolsa bu ikisinden habar alypdyr. Ol bu ikisine üýrüp adam
gelendigini eýesine habar beripdir. Öýden bolsa, olara gelin bolmaly uly gyz
ylgap daş çykypdyr we olara gel-geç edipdir. Öý eýeleri bolsa iki sany gartaşan
är-aýal bolup, bu ikisi öň aýdyşymyz ýaly gudaçylyga baranlara uzak garyndaş
bolupdyr.
Gyzyň atasy sada bolsada enesi köpbilmiş bolupdyr. Onuň ýüregi syzyp durypdyp.
Ýa şu gün ýada ertir gyzyna gudaçyçylyga gelinjegi. Özäm şol uzak
garyndaşynyň. Aýdyşy ýaly hem bolupdyr.Ynha guda boljaklar. Ikisi iki ýerden
sülmüräp otyrlar gorkunjyndan. Gyzy berermikä ýa bermezmikä?.Berse näçe diýerkä?
Teýinden çykyp biläýsek ne ýagşy diýip öz ýanyndan oýlanýarlar.
Orta çaý geldi, nahar geldi. Özäm şulara gelin bolmaly gyz hyzmat edip dur.
Hereket edişi çakgan diýip oýlandy, bolmaly gaýyn enesi.
Biraz ondan-mundan gepleşip otyrdylar.Onsoň arzyňy aýytmaly wagt geldi. Oglanyň
atasy:
-Aý, nemele, şu garyndaşlyk yzlap geldik. Öňem garyndaşdyk welin. Onsoň ýigidimiz,
siziň gyzyňyza aşyk bolupdyr.Bulary birikdireli diýdik.
Gyzyň atasy bolýar diýýän manyda kellesini yralapdyr. Onsoň:
-Aňrymyza seretseň hemmämiz bir sortdan. Sizden gowa berdikmi? Ýöne ynha,
yrym-yrym, ýom-ýom. Iliň edýänini etmeli bolarsyňsyňyz!
Onda oglanyň enes ýuwmarlapdyr:
-Eýsem näme gudajan. Depseň derpenmez döwletimiz bar. Aýdyp otyryň bermelisini.
Şeýdip ýarym sagat jedelden soň gyzyň kesamaty hem kesilipdir. Indi diňe ýigit
bilen gyz özara duşuşdyryp olaryň sözüni eşitmek galypdyr.
Bu ikisi bolsa ertesi duşypdyrlar. Şäher bazarynda. Hem bazar aýlanypdyrlar
hemem biri-birini tanapdyrlar. Ýigit gyzy görüp, onuň horlygyndan gorkup
gidipdirde şu sowaly beripdir:
-Kiçijik wagtyň rahit bilen keselläýipsiň öýüdýän diýipdir.
Gyz bolsa özüniň asly ejizdigini ýuwmarlap şeýle diýipdir:
- Ýok. Ýok. Sortymyz şeýle. Kakam hem ejem ýaly ejiz. Olara garap men hem ejiz
diýip jogap beridir. Olar başgada köp zady gepleşipdirler we bu geplerden söň
her kim öz ykbalyny tapandygyna düşünipdir. Ikisi hem duşyşykdan mes bolup,
öýlerine gelipdir. Oglanyň enesi oglundan sorapdyr:
-Howa, oglum näme diýýäň. Ogly gülüp:
-Boljak ýalyla özi diýipdir.
Gyzyň enesi gyzyndan sorapdyr:
-Nämme diýýäň?. Soň wagt geçip maňa horkuldap ýörme!
Gyz enesine ýylgyryp:
-Ene öz sortmyzdyrda, oňuşaryn diýipdir.
Şundan soň uzak geçmän bu ikisiniň toýy bolupdyr. Indi ýigit hem gyz hem uly
aladadan dynypdyrlar. Olaryň ýüzüne gülki gelipdir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.