Caklamalar
Köp gezek çaklama edip, köp gezek hem begenensiňiz, çaklamaňyz dogry çykan bolsa.
Çaklamany dürli wakalar üçin, dürli netijeler we hadysalar üçin ulanansyňyz.
Şunyň bilen birlikde, çaklamany häli ulanyp bilmedik ýeriňiz hem bolandyr.
Çaklamany gadymy adamlar bize garanda has köp ulanypdyr. Dürli hili apparatlaryň
tehnikalaryň, ölçeg gurallarynyň ýüze çykmagy adamzadyň çaklamany az ulanmagyna
getirdi, çünki bu gurallaryň köpüsi çaklamalar bilen işlemäýär.
Şu ýerde ýeri gelende, köp ylmy açyşlar hem çaklamalryň esasynda
açylandygyny aýytmak ýerlikli bolsa gerek.
Biz hem çaklama arkaly ylmy işiň esasyny goýjak bolup çytalaşalyň.Mysal üçin,
Günüň Ýeriň daşyndan aýlanyşyny. Munyň üçin, entek Gün dogmanka irden meýdana
çykalyň we ýüzümizi gunorta tarap tutyp duralyň. Indi Günüň haýsy tarapdan
çykjakdygyna garaşalyň. Gün biziň çep egnimizden, ýagny gündogardan gyzyl şapak
bolup dogar we asmana galyp başlar. Asmana galan Gün kem-kemden günorta
tarap gaýyp bize ýakynlaşar we sagat 12-1 aralygynda çür asmanda durar. Bu wagt ol
gündogar bilen günortanyň ortarasynda bolar, onsoň ýene hereket etmegini dowam edip
günbatara tarap geçer. Indi Gün aşaklaýan ýaly bolup görüner. Haçan ol ýaşmana
az galanda, Gün hakykatdanam Ýeriň gutarýan ýerinde, onuň aşagyna düşýän ýaly
bolup görüner.Indi Gün Ýeriň teýinde biziň çaklamayza görä. Ol gijesi bilen hereket
edip, ertir irden ýene şapak berip dogup başlar. Şeýdip biz Günüň Ýeriň daşyndan
aýlanýan halatyna göz ýetirdik we ylmy açyşyň esasyny goýduk çaklama esasynda.
Günüň Ýeriň daşyndan aýlanýandygyna göz ýetirmek kyn däl bolup çykdy. Emma şujagaz
ýönekeý göz ýetirmäni ullakan bir ylmy iş diýip subut edýänleri görüň!
Olar bu halatda özlerini göz-göz edip, bizi bolsa hiç zat bilmeýänä çykarýarlar.
Ýogsa üçburçlugy çyzmakda näme kynçylyk bar. Mal bakýan çopanlar hem üçburçlygy,
töweregi, dörtburçlygy çyzyp oýun oýnap ýörler. Olar Pifagoryň adyny hem
bilmeýärler. Üçburçlygy bolsa hamala Pifagor oýlap tapan.
Ýa bolmasa, ylaýdan jaý galdyrýan ussalar. Olar hem öz gezeginde geometriýany
bilmeýärler.Emma şuňa garamazdan geometriýanyň we matemaeikanyň kanunlaryna
esasalanýan jaýlary gurýarlar.
Bularyň hemmesi çaklamalaryň esasynda edilýär.Çaklama entek subut edilmedik
zat. Ol entek durmuşda ýok. Çaklamalar adam kellesinde ýaşaýarlar uzak
wagtlap. Olaryň köpüsi amala aşmaýar.Şuňa garamazdan çaklamalary aýydýan
adamlaryň köpüsi alym diýip yglan edilýär. Çaklamalar şu wagt aýdylyp, kanun
görnüşinde giç kabul edilmegi mümkin.
Ýeri gelende aýytsam özüm çaklamalary gowy görýärin we indiki çykyşlarymda
çaklamalarymyň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirmegim mümkin. Bu elbetde, gyzykly
bolardy öýüdýän. Näme üçin şu wagt aýytmaýaňyz diýmegiňiz mümkin. Örän adalatly
sorag. Jogaby bolsa şeýle.
Käbir çaklamalar öz gezeginde kanunlara meňzeş bolýar. Kanunlar adam durmuşyny
haýsam bolsa bir tarapa itekleýär. Çaklamalar hem adam durmuşyny üýütgetmäne
ukyply. Şu ýagdaýy nazarda tutyp çaklamalary aňsatlyk bilen ýaýradyp bolmaýar.
Çaklamary eşitmek üçin iki tarap hem taýyn bolmaly. Çaklamany aýydýan adam hem
we çaklamany eşidýän adam hem. Meniň pikirimçe siziň köpüňiz çaklamany
eşitmäne taýyn adamlar däl, ütesine çaklamany goldamana hem. Haçan çaklamany
eşitmäne taýyndygyňyzy duýsam şol wagt aýydaryn diýip umyt edýärin.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.